TEBIGY [tevi:ğy], syp. 1. Tebigata degişli,
tebigata esaslanan. Hazaryň tebigy baýlyklaryny
ýerlikli peýdalanmaly. 2. Hakyky, hakyky özi, tüýs.
Ýokary hilli tebigy ýüpek almak üçin ýurdumyzda
ýüpek gurçugynyň iň gowy tohumlary ösdürilip
ýetişdirilýär. 3. Ösüşiň barşy bilen şertlenen, kadaly,
adaty. Tebigy ösüş ýoluna düşmek.
TEBIGYLYK [tevi:ğylyk], Tebigy ýagdaýda
bolmaklyk. Onuň hereketlerinde tebigylyk bardy
(Watan).
TEBIL [tevil], at, kön.s. Deprek, laňňara.
Meýdanda uruş teblini kakdylar (
Saýatly – Hemra
).
Ertir bilen ýöriş teblini urup, leşgeri rowana ederler
(
Zöhre – Tahyr
).
Tebil
tapmak
gorkmak,
ürkmek,
ynjalyksyzlanmak, gozgalaňa düşmek, aladalanmak.
Goýun maly örän ynjyk bolýar. Ol sähelçe bir zatdan-
da tebil tapýar (
Edebiýat we sungat
).
TEBIP [tevi:p], at. Näsaga em edýän adam.
Bilmez tebip jan alar (Nakyl).
TEBIPÇILIK
[tevi:pçilik],
at,
ser.
Tebiplik.Çaý başynda gürrüň ilki tebipçilik
hakynda gitdi.
TEBIPGÄR [tevi:pgä:r], at, k.d. Tebipçilikden
başy çykýan, tebipçilikden habary bolan, tebipçilik
bilen meşgullanýan. Ertir-agşam gerek bir adam
huşýar, Aňylly, usully, özi tebipgär (Talyby).
TEBIPLIK [tevi:plik], at. Tebibiň käri, ýagdaýy.
TEBIPSUMAK [tevi:psumok], at. Bolar-
bolgusyz tebip, zor aýakdan tebip.
TEBIT [tevit], at. Oduň, ýalnyň, howanyň we
ş.m. ýakymsyz gyzgyny, howry. Tebit alýan yssy
howa.
Do'stlaringiz bilan baham: |