Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet642/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   638   639   640   641   642   643   644   645   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Ugruňyz ugur alsyn! okuw, iş, söwda giden adamyň 
işiniň rowaç almagy arzuw edilip, onuň sag-aman 
dolanyp gelmegi üçin edilýän ýagşy dileg. Ugry bar 
bolmak aýdylýan, diýilýän zadyň dogry bolaýmagy 
mümkin bolmak, dogry çykmak, edilýän gürrüňiň 
jany bar bolmak, delile dogry gelmek. Dogry, siziň 
aýdanyňyzyň hem ugry bar. Ugry gaçmak 1) saglygy 
peselmek, ýaramazlaşmak, tapdan düşmek. Syrkawyň 
gün-günden ugry gaçýar.2) keýpiň bozulmak, 
göwünli-göwünsiz ýagdaýa düşmek. Oňa bir ýumuş 
buýursaň ugry gaçýar. Ugry ýok 1) öňküligi 
bolmazlyk. Onuň iş bilen ugry ýok.2) hal-ýagdaýy 
gowy dällik. Ugur alla etmekbir işi bolşuna görä 
etmek, öz akymyna goýbermek. Ugur almak ser. 
Ugruna bolmak. Ýöne welin iň ilki onuň özüni 
çagyryp getirsek, şonda iş örän ýagşy ugur alardy 
(N. Saryhanow). Ugur haýyr bol-a! (bolsun!) Nirä 
barýanlygy soralmak arkaly ugran ugruňda haýyr gör 
diýlen manydaky dileg. Myrat olary görüp: 

Ýeri 
dostlar, ugur haýyr bol-a!

 diýdi (N. Pomma).
UGURDAŞ [uğurdoş], syp.1. Bir ugurda 
ýerleşýän, bir ugurda; bir ugur boýunça gidýän. 
Ugurdaş ýoldaş ýok, bir ýeke özi, Käte yza garap, 
alardýar gözi (A. Kekilow). 2. Çalymdaş, biri-biri 
bilen utgaşykly, kybapdaş. 
UGURDAŞLYK [uğurdoşluk], at. Bir ugurlylyk, 
ugry birlik, bir ugurdan bolmaklyk. Ýolumyzyň 
ugurdaşlygy gowy boldy. 
UGUR-DEREK [uğur-derek], at, ser. Ugur-
utga.Onuň gürrüňiniň ugur-deregi ýokdur. 
UGURLAŞMA [uğurloşmo], iş ady. Ugurlaşmak 
ýagdaýy. 
UGURLAŞMAK [uğurloşmok], işl. Bir mesele, 
söwda we ş.m. barada bir pikire gelmek, ylalaşmak, 
oňuşmak. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   638   639   640   641   642   643   644   645   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling