ŞUGUL [şuğul] I, at. 1. Biri ýa-da bir zat
hakynda ýerliksiz ýaýradylan gürrüň. Şirin daýzanyň
ogly Arslan hakda ýaýran şugul obanyň şugulçysy
Mahmaldan başga hiç kimden çykmaz (N. Jumaýew).
2. Şugulçy. Kimde bolsa bir şugul baryp ony Gully
jinnege habar beripdir (A. Gowşudow).
ŞUGUL [şuğul] II, at. Gurluşykda jaýyň
diwarlaryny, burçlaryny dogry, göni çykarmak üçin
ujuna agyr zat dakylyp, ýokardan aşak sallanýan eriş,
kiriş.
ŞUGULÇY [şuğulçy], at. Biri hakda ýakymsyz,
ýaramaz habar ýaýradýan adam, şugulçylyk bilen
meşgullanýan adam, gepçi, şugul. Şugulçy, gybatkeş
arabozarlar, Doldurdy obany dürli
myş-myşdan
(A. Kekilow).
ŞUGULÇYLYK [şuğulçuluk], at. Şugulça
mahsus bolan gylyk-häsiýet, şugullyk. Şu ýaşdan soň
şugulçylyk edib-ä gün görjek däl (B. Pürliýew).
ŞUGULLAMA [şuğullomo], iş ady. Şugullamak
ýagdaýy.
ŞUGULLAMAK [şuğullomok], işl. Biri ýa-da
bir zat hakynda bolan ýa bolmadyk wakany birine
gizlin aýtmak.
Her näme-de bolsa, dogany Hoşly
molla muňa bir zat şugullandyr, şonuň üçinem bu
meni çagyrandyr
diýip, pikir etdi (A. Gowşudow).
ŞUGULLAMAKLYK [şuğullomokluk], iş ady.
Şugullamak ýagdaýy.
ŞUGULLAMAZLYK [şuğullomozluk], iş ady.
Birine ýamanlyk etmek niýeti bilen onuň eden
zadyny başga birine aýtmak, ýetirmek, habar bermek.
ŞUGULLANMAK [şuğullonmok], işl. Biri
hakynda şugul ýaýradylmak.
ŞUGULLATMAK [şuğullotmok], işl. Birine biri
hakda şugul ýaýratdyrmak.
ŞUGULLAÝYŞ [şuğulloýuş], iş ady. Şugullamak
ýagdaýy.
Do'stlaringiz bilan baham: |