Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TUTULMAK [tutulmok], işl. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet631/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   627   628   629   630   631   632   633   634   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TUTULMAK [tutulmok], işl. 1. El bilen 
saklanmak. 2. Ele salynmak; azatlykdan mahrum 
edilmek. 3. Gurulmak, salynmak. Demir ýoluň 
boýunda bir wagtky iki-üç sany daşdan tutulan tam 
bardy.4. Öňi örtülmek, baglanmak. 
TUTUM, at. 1. Bir zada görülýän taýýarlyk, bir 
zat üçin edilýän alada. 2. Sygym, göwrüm. 
TUTUNMAK [tutunmok], işl. 1. Özüň üçin 
tutmak, öz hajatlaryň üçin bir işi amala aşyrmak. 2
gepl.d. Haýyş bilen ýüz tutmak. Gowusy, işiň biterini 
isleýän bolsaň, özüň tutunanyňdan gowusy ýokdur 
TUTUŞ, 1. iş ady. Tutmak ýagdaýy. 2. Bitin, 
bitewiligi bozulmadyk. Görseler, bir goýnuň tutuş 
guýrugy ýatyr eken (

Türkmen halk ertekileri

). 3
Doly, tegelek, bütin. Ondan bäri tutuş on iki ýyl 
geçdi. 4. Daýaw, daýanykly. 

Men!

diýip, tutuş bir 
adam ýerinden galdy. 5. Uçdantutma, birgiden.  
TUTUŞLAÝYN 
[tutuşloýun], 
hal. 
Tutuş 
görnüşde, bitewilikde, baryny birden, tutuşlygyna, 
lomaý.Onuşsak, harydyňy tutuşlaýyn almakçy. 
TUTUŞLYGYNA [tutuşluğno], hal. Tutuş 
görnüşinde, 
bitewiligine, 
baryny. 
Ol 
bendi 
tutuşlygyna okady. 
TUTUŞLYK [tutuşluk], at. Bölek-bölek dällik, 
bitewilik, aýry-aýry dällik.
TUTUŞMAK [tutuşmok], işl. 1. Tutmaga 
kömekleşmek. Sarç goýunlary tutuşmasaňyz bolmaz
2. Bilelikde tutmak. 3. Biri-biriň bilen tutluşmak, 
uruşmak. Her haçan bu meniň bilen tutuşjak adamyň 
işidir (

Görogly

).
TUTYat. Bir zadyň öňüne tutulýan mata, perde. 
Tutynyň bir çeti göterildi. Gapa tuty tutmak. Penjirä 
tuty tutmak. 


387 
TUWAK [tuwok], at. 1. Ýaňy bolan çaganyň 
ýüzündäki, daşyndaky perde. 2. Adam ady.  

Ýüz tuwagy ýüzüň nury, şöhlesi. Dag içiniň 
gowagy, Kakasy döwer döwegi, Gijeler tagat çeksem, 
Sen ýüzümiň tuwagy (Hüwdi). Ýüz tuwagy edinmek 
birini gowy adam, gowy işgär we ş.m. hökmünde öňe 
tutmak, sizden kim bar diýlende, pylany bar diýip, 
şony görkezmek.Onuň ýüz tuwagy edinýäni ýeke 
sendiň.
TUWULGA [tuwulğo], at, harb. Gadym 
döwürde urşujylaryň kellelerine geýen depesi çüri 
demir telpegi. Duşman görse çykar syýasat bile, 
Tuwulga, çaraýna, boz sowut bile (Zelili). 
TUÝUG [tuýu:ğ], at. Türkmen şygyr sungatynyň 
gadymy goşgy düzüliş görnüşi. 
TÜÇJAR [tüçja:r / tütja:r], syp. Maly, zady örän 
köp bolan, mal-mülki çenden aşa köp, baý, döwletli. 
Hatarlanyp, duran iner-maýalar, Agyr bezirgenler, 
tüçjar eýeler (Magtymguly). Tüçjar baý. 
TÜF, üml. 1. Tüýkürilende agyzdan çykýan ses. 
Ol ýüzüni bir ýana sowdy-da 

tüf

edip tüýkürdi. 2
göç.m. Gepleýän adamyň birine ýa-da bir zada 
ýigrençli garaýşyny aňladýan söz. Ol: 

Tüf, seniň 
ýüzüňe!

 diýip gaharlandy. 
TÜFDAN [tüfda:n], at. Içine tüýkürmek üçin 
gap. 
TÜFLEMEK [tüflömök], işl. Agzyndaky zady 
ýa-da tüýküligini tüýkürip goýbermek, tüf etmek. 
TÜF-TÜFüml. 

Göz degmesin!

diýen manyda 
bir-iki gaýta tüýküliksiz çüflemek. Tüf, tüf! Ýigit 
kemi ýok, göz degmesin

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   627   628   629   630   631   632   633   634   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling