Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TAÝAKLAMA, iş ady. Taýaklamak ýagdaýy


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet585/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   581   582   583   584   585   586   587   588   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TAÝAKLAMAiş ady. Taýaklamak ýagdaýy. 


356 
TAÝAKLAMAK, işl.1. Taýak bilen urmak. 
Oglanlar derrew daşlap, taýaklap, ýylany öldürdiler 
(

Türkmen halk ertekileri

). 2. göç.m. Köteklemek, 
tankyt etmek, igenmek. Her gün gelip, ýüz müň 
taýaklap ursaň, Urduň diýip, hiç wagt namys-ar 
etmen (Seýdi). 
TAÝAKLAMAKLYK, iş ady. Taýaklamak 
ýagdaýy. 
TAÝAKLAMAZLYK, iş ady. Taýak bilen 
urmazlyk. 
TAÝAKLANMAK, işl. 1. Taýak bilen urulmak. 
2göç.m. Tankyt edilmek, köteklenmek, käýelmek. 
TAÝAKLAŞMAK, işl. Biri-biriňi taýaklamak, 
taýak bilen urmak. Olar taýaklaşyp uruşdylar. 
TAÝAKLATDYRMAKişl., ser. Taýaklatmak
TAÝAKLATMAK, işl. Taýaklamaga mejbur 
etmek. 
TAÝAKLAÝYŞiş ady. Taýaklamak ýagdaýy. 
TAÝAKÝETIM, at, ser. Taýagatym. Hol, 
taýakýetim ýerde Päkizeler ýaşaýardy (N. Jumaýew).
TAÝBA-TAÝ [ta:ýva-ta:ý], syp. Taýly, taý-taý 
edilen, taýdaş. Gara saçyň örülmiş, ak ýüzünde 
taýba-taý, Hal goýulmyş al ýaňakda, däne-däne, 
jaýba-jaý (Mollanepes). 
TAÝÇANAKat. Bir ýaşynyň içindäki taý. Uzak 
bir oýlukda dynman, ýadaman, Oýnap bir taýçanak 
göge bökýärdi (R. Seýidow). Taýçanak ýatan 
ýerinden galjak bolup dyzardy, ýykylardy (O. 
Ödäýew).
TAÝDAN [ta:ýdan], 

Nukdaýnazardan, jähetden

diýen ýaly many aňladýan sözsoňy kömekçi.
TAÝDAŞ [ta:ýdaş], syp. Biri-birine taý gelýän, 
biri-birine mynasyp, barabar. 
TAÝDAŞLYK [ta:ýdaşlyk], at. Taýdaş, mynasyp 
bolmaklyk, taýdaş gelmeklik. 
TAÝDYRMAK [ta:ýdyrmak], işl. 1. Buzuň, 
garyň, suwuň üstünde typdyrmak. 2. göç.m. 
Wezipesinden boşatmak, işden çykarmak, kowmak. 
TAÝDYRYLMAK [ta:ýdyrylmak], işl. 1
Taýmak, taýyp gitmek. Oglanjyk sürçek ýerde 
taýdyrylyp 
gitdi. 
2
göç.m. 
Wezipesinden 
boşadylmak, işden çykarylmak, kowulmak. 
TAÝGA [ta:ýğa], syp., ser. Taýgançak. Bu gün 
ýer gaty taýga, ahmal bolmaň! 
TAÝGAK [ta:ýğak], syp., ser. TaýgançakBu ýer 
taýgak. 
TAÝGALYK 
[ta:ýğalyk], 
syp., 
ser. 
Taýgançaklyk.Taýgalyk ýerden ýöreseň, aýagyň 
typyp ýykylmagyň mümkin. 
TAÝGANÇAK [ta:ýğançak], syp. Aýagyňy 
taýdyrýan, typançak, sürçek, taýga, taýgak. Gorkma, 
biziň gapymyz taýgançak däldir (B. Kerbabaýew). 
TAÝGANÇAKLYK 
[ta:ýğançaklyk], 
at. 
Typançaklyk, sürçeklik. Taýgançaklyk böwrüňi 
diňledýärdi (B. Kerbabaýew). 
TAÝHAR,at. Iki ýaşynyň içindäki eşek. Muhat 
aga mele taýharyna münüp, ýola düşdi (B. Pürliýew).
TAÝLAMA [ta:ýlama], iş ady. Taýlamak 
ýagdaýy. 
TAÝLAMAK [ta:ýlamak], işl. Ýüküň we ş.m. iki 
taýyny, tarapyny deňlemek, sazlamak. Terezini 
taýlamak. 
TAÝLAMAKLYK [ta:ýlamaklyk], iş ady. 
Taýlamak ýagdaýy. 
TAÝLANMAK [ta:ýlanmak], işl. Deňlenen 
ýagdaýda bolmak, deňlenmek, sazlanmak. Bugdaýly 
çuwallar taýlanyp, düýelere ýüklendi. Tereziniň iki 
tarapy-da taýlandy. 
TAÝLAŞDYRMAK 
[ta:ýlaşdyrmak], 
işl. 
Hemmesini, baryny biri-birine taý edişdirmek. Ol 
bugdaýly çuwallary taýlaşdyryp goýdy. 
TAÝLAŞMAK [ta:ýlaşmak], işl. Taýlamaga 
kömek etmek, sazlaşmak. 
TAÝLATMAK [ta:ýlatmak], işl. Iki taýyny deň 
etdirmek, taý etdirmek. 
TAÝLAÝYN [ta:ýlaýyn], hal. Iki taraplaýyn, 
taýy bilen. – Ynha, Magtymguly aga, şu tamda – 
diýip, iki taýlaýyn açyk gapyny görkezenden soň, ol 
başga howla girenligini duýup galdy (G. Kulyýew). 
TAÝLAÝYŞ [ta:ýlaýyş], iş ady. Taýlamak 
ýagdaýy. 
TAÝLY [ta:ýly], syp. 1. Taýy bar bolan, iki 
tarapyna-da taý edilen. Taýly çuwaly düýäniň üstüne 
at-da, idip ugra! (

Myraly

). 2. Yzly-yzyna, 
gezekme-gezek, iki gezek. Taýly gezek ýaňagyndan 
ogşady (A. Kekilow). 3. Ýeke däl, iki, goşa. Taýly 
çyragym söndi, Galdym weýran dünýäde (Mätäji). 
Ene taýly gözünden ýaş dökdi
TAÝLYLYK [ta:ýlylyk], at. Taýy barlyk, taýly 
bolmaklyk. 
TAÝMA [ta:ýma], iş ady. Taýmak ýagdaýy. 
TAÝMAK [ta:ýmak], işl. 1. Typançak, taýgançak 
ýerde aýagyň ýer tutman typmak, typyp gitmek. 
Aýagym taýyp ýykyldym, Ol söwer ýar üstüne (Halk 
döredijiliginden). 2. göç.m. Wezipeden boşadylmak, 
pyzylmak. 
TAÝMAKLYK [ta:ýmaklyk], iş ady. Taýmak 
ýagdaýy.
TAÝMAZLYK [ta:ýmazlyk], iş ady. Taýyp 
gitmezlik; typmazlyk.  
TAÝMYL,at, deňizç. Iki başy çüri bir orunly 
kiçijik gaýyk.  
TAÝMYLÇY,at. Taýmyl sürüji, taýmyl sürýän 
adam. 
TAÝPA [ta:ýpa], at. Garyndaşlyk gatnaşygy, 
umumy dili bolan, bir ýerde ýaşaýan adamlaryň uly 
birleşigi. 
TAÝPAÇYLYK [ta:ýpaçylyk], at. Taýpa bolup 
ýaşamak düzgüni. 
TAÝPARat. Ýaňy münüş öwredilen taý.

Taýpar çekmek çekinmek. Taýpar çekip, ýan 
bermer sen, Orazym (Kemine). 
TAÝPARMAiş ady. Taýparmak ýagdaýy. 
TAÝPARMAK, işl. Sakgal-murt, saç syrylyp, 
ýalpyldap durmak. Onuň eňegi taýparyp durdy. 
TAÝPARMAKLYK
iş 
ady. 
Taýparmak 
ýagdaýy. 
TAÝPARTMAK, işl. Sakgal-murtuňy syryp, 
ýüzüňi ýalpyldatmak. Her gün irden turup, sakgal-


357 
murtuny düýbi bilen gazap, taýpardyp goýýardy 
(

Edebiýat we sungat

). 
TAÝPARYŞ,iş ady. Taýparmak ýagdaýy. 
TAÝPY,at. Alçysy we towhasy sürlüp, ýylmanan 
aşyk. Taýpy aşyk. 

 Taýpy (aşygy) ýaly ýylmanak, ýalpyldap duran. 
Onuň syrylan eňegi taýpy ýalydy. 
TAÝSYZ [ta:ýsyz], syp. 1. Taýy bolmadyk, jübüt 
däl, ýeke.Taýsyz köwüş. 2. göç.m. Deňi-taýy 
bolmadyk, özüne taý geljek adam ýok.  
TAÝYN [ta:ýyn], syp., ser. Taýýar. Biz ýola 
gitmäge taýyn. 

Taýyn aşyň eýesi bolmak zähmetiň siňmedik 
zadyň eýesi bolmak. 
TAÝYNLAMA [ta:ýynlama], iş ady. Taýynlamak
ýagdaýy. 
TAÝYNLAMAK [ta:ýynlamak], işl., ser. 
Taýýarlamak 1-3. Ol günortanlyk üçin oduk-buduk 
taýynlady
TAÝYNLAMAKLYK [ta:ýynlamaklyk], iş ady. 
Taýynlamak ýagdaýy.  
TAÝYNLANMAK [ta:ýynlanmak], işl., ser. 
Taýýarlanmak 1, 3Olaryň her biri bu şöhratly senä 
öz sowgatlary bilen barmaga taýynlanýar. 
TAÝYNLAŞDYRMAK [ta:ýynlaşdyrmak], işl., 
ser. Taýýarlaşdyrmak.Olar zatlary taýynlaşdyryp 
boldular. 
TAÝYNLAŞMAK [ta:ýynlaşmak], işl., ser. 
Taýýarlaşmak
TAÝYNLATMAK [ta:ýynlatmak], işl., ser. 
Taýýarlatmak
TAÝYNLAÝYŞ,iş ady. Taýynlamak ýagdaýy. 
TAÝYNLYK [taýynlyk], at, ser. Taýýarlyk. 
TAÝYNLYKLY [ta:ýynlykly], syp., ser. 
Taýýarlykly
TAÝYNLYKSYZ [ta:ýynlyksyz], syp., ser. 
Taýýarlyksyz
TAÝYŞMAK [ta:ýyşmak], işl. 1. Bilelikde 
taýmak. Olar buzuň üstünde taýyşyp ýör. 2. 
Taýmakda ýaryşmak. Biz oglanlar bilen buzuň 
üstünde özara taýyşdyk. 
TAÝÝAR [taýýa:r], hal. Taýyn edilen, taýyn 
bolan, häzirlenen.
TAÝÝARLAMA 
[taýýa:rlama], 
iş 
ady. 
Taýýarlamak ýagdaýy. 
TAÝÝARLAMAK [taýýa:rlamak], işl.1. Bir 
zady taýýar edip goýmak, häzirlemek, taýynlamak. 
Ol myhman üçin derrew iýmek-içmek taýýarlamak 
bilen boldy. 2. Bilim berip, terbiýeläp ýetişdirmek, 
ösdürmek. Täze işgär taýýarlamak. 
TAÝÝARLAMAKLYK [taýýa:rlamaklyk], iş 
ady. Taýýarlamak ýagdaýy. 
TAÝÝARLANMAK [taýýa:rlanmak], işl. 1
Taýýar edilmek, taýynlap bolmak, taýyn edilmek. Ol 
atlaryň ýola taýýarlanandygyny aýtdy. 2. Taýýarlyk 
görmek, taýynlamak. Biz toýa taýýarlanýarys. 3. 
Taýýarlykly 
işgär, 
işçi 
ýetişdirilmek. 
Ýaş 
hünärmenler taýýarlanylmak
TAÝÝARLAŞDYRMAK 
[taýýa:rlaşdyrmak], 
işl. Bir zady öňünden taýýarlap goýmak, 
häzirleşdirmek, taýynlaşdyryp goýmak. 
TAÝÝARLAŞMAK [taýýa:rlaşmak], işl. 1
Taýýarlamaga kömekleşmek. Ol irgözinden öýe 
baryp, ejesine nahar taýýarlaşdy. 2. Bilelikde 
taýýarlamak, taýýarlamaga gatnaşmak. Gelin-gyzlar, 
ýaş ýigitler aýak üstünde durup, toý saçagyny 
taýýarlaşyp ýördüler
TAÝÝARLATDYRMAK 
[taýýa:rlatdyrmak], 
işl., ser. Taýýarlatmak. Ol bu mesele dogrusynda 
gazete makala hem taýýarlatdyrypdy. 
TAÝÝARLATMAK 
[taýýa:rlatmak], 
işl. 
Taýýarlamak işini başga birine etdirmek. Nahar 
taýýarlatmak. 
TAÝÝARLAÝJY [taýýa:rlaýjy], at. Bir zady 
taýýarlaýan, taýýar edýän adam. Jaýyň suwagy üçin 
palçyk taýýarlaýjylar ýadadylar. 
TAÝÝARLAÝYŞ 
[taýýa:rlaýyş], 
iş 
ady. 
Taýýarlamak ýagdaýy. Olar häzir maşynlary ekişe 
taýýarlaýyş işini geçirýärler. 
TAÝÝARLYK [taýýa:rlyk], at. 1. Bir işi amala 
aşyrmak üçin öňünden görülýän taýynlyk2. Biriniň 
bilim alan döwründe öwrenen zatlary. Onuň 
taýýarlygy oňat. 
TAÝÝARLYKLY 
[taýýa:rlykly], 
syp. 
1
Taýýarlyk görlen, taýynlykly. Şanly toýa taýýarlykly 
geldik. 2. Taýýarlygy bar bolan, bilim baýlygy bolan. 
Türkmenistanda taýýarlykly alymlaryň uly topary 
ösüp ýetişdi (

Türkmenistan

). 
TAÝÝARLYKLYLYK [taýýa:rlyklylyk], at. 
Taýýarlygy barlyk, taýýarlykly bolmaklyk. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   581   582   583   584   585   586   587   588   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling