Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ŞUGULLYK [şuğulluk], işl., ser. Şugulçylyk


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet556/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   552   553   554   555   556   557   558   559   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ŞUGULLYK [şuğulluk], işl., ser. Şugulçylyk
Şugullyk etmek. 
ŞUGUNDYR [şuğunnur], at. 1. Selmeler 
maşgalasyndan bolan uzyn süýri ýaprakly gök ekin. 
2. Şol ekiniň kökünde emele gelýän iýilýän gyzyl 
togalak hasyly. Bir düýp şugundyr. Şugundyrlar 
düýpläp başlapdyr. 
ŞUL, at. Göze sowuk degmegi netijesinde 
döreýän göz ýaşarma keseli, göz agyrydan galan 
kesel. Gan guýlan ýaly onuň ýüzüne, Agyryp şul 
tapan göze meňzeýär (Ş. Kekilow). 
ŞULHA [şulho], at. Mal iými üçin pagta çigidiniň 
gabyklaryndan, 
galyndylaryndan taýýarlanylýan 
önüm. Mallara gyşyna şulha, silos, sarun, kepek 
berilýär. 
ŞULLARMA [şullormo], iş ady. Şullarmak 
ýagdaýy. 
ŞULLARMAK [şullormok], işl. Şully bolmak, 
agyry, kesellilik zerarly suwjaryp durmak (göz 
hakynda). Şally bolsa eliniň aýasy bilen şullaran 
körmüş gözlerini syryp: 

Çöregi bitin eken

diýdi 
(

Edebiýat we sungat

). 
ŞULLARMAKLYK [şullormokluk], iş ady. 
Şullarmak ýagdaýy. 
ŞULLARTMAK [şullortmok], işl. Gözüňi 
gyzardyp, suwjardyp ýörmek. Gözüni şullardyp, dört 
tarapa hat ýazyp, zyňyp otyr (A. Durdyýew).
ŞULLARYŞ [şulloruş], iş ady. Şullarmak 
ýagdaýy. 
ŞULLYsyp. Şul keseli degen, şul keselli. Ýaşuly 
oňa şully gözüniň gytagyny aýlady (B. Kerbabaýew).
ŞUM, syp. Erbet, ýaramaz, ýaman, pis. Ogry 
şum, orramsy şum, belki ol şumdan beter (Kemine). 
Ol şum habara ynanjagyny-da bilmändir (Ý. 
Durdyýew).
ŞUMJARMA [şumjormo], iş ady. Şumjarmak 
ýagdaýy. 
ŞUMJARMAK 
[şumjormok], 
işl. 
Çala 
aglamjyramak, şumjarylmak. Abdyryzagyň bolup 
durşy-da, aýdan sözi-de, ýeňsesine çalanda şumjaryp 
ötägitjek oglan däldigini açyk görkezip durdy (B. 
Kerbabaýew).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   552   553   554   555   556   557   558   559   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling