Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TERSLIK, at. Dostluk, agzybirlik gatnaşygy  ýokluk, arasy bozuklyk.  TERSLIN-OŇLYN


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet603/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   599   600   601   602   603   604   605   606   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TERSLIK, at. Dostluk, agzybirlik gatnaşygy 
ýokluk, arasy bozuklyk. 
TERSLIN-OŇLYN [tersli:n-oňluýn], hal. Hem 
öňe, hem yza, aňryk-bärik, eýläk-beýläk. Iki tarapa 
çarhy terslin-oňlyn aýlamak. 
TERSMILLETsyp., gepl.d. Höçjet, keçjal, gepe 
düşmezek, dikdüşdi adam. Aý sen-ä, tersmillet 
ekeniň, aýdylan gepe düşmän, meni bizar etdiň. 
TERSOKAN [tersoka:n], at, gepl.d. Doga okap, 
jadygöýlik edýän adam, jadygöý. 
TERSOTURat, dil b. Deňdeş agzalaryň, goşma 
sözlemleriň arasynda, sözlem agzalary bilen 
grammatik taýdan baglanyşmaýan ýüz tutma, giriş, 
ümlük ýaly sözleriň yzyndan ýa öňünden goýulýan 
dyngy belgi, otur. Sözlemiň deňdeş agzalarynyň 
arasynda tersotur goýulýar (

Mugallymlar gazeti

). 
TERSTOW [teristow], at. Ýüpüň, sapagyň birinji 
towunyň tersine, garşysyna işilen tow.
TERTIP [terti:p], at. 1. Dogry kadalaşdyrylan, 
düzgünleşdirilen ýagdaý. 2. Bir zadyň yzygiderliligi, 
birsydyrgynlygy. 3. Kabul edilen içki düzgün, kada-
kanun. Ses bermek tertibi. 4. Edep-ekram, terbiýe. 

Tertibe salmak tertipleşdirmek, ýerbe-ýer 
etmek. Tertip san Tertip taýdan näçenjidigini 
görkezýän san (birinji, ikinji, we ş.m.). 
TERTIP-DÜZGÜN [terti:p-düzğün], at. 1
Dogry ýola goýlan, kadalaşan ýagdaý. Tertip-düzgün 
bar ýerinde üstünlik bar. 2. Düzgün-nyzam, terbiýe, 
edep-ekram. 
TERTIPLEME [terti:pleme], iş ady. Tertiplemek 
ýagdaýy. 
TERTIPLEMEK [terti:plemek], işl. Tertibe 
salmak, ýerbe-ýer goýmak, jaýba-jaý etmek. Ol 
köýneginiň ýakalaryny tertipledi. 
TERTIPLEMEKLIKiş ady. Tertiplemek işi. 
TERTIPLEŞDIRMEK [terti:pleşdirmek], işl. 
Tertibe salyp çykmak, ýerbe-ýer goýuşdyrmak, 
jaýba-jaý edişdirmek. Kitaplary tertipleşdirmek. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   599   600   601   602   603   604   605   606   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling