Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet586/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   582   583   584   585   586   587   588   589   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TAÝÝARLYKSYZ [taýýa:rlyksyz], syp. 1
Taýýarlygy ýok, taýynlyk görülmedik, taýynlykly 
dällik. Sapagy taýýarlyksyz nähili geçjek. 2
Taýýarlygy, bolmadyk, bilim derejesi pes. 
TAÝÝARLYKSYZLYK [taýýa:rlyksyzlyk], at. 
Taýýarlygy ýokluk. 
TAÝZARDYŞMAK
işl. 
Birnäçe 
bolup 
taýzardyp durmak. 
TAÝZARMAiş ady. Taýzarmak ýagdaýy. 
TAÝZARMAK, işl. Jaýtaryp, ýokary galyp 
durmak, dim-dik bolup çykyp durmak, somalyp 
durmak. Onuň murtlary taýzaryp durdy. 
TAÝZARMAKLYKiş ady. Taýzarmak ýagdaýy. 
TAÝZARTMAK, işl. Bir zady taýzartmak 
katdyna ýetirmek, taýzaryp durar ýaly etmek. 
Murtuňy taýzartmak.
TAÝZARYLMAKişl.serTaýzarmak
TAÝZARYŞMAK, işl. Birnäçesi taýzaryp 
durmak. Onuň murtlary syh-syh bolup taýzaryşyp 
durdy. 
TAÝZYGOÇ [taýzyğoç], at. Ýüňi gytyk goç. 
Taýzygoçlaryň birini tutmaly. 
TAZY [ta:zy], at. Uzyn aýakly, tumşugy uzyndan 
inçe aw iti. Her ýurduň tilkisini öz tazysy bilen 
awlarlar (Nakyl). Çölde, gyrda gezse, tazy görmese, 
Tilki eteklener, şiri tanamaz (Zelili). 

 Taza dönmek gaty horlanyp, inçelip galmak.
 
TAZYGUÝRUK [ta:zyğuýruk], at. Halydyr 
keçä, gelin-gyzlaryň egin-eşigine salynýan gaňyrçak 
görnüşli nagyş.
 


358 
TAZYGYŞ [ta:zyğyş], iş ady. Tazykmak 
ýagdaýy. 
 TAZYGYŞMAK [ta:zyğyşmak], işl. Birtopar 
goýun tazygyp gaçmak, gitmek. Otlap ýören 
goýunlar bir zatdan ürküp tazygyşdylar. 
TAZYKDYRMAK 
[ta:zykdyrmak], 
işl. 
Tazykmaga mejbur etmek, tazykmagyna sebäp 
bolmak, ürküzip gaçyrmak. Goýunlary tazykdyrmak. 
TAZYKMA [ta:zykma], iş ady. Tazykmak 
ýagdaýy. Goýunlaryň tazykmasy çopanyň aladasyny 
köpeltdi. 
TAZYKMAK [ta:zykmak], işl. Ürküp gaçmak, 
ürküp baş bermän gitmek, ürküp gaçyp gitmek. 
Aýlanmasak, goýunlar guzularyny yzyna tirkäp, 
haýsy-da bolsa bir tarapa tazygyp gidiberjekler 
(

Türkmenistan

). 
TAZYKMAKLYK [ta:zykmaklyk], iş ady. 
Tazykmak ýagdaýy. 
TE [te:], Türkmen milli elipbiýiniň 

T

harpynyň 
ady. 
TEATR [tea:tr / tiýa:tyr], at. 1. Sahnada drama 
eserlerini görkezmek sungaty. 2. Sahnalaşdyrylýan 
oýunlar, şowhunly aýdym-sazlar goýulýan we 
görkezilýän jaý. Teatra gitmekTeatrlary bina etmek
TEBÄHET [tevähet], at. Gylyk-häsiýet, boluş.  

Tebähedi göçen (göterilen) gylygy, bolşy 
düýbünden erbetlige tarap üýtgän; nebsine haý diýip 
bilmeýän (adam hakynda).  
TEBÄREK [tevä:rek], at. Gurhanyň 67-nji 
süresiniň ady. 
TEBIGAT [tevi:ğat], at. 1. Älemde bar bolan 
organiki we organiki däl ähli zatlar. 2. Şäherleriň, 
obalaryň we ş.m. daşyndaky, töweregindäki daglyk, 
tokaýlyk, baglyk, gözel ýerler, şäheriň daşy, açyk 
meýdan. Saglyk ýolunyň özboluşly, täsin tebigaty bar. 
3. Organiki, organiki däl dünýäni öwrenýän ylym we 
şol hakdaky okuw dersi. 4. göç.m. Gylyk-häsiýet, 
asyl boluş. Gyzlaryň tebigaty näzik bolýar 
(

Myraly

). 
TEBIGATÇY [tevi:ğatçy], at. 1. Tebigaty 
öwrenýän adam. 2. Tebigat dersini okadýan 
mugallym. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   582   583   584   585   586   587   588   589   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling