Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


UGRADYŞMAK [ugroduşmok], işl. Ugratmaga  kömekleşmek ; bilelikde ugratmak. Myhmanlary  ugradyşmak


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet640/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   636   637   638   639   640   641   642   643   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

UGRADYŞMAK [ugroduşmok], işl. Ugratmaga 
kömekleşmek ; bilelikde ugratmak. Myhmanlary 
ugradyşmak. 
UGRALMAK [uğrolmok], işl. Bir ugra hereket 
edip başlamak. Pellehanadan deň ugralypdy. 
Meýdanlara suw goýberilip ugraldy. 
UGRAMA [uğromo],iş ady. Ugramak ýagdaýy. 
UGRAMAK [uğromok], işl. Ýola düşmek, bir 
ýana rowana bolmak, gitmek, ýönelmek. Haýal 
etmeli däl, derrew ugramaly! - diýen sesler eşidildi 
(H. Derýaýew). Bu gün hem gaýgyly, hem şadyýan 
men, Uzak hem şöhratly ýola ugraýan (H. Kulyýew). 
UGRAMAKLYK [uğromokluk],iş ady. Ugramak 
ýagdaýy. 
UGRAMAZLYK 
[uğromozluk], 
iş 
ady. 
Ugramak hereketini etmezlik, ýola düşmezlik. 
UGRAŞMAK [uğroşmok], işl. Birnaçe bolup 
ýola düşmek, gidip başlamak.  
UGRATMAK [uğrotmok], işl. Kimdir birini ýa-
da bir zady ýola salmak, bir ýana ibermek. Öwez 
oglum zynhar şerap içmesin! – diýip, tabşyryp 
ugratdy (

Görogly

). 
UGRAÝYŞ [uğroýuş] I, II, iş ady. Ugramak 
ýagdaýy. 
UGRUBIR [uğruvi:r], hal. Derrew, ýüzüniň 
ugruna, şol bada. Bar, ugrubir atyň eýer-esbabyny 
getir! (B. Kerbabaýew).
UGRUGYŞ [uğruğuş], iş ady. Ugrukmak 
ýagdaýy. 
UGRUKDYRMAK [uğrukdurmok], işl. 1. Belli 
bir tarapa, ugra gönükdirmek. Goja olaram şol 
tarapa ugrukdyrdy. 2. Iş-güýji we ş.m. ýola 
düşürmek, amala aşar ýaly etmek.
UGRUKDYRYJY [uğrukdurujy], at. Ýol 
görkeziji, dogry ýola gönükdiriji. 
UGRUKDYRYLMAK [uğrukdurulmok], işl. Iş-
güýç we ş.m. zatlar ýola salynmak, gönükdirilmek. 
Ol duşuşyklaryň hersi bir maksada ugrukdyrylýar 
(

Edebiýat we sungat

). 
UGRUKMA [uğrukmo], iş ady. Ugrukmak 
ýagdaýy. 
UGRUKMAK[uğrukmok], işl.1. Belli bir ugra
tarapa gönükmek, dogrulanmak, ýola düşmek. Goja 
olaram şol tarapa ugrukdyrdy (G. Kulyýew). 2. Ugra 
barmak, ýola düşmek, başa barmak, ugrugyp gitmek. 
UGRUKMAKLYK [uğrukmokluk], iş ady. 
Ugrukmak ýagdaýy. 
UGRUNDA[uğrunno],

Barada, 
üçin

ýaly 
manylary aňladýan sözsoňy kömekçi. Öňdeligi elden 
bermezlik ugrunda çalyşýarys. Olar hemişe halkyň 
bähbidi ugrunda alada edýärler. 
UGUÇ [u:ğu:ç], at. Göç wagtynda uklaryň uçlary 
döwülmez ýaly geýdirilýän seçekli, çitme ýa-da 
öýdüme bilen owunjak nagyşlar salnyp dokalýan 
torba. 
UGUJY [u:ğu:jy], at. Nagşyň bir görnüşiniň ady. 
UGUR [uğur] Iat1. Uzalyp gidýän zadyň tutuş 
boýy, boýdan-başa uzynlygy. 2. Gidilýän ýol, tarap. 
Barýan ugruňa belet bolmasaň, ýoly-ýodany, ilerini-
gaýrany seljermek-de aňsat däl diýip oýlanýardy (B. 
Kerbabaýew). 3. Hojalygyň belli bir pudagy. 4
Garyndaşlyk topary, tarapy. Ol biziň daýy ugrumyz 
bolmaly (N. Pomma). 5. Jemgyýetçilik-ylmy 
akymlaryň belli bir pudagy. Nähili kitaplar onuň 
okaýany, Bary bir ugurdan, emma kän sany (A. 
Kekilow). 6. Keýp, maza (çaý hakynda); bir zadyň 
netijesi, deregi; hil taýdan göwne makullygy. 
Kemter atsaň ugry bolmaz, Köp atsaň hem dogry 
bolmaz (K. Gurbannepesow). Bu çaklamamyzyň ugry 
bolmady. 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   636   637   638   639   640   641   642   643   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling