Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet641/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   637   638   639   640   641   642   643   644   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Ugra barmak ugrukmak, ýola düşmek.Aý, 
ugra baryp-barman näme, ol öz elimizdäki zat (H. 
Derýaýew). Ugruna bolmak şowuna düşmek, şowly 
bolmak, arzuw-maksadyň ýerine ýetmek. Meniňki 


398 
ugruna boldy. Ugruna bolsun! bir işi başlan adama, 
bir iş bilen ugran adama edilýän ýagşy dileg. 
Ugrunaçykmak biriniň ýa-da bir zadyň aladasyny 
etmek, gözleginde bolmak, soramak, agtarmak. – Biz 
şu işiň ugruna çykmasak, başga kim çyksyn? – diýip 
goýmady (

Görogly

). Ugruna goýbermek edenine 
däl diýmezlik, towugyna tok diýmezlik, hiç zat 
diýmezlik. Kakasy ogluna zat diýmän, ugruna 
goýberipdir. Ugruna kowmak ser. Ugruna sürmek 
Bu örän owadan, owadanyň-da owadany diýip, onuň 
ugruma kowmagy meni has hem götergiledi. Ugruna 
sürmek özi bilen ugurdaş gopmak, göwnünden 
turaýjak sözler aýtmak. Her näme-de bolsa, Hoşgeldi 
ony ugruna sürdi (A. Gowşudow). Ugruna 
ýykylmak haýsy hem bolsa bir zady ýerine ýetirmek 
üçin 
jan 
etmek, 
ymtylmak. 
Oglanlar 
başardyklaryndan aýdym-sazyň ugruna ýykylýarlar 
(

Türkmenistan

). Ugrundan turmak ser. Ugruny 
tapmak 2. Kuly onuň ugrundan turýardy (A. 
Durdyýew). Ugruny belertmek bir zadyň nähili 
edilýändigini az-kem anyklamak. Ugruny belertseň 
bolýar, işiň galanyny özümiz oňararys.Ugruny 
tapmak 1) bir zadyň tärini, ýagdaýyny, syryny 
bilmek; bir zady oňaryp, bejerip bilmek. Heý, 
galmagyň ugry tapylmazmyka? Ol derrew ugruny 
tapdy-da, maşyny işlediberdi. 2) biriniň göwnünden 
turmak, biri bilen umumy dil tapmak. 

Nähili ýol 
bilen ugruny taparkam?

diýip, ol howlugýardy (B. 
Gulow). Ugruň bolmazlyk 1) saglygyň peselmek, 
ýaramazlaşmak. Meniň şu gün ugrum bolmady (B. 
Pürliýew). 2) keýpiň bolmazlyk, gyzyklanmazlyk. 
Keljäniň bolsa aýdym bilen, goşgy bilen ugry 
bolmazdy (A. Gowşudow). Ugruňy ýitirmek etjegiňi 
bilmezlik, aljyramak, özüňi ýitirmek, ugruň gaçmak. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   637   638   639   640   641   642   643   644   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling