Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet567/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   563   564   565   566   567   568   569   570   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

 Takdyra ten bermek başa gelenini görmek, her 
bir zada çydam etmek, döz gelmek. 
TAKGA Iat, gepl.d., ser. Tahýa.
TAKGA II: takga jany çykmak birden ölmek. 
TAKGAZ [takga:z], at. Bedeniniň uzynlygy 35-
40 sm ýetýän teňňeli deňiz balygy. Balykçylar bu ýyl 
takgaz balygyny tutmaklyga geçen ýylkysyndan ir 
çykdylar (

Türkmenistan

). 
TAKGYLDAMA [takgyllama], iş ady.
Takgyldamak ýagdaýy. 
TAKGYLDAMAK[takgyllamak],işl. Tarkyldyly 
ses çykmak, takgyldyly seslenmek. 
TAKGYLDAMAKLYK [takgyllamaklyk], iş 
ady. Takgyldamak ýagdaýy. 
TAKGYLDATMAK[takgllatmak],işl.Takgyldy 
ly seslendirmek. 
TAKGYLDAÝYŞ 
[takgyllaýyş], 
iş 
ady. 
Takgyldamak ýagdaýy. 
TAKGYLDY [takgylly], at. Gaty zatlaryň biri-
birine degmegi bilen döreýän sesiň ady. Çekijiň 
takgyldysy. 
TAKLADYŞ [takyladyş], iş ady. Taklamak 
ýagdaýy. 
TAKLAMA [takylama], iş ady. Taklamak 
ýagdaýy. 
TAKLAMAK [takylamak], işl. 1. Gysgançlyk, 
husytlyk etmek, bar hem bolsa, ýok diýip oturmak. 
Suhan gatynyň şunça zadyň arasynda taklap oturşyna 
öz içinden gahary gelip: – Ýeri, Suhan aga, dünýäde 
näme gep-gürrüň eşidýärsiňiz? – diýdi (H. 
Derýaýew). 2. göç. m., Birden ölmek . Taklap jany 
çykdy. 
TAKLAMAKLYK [takylamaklyk], iş ady. 
Taklamak ýagdaýy. 
TAKLATDYRMAK [takylatdyrmak], işl. Gaty 
jisimleri biri-birine urup, takgyldyly ses çykartmak. 
TAKLATDY [takylatdy], at. Iki setir edilip 
gazylan on iki sany çukurjygyň hersine dört sany 
gumalak salnyp, iki adam bolup oýnalýan oýun. 
TAKLATMAK [takylatmak], iş ady. Gaty zat 
bilen başga bir gaty zady urmak. 
TAKLAÝYŞ [takylaýyş], iş ady. Taklamak 
ýagdaýy. 
TAKMYN [takmy:n], syp. Çak bilen, çen bilen, 
takmynan. Ol özüniň täze tanşyny kellesi bilen ümläp 
görkezdi we takmyn şeýle gürrüň berdi (A. 
Durdyýew). 

 Takmyn sanlar düýp sanlaryň yzyna -lar, -ler 
san goşulmasy, soňra bolsa -ça, -çe söz ýasaýjy 
goşulma goşulyp aňladylýan sanlar. Meselem: 
onlarça, ýüzlerçe, müňlerçe. 
TAKMYNAN [takmy:na:n], hal., ser. Takmyn
Är-heleý takmynan salgy alyp ýola düşdi (N. 
Saryhanow).
TAKRAMA [takyrama], iş ady. Takramak 
ýagdaýy. 
TAKRAMAK 
[takyramak], 
işl., 
ser. 
TaňkyramakÝap takrap gurap gidipdir. 
TAKRAMAKLYK [takyramaklyk], iş ady. 
Takramak ýagdaýy. 
TAKRAŞMAK 
[takyraşmak], 
işl., 
ser. 
TaňkyraşmakBedreleriň ählisi takraşyp ýatyr. 
TAKRATMAK 
[takyratmak], 
işl., 
ser. 
Taňkyratmak.Çäýnegi takradyp goýmak. 
TAKRAÝYŞ [takyraýyş], iş ady. Takramak 
ýagdaýy.
TAKSI [taksy / ta:kys], at. Kireýne ýolagçy 
gatnadýan, ýük daşaýan maşyn. 
TAKSIÇI [taksyçy / ta:kysçy], at. Taksi sürüji. 
TAK-TAKs.ş.aňl.söz. Takgyldyly ses.. 

Tak-tak etmek takgyldyly ses çykarmak. Tak-
tak etdim, dalak iýdim, Pök-pök etdim, böwrek iýdim 
(

Türkmen halk ertekileri

). 


345 
TAKWA [takwa:], syp. Dindar, namazhon, dini 
däp-dessura uýýan. Özüni takwaýy bilip, agýar 
bolgan sopular (Misgingylyç). 
TAKWALYK [takwa:lyk], at. Namazhonlyk, 
dindarlyk. Ol aýalyň takwalygy, hudaýparazlygy, 
nämähreme ýüzüni görkezmeýäni hakynda dabara 
bilen gürrüň edişipdirler (B. Kerbabaýew).
TAKWASYRAMA [takwa:syrama], iş ady. 
Takwasyramak ýagdaýy. 
TAKWASYRAMAK 
[takwa:syramak], 
işl. 
Takwa adam bolan bolmak, özüňi takwa adam edip 
görkezjek bolmak. Daşyndan göräýmäge takwasyrap 
gezip ýörendir weli, Garýagdy sopy her iş eder 
diýseler ynanaýmalydyr (A. Gowşudow).
TAKWASYRAÝYŞ [takwa:syraýyş], iş ady. 
Takwasyramak ýagdaýy. Men onuň takwasyraýşyny 
halamadym. 
TAKYKat.1kön.s. Towuk. 2. Müçe hasabynda 
onunjy ýylyň ady. 
TAKYK [ta:ky:k], syp. Has dogry, doly, anyk, 
hakyky. Takyk maglumat. 

 Takyk ylymlar matematika esaslanýan ylymlar.
TAKYKLAMA [ta:ky:klama], 1. iş ady. 
Anyklamak,takyklamak ýagdaýy. 2. at. Takyklaýjy 
düzediş. Ol meselä takyklama girizmek gerek. 
TAKYKLAMAK [ta:ky:klamak], işl. Takygyna, 
anygyna ýetmek, anyklamak. 
TAKYKLAMAKLYK [ta:ky:klamaklyk], iş ady. 
Takyklamak ýagdaýy. 
TAKYKLANMAK [ta:ky:klanmak], işl. Bir 
mesele, bir zat, waka anyklanmak, bilinmek. 
Myhmanlaryň bu ýere geljegi-gelmejegi takyklandy. 
TAKYKLAŞDYRMAK [ta:ky:klaşdyrmak], işl. 
Ýüze çykan meseleleri anyklap çykmak. 
TAKYKLAŞMAK [ta:ky:klaşmak], işl. Ýüze 
çykan meseläni, ýagdaýy anyklaşmak, anygyna 
ýetmek, 
çyn 
ýa 
ýalandygyny, 
dogry 
ýa 
nädogrudygyny 
bilmek 
işinde 
başga 
birine 
kömekleşmek. 
TAKYKLATDYRMAK [ta:ky:klatdyrmak], işl. 
Birine bir meseläni, ýagdaýy anyklatdyrmak, 
anygyna ýetdirmek. 
TAKYKLATMAK [ta:ky:klatmak], işl. Ýüze 
çykýan 
meseläniň, 
ýagdaýyň 
dogry 
ýa 
nädogrulygyny, 
çyn ýa ýalandygyny birine 
anyklatmak, barlatmak. 
TAKYKLAÝYŞ 
[ta:ky:klaýyş], 
iş 
ady. 
Takyklamak ýagdaýy. 
TAKYKLYK [ta:ky:klyk], at. Hakykata laýyklyk, 
anyklyk. Önümçilikde takyklygy we sazlaşygy 
gazanmaly (

Türkmenistan

). 
TAKYR, 1. at. Orta Aziýa çöllüklerindäki we 
ýarym çöllüklerdäki toýunsow, tekiz düzlükler. 
Garagumda takyr ýerler kän. 2. Çitimsiz kakylyp 
dokalan (palas hakynda). Takyr palas. 3. syp. Düz, 
tekiz ýer, meýdan. Takyr ýer. 4syp., göç.m. Boş, hiç 
zatsyz. Mekdebiň öňi eliň aýasy ýaly takyrdy. 5syp., 
göç.m. Tüýsüz, saçsyz. Takyr kelle. 
TAKYRDAMAiş ady. Takyrdamak ýagdaýy. 
TAKYRDAMAK, işl. Takyrdyly ses döremek, 
takyrdyly ses çykmak, takyrdyly seslenmek. Işik 
takyrdanda, Sapa garry enäniň heniz hem gapynyň 
daş ýüzünde duranyny aňlap, gapynyň kildini 
ýazdyrdy (A. Gowşudow). 
TAKYRDAMAKLYK, iş ady. Takyrdamak 
ýagdaýy. 
TAKYRDAŞMAKişl. Birnäçe zat takyrdamak. 
TAKYRDATDYRMAK, işl. Takyrdyly ses 
çykartdyrmak. 
Boş 
bedräni 
ogluňa
takyrdatdyrmasana. 
TAKYRDATMAK, işl. Bir zady takyrdamak 
derejesine ýetirmek, takyrdar ýaly etmek. Ýanyndaky 
eýmenç sokyň Erňeginden ýapyşdy-da, Gara daşyn 
takyrdatdy (K. Gurbannepesow). 
TAKYRDAÝYŞ, iş ady. Takyrdamak ýagdaýy. 
Arabanyň takyrdaýşy. 
TAKYRDY, at. 1. Gaty zatlaryň biri-birine 
degmegi sebäpli döreýän sesiň ady. – Küşt! – diýen 
sesi tagtanyň takyrdysy bilen goşulýardy (B. 
Kerbabaýew). 2. Üznüksiz atylýan tüpeň, pulemýot 
ýaly ýaraglaryň sesi. 
TAKYRDYLY, syp. Takyrdap çykýan, takyrdy 
döredýän.  
TAKYRDYSYZsyp. Takyrdy döretmeýän,
takyrdysy ýok. Maşyn takyrdysyz gidip barýardy. 
TAKYRÄLEM [takyrä:lem], at. Suwulgandan 
kiçiräk hažžygyň bir görnüşi. 
TAKYRJAK, syp. Kiçijik takyr (ýer). Oratdy 
bolsa gapylarynyň öň ýanyndaky takyrjak ýerde bir 
ýalpyldawujak zady oýnap ýördi (B. Annageldiýew). 
TAKYRLYK, at. Giden takyr ýer, takyr ýerleri 
köp bolan giňişlik. Uçar käte duş gelýän gumara 
takyrlyklary bireýýäm geçip, häzir Garagumuň 
birsydyrgyn gum depeleriniň üsti bilen barýardy (B. 
Gurbanow).
TAKYR-TUKUR, s. ş. aňl. söz. Üzlem-saplam 
çykýan takyrdy. Ondan-mundan takyr-tukur eşidildi. 
TAKYRÝORGA [takyrýorğo], at. Ýorgalap çalt 
ýöreýän guş. Gezermen takyrýorgajyklar bir ýerden 
gymyldaman, ganatlaryny günüň öňüne gerip, 
jüýjesini penalaýardy (B. Gurbanow). 
TAKY-TULUM [ta:ky-tulum], syp. Hondanbärsi 
bolup duran, ulumsy, gopbamsy. Görseň, bir oturan 
taky-tulumdyr, Özünden ýokara gülüm-ýalymdyr (A. 
Salyh). 
TAL I, at. Insiz, uzyn ýaprakly, ýaýraň, çeýe 
şahaly agaç, söwüt. Jylawyny bir tala ildirdi (

Kitaby 
dedem Gorkut

). Ýap boýunda biten tallar, Al 
ýaňakdan damar ballar (Mätäji). 

Ak tal söwütler maşgalasyna degişli bu agaç 
öz daşky görnüşi boýunça söwüde meňzeş, ýöne bu 
agajyň reňki agymtyl, özem port. Ak tal ösümligi, 
esasan, Çärjew, Daşoguz welaýatlarynda köp ekilip, 
onuň gabygyndan taýýarlanan jöwher halk 
lukmançylygynda sowuklamanyň garşysyna we ödi 
arassalaýjy serişde hökmünde ulanylýar. Selbi tal  
TAL II, at. deňízç. Bogaldakdan gaýdýan dört 
sany ýüpüň ady. 
TALAat. kön.s. Horaz. Hemme jüýje bir tala, o-
da hudaý ýoluna (Nakyl). 
TALABAN [talava:n], at, taryh. Hakyna tutma 
işçi, batrak. Olar talaban durup, goýun bakyp alan 


346 
haklarynyň hem bir köpügini sowman, kakasyna 
getirip tabşyrardylar (A. Gowşudow).
TALABANÇYLYK 
[talava:nçylyk], 
at. 
Talabanlyk bilen meşgullyk, biriniň garamagynda 
bolup, oňa hyzmat etmeklik, hakyna tutulmaklyk. 
TALABEDIJILIK [talavedijilik], at. Talap ediş 
derejesi.  
TALAGAR [talağar], syp. Goýan ýeriňde 
gymyldaman rahat durmaýan (gap-gaç we ş.m. 
hakynda). Talagar jam. 
TALAK, at. Nikanyň bozulýandygy hakynda 
erkek adam tarapyndan 

boş

diýen manyda aýdylýan 
söz. Siz menden talak! Talak! Siz menden talak! – 
diýip, üç gezek gygyryp aýda-aýda gitdi (N. 
Saryhanow). 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   563   564   565   566   567   568   569   570   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling