Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet580/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   576   577   578   579   580   581   582   583   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TARAŞLAŞDYRMAKişl. Taraşlap çykmak. 
TARAŞLAŞMAK
işl. 
1
Taraşlamaga 
kömekleşmek. 2. Birnäçe bolup taraşlamak.
TARAŞLATMAKişl. Taraşlamagy başga birine 
etdirmek; taraşlamaga mümkinçilik bermek. Diwary 
taraşlatdy. 
TARAŞLAÝYŞiş ady. Taraşlamak ýagdaýy. 
TARAŞMAN [taraşma:n], at, gepl.d. Laýdan, 
palçykdan salnan jaýyň diwarlaryny timarlaýan ussa. 
TARAWA [tarawo], at. Her oraza aýynda (oraza 
gutarýança her gün) jemagat bolup, ýassy 
namazyndan soň we Witir namazyndan öň 20 gezek 
eglip galynýan namaz. 
TARAZ [tara:z], at. Ýabyň, kanalyň, derýanyň 
suwunyň bölünýän ýeri, saka, teraz. 
TARAZLAMA [tara:zlama], iş ady. Tarazlamak 
ýagdaýy. 
TARAZLAMAK [tara:zlamak], işl. Suwy taraz 
arkaly bölmek. 
TARAZLANMAK 
[tara:zlanmak], 
işl. 
Tarazlanyp bölünmek. Suw ýaplara tarazlanyp 
akdyryldy. 
TARAZLAÝYŞ [tara:zlaýyş], iş ady. Tarazlamak 
ýagdaýy. 
TARHANat, syp. 1kön.s. Orta asyrlarda käbir 
türki halklarda salgyt ýeňilliklerinden peýdalanýan 
adam. 2. Islegine göra erkin hereket etmäge, 
ýaşamaga hukuk gazanan. Bolýar, onda, sen tarhan
ötägit! (Halk ertekisinden). Sen bir tarhan adam, 
näme edesiň gelse edibermeli bolarsyň-da3. Oglana 
dakylýan at. 

Tarhan 
haty 
kön. 
s. 
birine 
ýurduň 
hökümdarynyň 
ýeňillikleriň 
berilýändigini 
tassyklamak üçin beren haty.
TARHANDÖKER [tarhannökör], at. Çendenaşa 
eli açyk, jomart, sahy. 
TARHANDÖKERLIK [tarhannökörlük], at. 
Çendenaşa jomartlyk, eli açyklyk, sahylyk.
TARHANLYKat. 1. Tarhan bolmaklyk, islegine 
görä hereket etmäge haklylyk. Tarhanlyk başga, işe 
geleňsizlik başga (B. Kerbabaýew). 2. ser. 
TarhandökerlikTarhanlyk etmek. 
TARHUN 
[tarhu:n], 
at. 
Kökünden 
we 
baldagyndan köpelýän kiçijik süýri ýaprakly iýilýän 
köpýyllyk ot. Ol bazardan bir bogy tarhun satyn aldy. 
TARIF [tary:f], at. 
1. Resmi taýdan bellenen 
ölçeg we haýsydyr bir zadyň bahalar (nyrhlar), 
tölegler 
sistemasy. 
Demir 
ýol 
tarifi. 
Gümrükhana tarifi. Salgytlar tarifi. Aragatnaşyk 
tarifi. 2. Bir zat üçin kesilýän nyrhyň, tölemeli 
tölegleriň tablisasy, sanawy. Töleg puluny tarif 
bilen deňeşdirip barlamak. 
TARK, s.ş.aňl.söz. Ýeke sapar tarkyldap çykýan 
ses, tarkyldy. – Haw, sen ýalňyşýarsyň – diýip, 
Annaguly sözüni soňlamanka, tark edip atdy (A. 
Durdyýew). 
TARK-TARK, s. ş. aňl. söz. Agaja, demre gaty 
zat bilen urlanda yzly-yzyna çykýan sesler, tark-turk. 
TARK-TURKs. ş. aňl. söz. Tüpeň yzly-yzyna 
atylanda çykýan sesler. Häliden bäri käte bir çykýan 
tark-turkam ýatypdy (A. Nazarow).
TARKYLDAMA 
[tarkyllama], 
iş 
ady. 
Tarkyldamak ýagdaýy. 
TARKYLDAMAK [tarkyllamak], işl. 1. Agaja, 
demre gaty zat bilen urlanda tarkyldyly ses çykmak. 
2. Atylmak, göçmek (tüpeň hakynda). Tüpeňler yzly-
yzyna dört gezek tarkyldady (B. Kerbabaýew).
TARKYLDAMAKLYK [tarkyllamaklyk], iş ady. 
Tarkyldamak ýagdaýy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   576   577   578   579   580   581   582   583   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling