Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ŞIRELEME [şi:releme], iş ady. Şirelemek  ýagdaýy.  ŞIRELEMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet550/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   546   547   548   549   550   551   552   553   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ŞIRELEME [şi:releme], iş ady. Şirelemek 
ýagdaýy. 
ŞIRELEMEK [şi:relemek], işl. Ekine, miweli 
agaçlara şire düşmek, şire degmek. Hyýarymyz 
şireläpdir. 
ŞIRELEMEKLIK [şi:relemeklik], iş ady. 
Şirelemek ýagdaýy. 
ŞIRELEMEZLIK [şi:relemezlik], iş ady. Şire 
degmezlik. 
ŞIRELEÝIŞ [şi:releýiş], iş ady. Şirelemek 
ýagdaýy. 
ŞIRELI [şi:reli], 1. Şire ýelmeşen, şire ýokan, 
şire degen. Oglum, şireli eliň bilen hiç zat elleme2
Tagamly, lezzetli, süýji. Mähnet gazandaky palawy 
aşpez, kepgir bilen agdardy, olardan göterilýän şireli 
bug atbaşçylaryň burnuna urdy (B. Kerbabaýew). 3
Üýtgeşik täsirli, täsin. Ýazyjy şireli sözleri ulanmagy 
başarýar.
ŞIRELILIK [şi:relilik], at. Şireli bolmaklyk.
ŞIREM [şi:rem], at. 1. Iki deräniň arasyndaky 
ýer. 2. Dagyň ýüzündäki dikligine çykylýan pyýada 
ýol. 
ŞIRE-ŞEPBIK [şi:re-şepbik], at. Ýelmeşýän 
şire, şepbik ýaly zatlar. Ir-iýmiş ýygnamak bilen 
elleri şire-şepbik bolup duran adamlar degişýärdiler 
we gülüşýärdiler (A. Gowşudow). 
ŞIRE-ŞEPIR [şi:re-şepir], at, gepl.d. Her hili 
miweler, gawun-garpyz. Heniz şire-şepirem çykyp 
baranok. 
ŞIRGUÝRUK [şi:rğuýruk], at. Köpýyllyk, 
otjumak ýabany ot. 
ŞIRIN, syp. 1. Süýji, tagamly, lezzetli. Şirin 
şerbet. Şirin çakyr. 2. göç.m. Ýakymly, mylaýym, 
jana ýaramly, labyzly. Şirim söz. Şirin mukam. Şirin 
saz. 3. Gyza dakylýan at. 
ŞIRINLIKat. 1. Süýji tagamlylyk, lezzetlilik. 2
göç.m. Ýakymlylyk, mylaýymlyk, jana ýaramlylyk, 
labyzlylyk.
ŞIRIN-ŞEKERsyp. Süýji tagamly, lezzetli, örän 
süýji. Tylla reňkli gülabymyz, şirin-şeker tagamy 
agzyňdan gitmeýän ter waharmanymyz barada 
gürrüň berdim (

Edebiýat we sungat

). 
ŞIRIN-ŞERBET [şirin-şervet], syp., ser. Şirin-
şeker
ŞIRLEMEiş ady. Şirlemek ýagdaýy. 
ŞIRLEMEK, işl. Şirrildili ses etmek, şirrildili 
seslenmek, şirrildemek, şildiremek (akýan suw we 
ş.m. hakynda). Çeşmeler şirläp täsin ses edýär. 
ŞIRLEMEKLIKiş ady. Şirlemek ýagdaýy.
ŞIRLEMEZLIK, iş ady. Akýan wagty şirrildäp 
seslenmezlik.
ŞIRLEŞMEKişl. Şirrildili ses edişmek. 
ŞIRLETMEKişl. Şirlär ýaly edip akdyrmak. 
ŞIRLEÝIŞiş ady. Şirlemek ýagdaýy. 
ŞIRMAÝY [şirma:ýy], syp. Pil süňkünden 
ýasalan önüm (başdarak, pyçagyň sapy we ş.m.). 
Şirmaýydan ýasalgan darakyňa muştagam, Ertir-
agşam sypasam, zülpüň uzar, Aýperi (Mätäji). 


331 
Dutaryň şirmaýy bar perdesinden, Watan sözi mähir 
bilen ýaňlanýar (A. Kowusow).
ŞIRPILDEME [şirpilleme], iş ady. Şirpildemek 
ýagdaýy. 
ŞIRPILDEMEK [şirpillemek], işl. Suw ýa-da 
suwuk zatlar azajykdan içilende şirpildili ses 
çykmak. 
ŞIRPILDEMEKLIK [şirpillemeklik], iş ady. 
Şirpildemek ýagdaýy. 
ŞIRPILDEMEZLIK [şirpillemezlik], iş ady. 
Şirp-şirp etmezlik, şirpildili seslenmezlik. 
ŞIRPILDETMEK [şirpilletmek], işl. Suw ýa-da 
suwuk zatlar azajykdan içilende şirpildili ses 
çykarmak, şirp-şirp etmek, şirpildili seslendirmek. 
Muhat aga käsesindäki çaýyndan şirpildedip 
owurtlady (N. Pomma). 
ŞIRPILDEÝIŞ [şirpilleýiş], iş ady. Şirpildemek 
ýagdaýy. 
ŞIRPILDI [şirpilli], at. Suw ýa-da suwuk zatlar 
azajykdan sesli içilende çykýan sesiň ady. 
ŞIRP-ŞIRPs.ş.aňl.söz. Suw ýa-da suwuk zatlar 
azajykdan sesli içilende çykýan sesler. 
ŞIRRILDEME [şirrilleme], iş ady. Şirrildemek 
ýagdaýy. 
ŞIRRILDEMEK 
[şirrillemek], 
işl., 
ser. 
Şirlemek. Şonuň emedekläp barýan ýerinde 
semawaryň jüründiginden dökülýän ýaly, ujypsyzja 
suwjagaz hem şirrildeýärdi (B. Kerbabaýew). 
ŞIRRILDEMEKLIK [şirrillemeklik], iş ady. 
Şirrildemek ýagdaýy. 
ŞIRRILDEMEZLIK [şirrillemezlik], iş ady. 
Şirrildili seslenip akmazlyk. 
ŞIRRILDEŞMEK [şirrilleşmek], işl. Köp ýerden 
şirrildili ses çykaryp akmak. 
ŞIRRILDETMEK [şirrilletmek], işl. Şirrildili 
ses döretmek. 
ŞIRRILDEÝIŞ [şirrilleýiş], iş ady. Şirrildemek 
ýagdaýy. 
ŞIRRILDI [şirrilli], at. Beýikden pese, ýokardan 
aşak çalaja akýan suwuň sesiniň ady. 
ŞITDEat, k.d. Bezelen guşak. Meni şitde kimin 
ora, Biliňe gurban bolaýyn (

Nejep oglan

). 
ŞITDET, at, k.d. Güýç, zarba, kynçylyk, agyr, 
howp. Neýleý şitdetinden gahba pelegiň, Bu gün 
meni söwer ýardan aýyrdy (

Şasenem – Garyp

). 
ŞITIL, at. Oturdyp ekmek üçin ýörite ösdürilip 
ýetişdirilýän ýaş nahal. Ogulaý goparan şitillerini 
endigan goýuşdyrdy (R. Gelenow).
ŞITILEMEK, işl., gepl.d. 1. Bir ýeri uçmak, 
çalarak döwülmek, çat açmak, moý açmak (çäýnek-
käse ýaly döwlegen zatlar hakynda). Käsäniň sitilän 
ýeri ýok. 2. Heläk bolmak, ölmek. 
ŞITILEMEZLIK, iş ady. Zaýa bolmazlyk ; 
döwülmezlik. 
Aňzakda 
basyrylyp 
goýlan 
pomidorlaryň şitiläni ýok. 
ŞITILHANA [şitilha:na], at. Şitil ösdürilip 
ýetişdirilýän ýörite gurlan desga, jaý. 
ŞITIRDEMEiş ady. Şitirdemek ýagdaýy. 
ŞITIRDEMEKişl. Şitirdili ses çykmak, şitirdili 
seslenmek (ýagyş we ş.m. hakynda). Ýagyş çala 
şitirdese, goýy damjalar irigöz elekden geçen bugdaý 
ýaly ýagýardy (B. Kerbabaýew). Şol wagt ýagyş 
şitirdemäge başlan ekeni (

Myraly

). 
ŞITIRDEMEKLIKiş ady. Şitirdemek ýagdaýy. 
ŞITIRDEMEZLIKiş ady. Şitirdäp ýagmazlyk. 
ŞITIRDEŞMEKişl. Şitir-şitir seslenişmek (köp 
sanly ýagyş damjasy hakda). Şitirdeşip ýagýan 
ýagşyň sesi eşidilýärdi. 
ŞITIRDETMEKişl. Şitir-şitir etdirmek. 
ŞITIRDEÝIŞiş ady. Şitirdemek ýagdaýy. 
ŞITIRDIat. Çala ýagyş ýaganda, guran ýaprak 
we ş. m. zatlar çala gorjalananda çykýan sesiň ady. 
ŞITIR-PITIR, at. Ýagşyň az wagtlap damjalap 
ýagmasy, şytyr-pytyr. Şitir-pitiriň soňy çabga ýazdy. 
ŞIWE [şi:wö] Iat, dil b. Umumy milli diliň bir 
sebitde, etrapda ýaşaýan ilat üçin häsiýetli gepleýiş 
aýratynlyklary; ýerli gepleşik. Ol özüniň asly 
gepleýän şiwesini üýtgetjek bolup şunça jan etdi 
welin, ol oňa peýda bermedi (A. Gowşudow).
ŞIWE [şi:wö] II, at, k.d. Näz-kereşme, 
näzirgeme; owadanlyk, gözellik. Çyn aşyk men, 
namysym ýok, zarym bar, şu gün saňa şiwe bilen 
näzim bar (

Görogly

). Huplaryň şiwesi gara göz 
bolar (Kemine). 
ŞKAF [yşǧa:p], at. Içine zat salyp saklamak üçin 
niýetlenen gapyly mebel. Kitap şkafy. Şkafyň agzy 
açyk galypdyr. Skafyň gapysyny gulplamak. Şkafyň 
içini zatdan doldurmak. 
ŞOGAP [şoğa:p], at. Derýa akymynyň 
bölünmegi bilen suwuň ortasynda galan zolak gury 
ýer. Derýanyň ozalrak taşlap giden şogaplary gür 
jeňňellik bolupdyr (M. Hydyrow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   546   547   548   549   550   551   552   553   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling