UÇGANAKLAMAKLYK [uçğonoklomokluk],
iş ady. Uçganaklamak ýagdaýy.
UÇGANAKLAMAZLYK [uçğonoklomozluk],
iş ady. Uçganaklap durmazlyk.
UÇGANAKLAŞMAK [uçğnokloşmok], işl.
Uçganaklap gaýmalaşmak. Daşarda gar bölejikleri
uçganaklaşýardy.
UÇGANAKLAÝYŞ [uçğonokloýuş], iş ady.
Uçganaklamak ýagdaýy.
UÇGUN [uçğun], at. Ýanýan otdan ýalpyldap,
syçrap gidýän owunjak ot bölejikleri. Körükden
çykýan ýeliň zarbyna reňki öçügsi mele uçgunlar
şöhlelenip, uçuşyp başlady (B. Seýtäkow).
Uçgun bolup ýapyşmak janyňa degmek,
ganyňy gyzdyrmak. Murtuň soňky soragy Möjege
uçgun bolup ýapyşdy (N. Pomma).
UÇGUR [uçğur] I, at. Balagyň çermeginiň
içinden geçirilip daňylýan ýörite örülen bag; ýüp.
Uçguryňy oňarmazlyk öz başyňy özüň çarap
bilmezlik, gowşaklyk, lellimlik. Uçguryny oňaranok
weli,
Gurban, Gurban!
diýip janymy alýar (A.
Durdyýew).
UÇGUR [uçğur] II, syp. Oňat uçýan, gaty uçýan,
çalt uçýan. Şol pursatda asmanda kiçi hilli uçgur
uçaryň sesi peýda boldy (B. Gurbanow).
UÇ-GYRAKSYZ [u:ç-ğyraksyz], syp., ser.
Uçsuz-gyraksyz. Uç-gyraksyz bolýar ýaşlyk hyýaly
(A. Kekilow). Uç-gyraksyz sährada-da onuň şaňlap
duran tamam bar, aýdym-saz edip duran radiosam
(A. Nazarow).
UÇKY [u:çky], hal. Ýerleşişi, duran ýeri boýunça
bir uçdaky, gyradaky, çetdäki, gyraky, çetki.
UÇLAK [u:şlok], syp. Ujy ýiti, ýiti uzyn uçly.
Uçlak pyçak.
UÇLAMA [u:şlomo], iş ady. Uçlamak ýagdaýy.
UÇLAMAK [u:şlomok], işl. 1. Gaýnap duran
pileden uç almak, ýüpegiň ujuny almak, ujuny
tapmak. 20 put uçlamagyň deregine 40 put pile
uçlapdyr. 2. Bir zadyň ujuny ellemek, ujundan
tutmak. Aksakgal sakgalyny uçlady.
Do'stlaringiz bilan baham: |