Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TAGMALAMAK  [tağmalamak],  işl. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet565/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   561   562   563   564   565   566   567   568   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TAGMALAMAK 
[tağmalamak], 
işl.
1. Gyzdyrylan demri, çişi we ş.m. zatlary mallaryň 
bedenine basyp bellik etmek. Düýäni tagmalamak. 2
Bir zada bellik etmek, yz galdyrmak. 
TAGMALAMAZLYK [tağmalamazlyk], iş ady. 
Tagma basmazlyk. 
TAGMALAŞDYRMAK [tağmalaşdyrmak], işl. 
Birnäçe goýna, geçä we ş. m. tagma basyp çykmak. 
Ownuk mallary tagmalaşdyrmak işi gutardy. 
TAGMALAŞMAK 
[tağmalaşmak], 
işl. 
Tagmalamaga kömek etmek. 2. Bilelikde 
tagmalamak. Olar dowarlary tagmalaşyp ýör. 
TAGMALATMAK [tağmalatmak], işl. 1
Tagmalamak 
işini 
başga 
birine 
etdirmek, 
tagmalamaga mümkinçilik bermek, tagmalamaga ýol 
bermek. Sen hem goýunlaryňy iliňkä garyşmaz ýaly 
derrew tagmalat. 
TAGMALAÝYŞ  [tağmalaýyş], iş ady. 
Tagmalamak ýagdaýy . 
TAGMALY [tağmaly], syp. Tagmasy bar, tagma 
basylan. Tagmaly mal. 
TAGMASYZ [tağmasyz], syp. Tagmasy ýok, 
tagma basylmadyk. Düýeleriň arasynda bir tagmasyz 
düýe bar.  
TAGNA [tağna], at, k.d. Teýene, kinaýa, ýaňsy, 
şyltak, nähak ýüklenýän ýazyk, garalyk. Rakybyň 
tagna sözleri Jana dert oldy, dert oldy (

Görogly

). 
Bir tagna söz üçin munça gaçar sen, Aşyk bolsaň, 
niçe ýanyp-öçer sen (

Şasenem – Garyp

). 
TAGNALY [tağnaly], syp. Teýeneli, kinaýaly, 
töhmetli, myjabatly. Onuň häzirki 

han

diýeni 
Öweziň gulagyna kinaýa bilen aýdylýan sözler bolup 
degdi we tagnaly sözler bilen özi masgaralanýan 
şekilli göründi (A. Gowşudow).
TAGSYP [tağsy:p], at, k.d. Ar-namys. Ýomut-
gökleň tagsyp edip özünden, Çyksa goşun, öňi-ardy 
bilinmez (Magtymguly). 
TAGSYPLY [tağsy:ply], syp. Arly-namysly. Bir 
tagsyply goç ýigit, Är ýanynda bellidir (Zelili). 
TAGSYPSYZ [tağsy:psyz], syp. Arsyz-namyssyz  
TAGSYR [tağsy:r] I, at. Günä, ýazyk, etmiş, 
kemçilik. 

Eý, şazada, biziň tagsyrymyzy geçgil! Sizi 
bigünä urduk

 diýdiler (

Asly – Kerem

). 
TAGSYR [tağsy:r] II, at. Belent derejeli 
adamlara (köplenç, işan-mollalara) ýüzlenilende


343 
hormat edilip aýdylýan söz. Tagsyr, patyşamyz, biz 
siziň ýurduňyzga Genji-Garabagdan gelipdik (

Nejep 
oglan

). 
TAGSYRLY [tağsy:rly], syp., k.d. Günäli, 
ýazykly, etmişli, asy. Her kim bolsa, şa ýanynda 
tagsyrly, Arz edip günäden ýuwsun diýdiler 
(Şabende). 
TAGT[tağyt] Iat. Häkimiýet nyşany hökmünde 
ulanylýan aýratyn kürsi, şalaryň oturýan ýeri. Derse 
han oglana beglik berdi, tagt berdi. Oglan tagta 
çykdy (

Kitaby dedem Gorkut

). 

Tagta mündürmek patyşa etmek, häkimiýet 
başyna geçirmek. Tagtdan düşürmek häkimiýet 
başyndan aýyrmak, patyşalykdan mahrum etmek. 
TAGT [tağyt] II, at. Ýeriň suwarylyp, sürüme 
taýýar bolan yzgarlylyk ýagdaýy. Ýer tagt däl. 
Suwarylandan soň, ýer tagta gelipdir. 

Tagtdan çykmak sürüljek ýeriň yzgary 
gaçmak, gatamak. Siz ýeri ertir süräýmeseňiz,
tagtdan çykar. Tagta gelmek tagt bolmak (ýer 
hakynda). Suwarylandan soň, ýer tagta gelipdir. 
Tagta getirmek tagt bolmak derejesine ýetirmek, tagt 
etmek. Tagt suwy sürüljek ýere öňünden tutulýan 
suw. Tagt suwuny tutup ýören daýhanlaryň ýanyna 
bardyk. 
TAGTA [tağta] I, at. Agaçdan, pürsden dürli 
galyňlykda, ýasy görnüşde kesilen agaç (gurluşyk 
materialy). 
TAGTA [tağta] IIat. Hat ýazmak üçin belli bir 
ölçegdäki ýukajyk kagyz, list. Bukjanyň içindäki üç 
tagta kagyz çykdy (N. Saryhanow).
TAGTA [tağta] III, at. Baýryň, dagyň üstünde 
ekin ekmäge ýaramly düz, tekiz giden meýdan. Şu 
beýik dagyň üstünde ýüzlerçe gektar meýdany bolan 
tagta bardy (A. Gowşudow).
TAGTA [tağta] IV, at. Ýüzüne hek bilen hat 
ýazylýan okuw enjamy. Annagözel tagtada 

A

-nyň 
suratyny çekdi (A. Alamyşow).
TAGTABITI [tağtaviti], at. Jandarlaryň gany, 
ösümlikleriň şiresi bilen iýmitlenýän mugthor 
mojejik. 
TAGTAÇA [tağtaça], at. Üstünde oturmak, 
ýatmak üçin tagtadan edilen ýörite seki, meýdança. 
TAGTALAMA [tağtalama], iş ady. Tagtalamak 
ýagdaýy. 
TAGTALAMAK [tağtalamak], işl. Tamyň üstüni 
ýapmak, bir ýeriň daşyny baglamak we ş. m. üçin 
tagta çüýlemek, tagta kakmak. Tamyň üstüni 
tagtalamakGoýun ýatagynyň daşyny tagtalamak.
TAGTALAMAZLYK [tağtalamazlyk], iş ady. 
Tamyň üstüni tagta bilen örtmezlik.  
TAGTALANMAK [tağtalanmak], işl. Tamyň 
üstüni ýapmak, bir ýeriň daşyny baglamak we ş.m. 
üçin tagta çüýlenmek, tagta kakylmak. Tamyň üsti 
tagtalandy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   561   562   563   564   565   566   567   568   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling