Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TAGTALAŞMAK  [tağtalaşmak],  işl.  1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet566/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   562   563   564   565   566   567   568   569   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TAGTALAŞMAK 
[tağtalaşmak], 
işl. 
1
Tagtalamaga kömekleşmek. 2. Bilelikde tagtalamak. 
Ussalar tamyň üstüni tagtalaşyp durdular
TAGTALATDYRMAK [tagtalatdyrmak], işl. 
Tagtalamak işini başga biriniň üstüne ýükledip 
etdirmek. 
 TAGTALATMAK [tağtalatmak], işl.Tagtalamak 
işini başga birine etdirmek.
TAGTALAÝYŞ [tağtalaýyş], iş ady. Tagtalamak 
ýagdaýy. 
TAGTLABERMEK 
[tağytla:vermek], 
işl. 
Tagtlamaga girişmek. 
TAGTLAMA [tağytlama], iş ady. Tagtlamak 
ýagdaýy.  
TAGTLAMAK [tağytlamak], işl. Ýere suw 
tutup, tagt edip goýmak, tagta getirmek. 
TAGTLAMAKLYK [tağytlamaklyk], iş ady. 
Tagtlamak ýagdaýy. 
TAGTLAMAZLYK [tağytlamazlyk], iş ady.
Tagt edip goýmazlyk. 
TAGTLAÝYŞ [tağytlaýyş], iş ady. Tagtlamak 
ýagdaýy. 
TAGTY-TÄÇ [tağty-tä:ç], at, ser. Tagt I
TAGYRDAMAK [tağyrdamak], işl. Galtak we ş. 
m. eliň bilen itilip sürlende tagyrdyly ýöremek. 
TAGYRDATMAK [tağyrdatmak], işl. Galtagy 
we ş. m. eliň bilen itip süreniňde tagyrdyly 
seslendirip ýöretmek. 
TAGYRDY [tağyrdy], at. Galtak we ş. m. eliň 
bilen itilip sürlende tagyr-tagyr edip çykýan sesiň 
ady. 
TAGYR-TAGYR [tağyr-tağyr], s. ş. aňl. söz. 
Galtak we ş.m. eliň bilen itilip tagyrdadylyp sürlende
yzly-yzyna çykýan sesler. 
TAGZYM[tağzy:m], at.Hormat, baş egmeklik. Ol 
üç ýola tagzym kyldy (

Zöhre – Tahyr

). Ol iki ilçi 
gelip, Hojamberdi hanga tagzym bile salam berdi 
(

Hojamberdi han

). 

 Tagzym etmek baş egip hormatlamak. Görogly 
dagynyň yzyndan ýetip, tagzym edip, salam berdiler 
(

Görogly

).
TAGZYM-TOWAZYG [tağzy:m-towa:zyğ], at, 
ser. Tagzym. Şol wagt Gara batyr Zöhräniň öňüne 
geçip, tagzym-towazyg bilen arzy-halyny sözläp, 
Zöhrä garap, bäş keleme söz diýdi (

Zöhre – Tahyr

). 
Mämmet han patyşanyň gaşyna baryp, tagzym-
towazyg bilen iki bükülip salam berdi (

Saýatly – 
Hemra

). 
TAHALLUS [tahallu:s], at, k. d., ser. Lakam
Ismim idi Nurmuhammet Garyp, Sözde tahallusym 
erdi Andalyp (Andalyp). 
TAHMYS [tahmy:s], at. Şygyr düzmegiň bir täri 
(başga bir şahyryň iki setirli gazalynyň öňünden
şonuň bilen kybapdaş üç setir goşup, muhammes 
(bäşleme) ýasama). Andalyp Nowaýa öýkünip, 
birnäçe tahmys döredipdir. 
TAHYL, at. Stoluň we ş. m. ownuk zatlar 
salynýan çekeri. Başlyk stoluň tahylyny çekip, ondan 
bir kagyz aldy. 
TAHÝA, at. Gaýmalanyp hem-de keşdelenip 
tikilen baş gaby, börük. Gyzym, gyzlaryň hany, 
Gyzym tiker tahýany (Hüwdi). Kiçijik oglan kiçijik 


344 
tahýa geýer (Matal. Jogaby: barmak we oýmak). Gyz 
tahýaOglan tahýa
TAHÝAÇA, hal. Başy tahýaly. Eýwanyň 
öňündäki ak öýleriň işiginde kellesi tahýaça bir 
ýetginjek oglan durdy (A. Gowşudow). Beýle 
sowukda tahýaça gelmeli däl ekeniň, telpek 
geýmezlermi? 
TAHÝALYKsyp. Tahýa tikmek üçin niýetlenen 
(mata). Ynha size köýneklik hem tahýalyk getirin (O. 
Täçnazarow). 
TAKAL, at. Biderek söz, boş, ugursyz
gürrüň. 

Takal okamak boş, ugursyz gürrüň etmek. 
Gyzsoltan, men-ä saňa ýene biri ýaly takal okap, 
gürrüň aýlap oturjak däl (T. Gurbanow).
TAKAT [ta:kat], at. Adamyň çydam, sabyr 
etmäge bolan ukyby, sabry, karary.

Takaty gaçmak bikarar bolmak, sabyr-karary 
gaçmak, çydamsyz, aljyraňňy ýagdaýa düşmek, 
biynjalyk bolmak. Bu sözi eşidip, Selbinyýazyň takaty 
gaçdy (

Saýatly – Hemra

). 
TAKATLY [ta:katly], syp. Her bir ýagdaýa 
çydam, sabyr edip bilýän, sabry-karary ýetýän. Kyýas 
hem edil kakasy ýaly, güler ýüzlüdi, alçakdy, giňdi, 
takatlydy (N. Jumaýew). 
TAKATLYLYK [ta:katlylyk], at. Takaty, sabry-
karary barlyk, sabyrlylyk. Ol takatlylyk bilen başlap, 
işini soňuna çenli alyp barmaklygy başarýar 
(

Nesil

). 
TAKATSYZ [ta:kassyz], syp. Takat edip 
bilmeýän, sabyr-kararsyz, tagapyl etmeýän. Bahary 
garşy almaklyga takatsyz garaşýan Maýa garly gün 
uzalyp, sagat hem haýal hereket edýän ýalydy (B. 
Gurbanow).
TAKATSYZLANMA [ta:kassyzlanma], iş ady. 
Takatsyzlanmak ýagdaýy. 
TAKATSYZLANMAK [ta:kassyzlanmak], işl. 
Bir zat, mesele dogrusynda rahatsyzlanmak, aram-
karary bolmazlyk. Ol jorasynyň wagtynda gelmeýşine 
takatsyzlandy. 
TAKATSYZLYK [ta:kassyzlyk], at. Takaty 
ýokluk, sabyr-karary bolmazlyk, sabyrsyzlyk. 
TAKDYR [takdy:r], at. Adamyň durmuşynda 
onuň erkine bagly däl ýagdaýda bolup geçýän 
ahwalat, ykbal, täleý, kysmat, ýazgyt. ...Keýwanyň 
hem üçülenji tarapdan, Şolara baglyrak seniň 
takdyryň (K. Gurbannepesow). 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   562   563   564   565   566   567   568   569   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling