Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TEZLIK, at. Tez bolmaklyk, sarç bolmaklyk,  sarçlyk. Keýik tezlik etmedi.  TEZME


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet606/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   602   603   604   605   606   607   608   609   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TEZLIK, at. Tez bolmaklyk, sarç bolmaklyk, 
sarçlyk. Keýik tezlik etmedi. 
TEZMEiş ady. Tezmek ýagdaýy. 
TEZMEKişl. Ürküp gaçmak, ürkmek. 
TEZMEKLIK, iş ady. Tezmek ýagdaýy. 
Tüwäniň tezmekligine men sebäpkär boldum. 
[tä:],
sözs. k.
Çenli, deňiç sözsoňy 
kömekçileriniň hyzmatynda ulanylýar. Tä Tejene 
barýançam seni ýatladym. 
TÄBET [tä:vet], at, kön.s. Iýmäge höwes, işdä. 

Bu şaltagym, kirim bilen suw bersem, täbeti almaz

diýip göwnüme geldi (

Görogly

). 
TÄÇ [tä:ç], at. 1. Adamyň teninde gan öýen ýaly 
bolup döreýän gyzgylt, goňur reňkli hal. Nartäjiň ak 
ýüzüniň gyzaryp duran ýaňaklarynyň sagynda täç 
bardy (A. Gowşudow). 2. Häkimlik nyşany 
hökmünde şanyň, häkimiň başyna geýýän bezegli 
başgaby. 3. Adam ady. 
TÄJIHORAZ [tä:jihoroz] I. at. Güli horazyň 
kekejine meňzeş dik ösýän gyzyl reňkli ösümlik. 
TÄJIHORAZ [tä:jihoroz] II, at. Köplenç, 
çagalaryň bogazynda ak bardalar emele gelip ýüze 
çykýan ýokanç kesel. 
TÄJIK [tä:jik], at, ser. TäjiklerTäjik edebiýaty. 
Täjik dili. 
TÄJIKLER [tä:jikler], at. Täjigistanyň ýerli 
halky, esasy ilaty. 
TÄJIR [tä:jir], at. Uly söwdagär, hususy söwda 
kärhanasynyň eýesi.  
TÄJIRLIK [tä:jirlik], at. Täjiriň kesp-käri, tajiriň 
ýagdaýy. 
TÄK [tä:k], syp.1. Goşa däl, ýeke, jübüt 
bolmadyk. 2. Diňe bir, ýeke, ýalňyz. 3. Taýsyz, 
deňsiz-taýsyz.
TÄKLIK [tä:klik], at. 1. Goşa ýa jübüt dällik. 2
Ýalňyzlyk, ýekelik. 3. Taýsyzlyk, deňsiz-taýsyzlyk. 
TÄKMEKLI 
[tä:kmekli], 
syp. 
Özüni 
birsydyrgyn, bir kadada alyp barman, üýtgäp duran, 
agyp-dönüp duran (adam häsiýeti hakynda). – Bu 
baryp ýatan täkmekli adam (A.Gowşudow).
TÄLEÝ [tä:leý], at. 1. Ykbal, kysmat, ýazgyt. 
Jeren jan, meniň çagam bolsa, onuň täleýi niçik 
bolarka ..? (G.Seýitliýew, G.Muhtarow). 2. Öňde, 
durmuşda görjegiň, gelejek. 

Täleýiň açylmak bagtyň gelmek, bagtly 
bolmak. – Eý patyşam, bir ahwal gördüm, täleýiň 
açyldy – diýip, bir gazal aýtdy (Mollanepes). Täleýi 
ters gelmek bagty gara bolmak, ykbalyň ters bolmak. 
Täleýiň ters gelse, bagtyň şor bolsa, Paludanyň peri 
dişi syndyrar (Magtymguly). 
TÄLIM [tä:lim], at. Bir käriň, hünäriň we ş.m. 
syrlaryny ele almak ugrundaky okuw, terbiýe, 
görelde. Ussat bagşydan tälim almak

Tälim bermek öwretmek, okatmak, terbiýe 
bermek. Esgerlere harby taýdan tälim berilýär. 
TÄLKEW [tä:lköw], at, gepl.d. Dahyl, degişlilik, 
degişli ýer. Heý, şu zatlaň saňa tälkewi barmy? 
TÄLKEWLI [tä:lköwlü], at, gepl.d. Birine 
dahylly, degişli. Sen tälkewlidigini bilen bolsam, 
piliňi ellemezdim. 
TÄMIZ [tä:mi:z], syp., ser. Arassa 1, 2
TÄMIZLEME 
[tä:mi:zleme], 
iş 
ady. 
Tämizlemek ýagdaýy. 
TÄMIZLEMEK 
[tä:mi:zlemek], 
işl., ser. 
Arassalamak 1, 2
TÄMIZLEMEKLIK [tä:mi:zlemeklik], iş ady. 
Tämizlemek ýagdaýy. 
TÄMIZLENMEK [tä:mi:zlenmek], işl., ser. 
Arassalanmak.
TÄMIZLEŞMEK [tä:mi:zleşmek], işl. Dura-bara 
tämiz bolmak. Obamyz öňküden has tämizleşdi. 
TÄMIZLETDIRMEK [tä:mi:zletdirmek], işl., 
ser. Arassalatdyrmak
TÄMIZLETMEK [tä:mi:zlemek], işl., ser. 
Arassalatmak
TÄMIZLEÝIŞ 
[tä:mi:zleýiş], 
iş 
ady. 
Tämizlemek ýagdaýy. 
TÄMIZLIK [tä:mi:zlik], at, ser. Arassalyk
TÄNDERDI [tä:nnerdi], at. Aşyklaryň birini 
ikinjisi bilen urup, jikgesine ýa-da tükgesine agdaryp 
almak şerti bilen oýnalýan oýun. Ol tänderdi 
oýnunda utuldy. 
TÄNDERILMEK [tä:nnerilmek], işl. 1. Bir 
tarapyndan beýleki tarapyna öwrülen bolmak.
2. Baldagyndan ýolnup aýrylmak. 
TÄNDERIŞ [tä:nneriş], iş ady. Tändermek 
ýagdaýy. 
TÄNDERME [tä:nnerme] iş ady. Tändermek 
ýagdaýy. 
TÄNDERMEK [tä:nnermek], işl. 1. Bir aşygy 
ikinji bir aşyk bilen urup, jikgesine ýa-da tükgesine 


367 
agdaryp almak. Ol kenegini atyp, aňyrda duran aşygy 
dükge tarapyna tänderdi. 2. Sapagyndan ýazdyrmak, 
baldagyndan aýyrmak. Güýz şemaly agaçlaryň sary 
ýapraklaryny sapagyndan tänderýärdi. 
TÄNDERMEKLIK [tä:nnermeklik], iş ady. 
Tändermek ýagdaýy. 
TÄNDIRMEK 
[tä:nnirmek], 
işl., 
ser. 
Tändermek
TÄNIŞ [tä:niş], iş ady. Tänmek ýagdaýy. 
TÄNME [tä:nme], iş ady. Tänmek ýagdaýy. 
TÄNMEK [tä:nmek], işl. 1. Urlan aşyk bir 
ýüzünden beýleki bir ýüzüne öwrülmek. 2
Sapagyndan ýazmak, baldagyndan üzülmek, üzülip 
gaçmak. Bişen gawun sapagyndan tänipdir
TÄNMEKLIK [tä:nmeklik], iş ady. Tänmek 
ýagdaýy. 
TÄP-TÄZE [täp-tä:ze], syp. Örän täze. Täp-täze 
köýnek. 
TÄR [tä:r], at. Bir işi amala aşyrmak, berjaý 
etmek üçin ýol, usul, ugur, çäre. Men onuň tärini 
derrew taparyn. 
TÄRET [tä:ret], at. 1. Namaza durmazdan öň 
arassalanmaklyk. 2. gepl.d. Ýogyn içege arkaly 
çykýan nejasat. 

Täret gylmak namaza durmazdan öň 
arassalanmak düzgünini berjaý etmek. 
TÄRIM [tä:rim], at. Gara öýüň daýanç merkezi, 
diwary bolup hyzmat edýän hem-de uklaryň aşaky 
ujy berkidilýän gözenek agaç enjam. Öýleriň ikisiniň-
de uklary gowşap, tärimleriniň köki gidipdir 
(

Edebiýat we sungat

). 
TÄRIMÝÜP [tä:rimýüp], at. Tärim gurnalanda 
daşyna saralýan ýüp. 
TÄSELIM [tä:selim], serTäterim
TÄSIN [tä:si:n], syp. Örän geň, üýtgeşik, enaýy.
TÄSINLIK [tä:si:nlik], at. Örän geňlik, örän 
üýtgeşiklik, enaýylyk. Ol soňra kellesini birhili 
täsinlik bilen silkip goýberdi (

Edebiýat we sungat

). 
TÄSIP [tä:si:p], at, k.d. Gaýrat, ar-namys. 
TÄSIPLI [tä:si:pli], syp., k.d. Gaýratly, ar-
namysly. Bir täsipli goç ýigit, Är ýanynda bellidir 
(Zelili). 
TÄSIR [tä:si:r], at. 1. Bir zady amala aşyrmak, 
birini ynandyrmak üçin birine ýa-da bir zada 
gönükdirilen hereket. Adama ruhy taýdan edilýän 
täsir. 2. Içilen gök çaýyň, atylan dermanyň we ş.m. 
netijesi, haýry, peýdasy. Dermenyň täsiri ýetdi.  
TÄSIRLI [tä:si:rli], syp. 1. Täsir edýän, sözi 
geçýän, abraýly. 2. Güýçli täsir galdyrýan.
TÄSIRLILIK [tä:si:rlilik], at. Täsiri barlyk, 
täsirli bolmaklyk.
TÄSIRSIZ [tä:si:rsiz], syp. Täsir edip bilmeýän, 
täsir galdyrmaýan, täsiri ýok. 
TÄSIRSIZLIK [tä:si:rsizlik], at. Täsiri ýokluk, 
täsir edip bilmezlik, täsirsiz bolmaklyk. 
TÄTERIM [tä:teri:m]: täterime git nirä gitseň, 
şoňa git, güm bol! 
TÄZE [tä:ze], syp. 1. Ilkinji gezek ýüze çykan, 
peýda bolan. 2. Heniz geýilmedik, heniz 
ulanylmadyk. Täze geýim. 3. Ýaňy-ýakynda bolan, 
häzirki wagtda peýda bolan. Yşk bilen açylan bir täze 
gül sen (Magtymguly). Täze ýylyň nowruzy, pasly 
bahary dilber (Mätäji). 4. Ýaňy gelen, ýaňy bellenen, 
iň soňky. Täze müdir. 

Täze küýzäň suwy sowuk täze zadyň mazasy 
başga, täze zat gowy.
TÄZEÇE [tä:zeçe], hal. Täze görnüşde, başgaça.  
TÄZEÇIL [tä:zeçil], syp. Täzeligi gowy görýän, 
halaýan, täzeçe ýaşamagy, geýinmegi we ş.m. 
söýýän 
TÄZEÇILLIK [tä:zeçillik], at. Täzeçe düşünje, 
garaýyş, çemeleşiş, täzäniň tarapdary bolmaklyk. 
TÄZEDEN [tä:zeden], hal. Ýaňadan, gaýtadan, 
ýene bir gezek. 
TÄZEDÖREME [tä:zedörömö], atÇiş görnüşli 
rak keseli. 


Ç
äkli täzedöreme çiş görnüşli täzedöreme. 
Ç
äksiz täzedöreme çiş görnüşli kanser häsiýetli 
täzedöreme.
TÄZELEME [tä:zeleme], iş ady. Täzelemek 
ýagdaýy. 
TÄZELEMEK [tä:zelemek], işl. 1. Köne zady 
täze bilen çalşyrmak, durkuna üýtgeşiklik girizmek. 
2. Üýtgetmek. Ol gatnaşyk edýän adamlaryny 
täzeledi. 
TÄZELEMEKLIK [tä:zelemeklik], iş ady. 
Täzelemek ýagdaýy. 
TÄZELENMEK [tä:zelenmek], işl. 1. Köne zat 
täze bilen çalşyrylmak, könäniň ýerine täze 
goýulmak. 2göç.m. Bütinleý özgerdilen, üýtgedilen 
bolmak. Tüweleme, ýüzüň-gözüň täzelenen ýaly 
bolaýypdyr. 
TÄZELENIŞ [tä:zeleniş], iş ady. Täzelenmek 
ýagdaýy.
TÄZELEŞDIRMEK [tä:zeleşdirmek], işl. 1
Köne zatlary täze zatlar bilen çalşyryşdyrmak. 2
göç.m. 
Üýtgedişdirmek, 
özgerdişdirmek. 
Ol 
direktorlyga 
bellenensoň, 
mekdebiň 
umumy 
görnüşini, içki tertip-düzgünini täzeleşdirip başlady. 
TÄZELEŞMEK [tä:zeleşmek], işl. Könäniň 
ýerine täze goýuşmak, könäni täze bilen çalşyrmaga 
kömekleşmek. 
TÄZELETDIRMEK 
[tä:zeletdirmek], 
işl. 
Täzeletmegi buýurmak, täzeletmegi amala aşyrtmak. 
TÄZELETMEK [tä:zeletmek], işl. Täzelemek 
işini başga birine etdirmek. Goňşymyz öýüniň 
gapysyny ussa täzeletdi. 
TÄZELEÝIŞ [tä:zeleýiş], iş ady. Täzelemek 
ýagdaýy. 
TÄZELIK [tä:zelik], at. 1. Her bir täze dörän, 
döredilen zat. Alymlarymyz ylma, hojalyga köp 
täzelik girizýärler. 2. Üýtgeşiklik, özgerişlik. Ol öz 
durmuşyndaky bu täzelik hakda jorasyna habar berdi. 
3. Täze, entek köpçülige ýaýramadyk habar. Ol 
menden bir täzelik eşitse, soňrak ony ýene meniň 
özüme aýdardy. 
TÄZELIKÇI [tä:zelikçi], at. Täze, peýdaly 
usullary iş ýüzüne geçirýän adam, täzäniň tarapdary. 
Ol ýüpek gurçugyny idetmekde täzelikçi boldy. 
TÄZELIKÇILIK [tä:zelikçilik], at. Işde täze, 
peýdaly 
usullary 
ýüze 
çykaryjylyk. 
Häzir 


368 
ýurdumyzda tehnikanyň we täzelikçiligiň möwç urup 
ösýän wagty. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   602   603   604   605   606   607   608   609   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling