Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet547/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   543   544   545   546   547   548   549   550   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Şänik döwlen ýaly etmek bir işi başarjaňlyk 
bilen ýerine ýetirmek, meseläni çürt-kesik etmek, 
açyk-aýdyň etmek, kesgitli netijä gelmek. Ýöräňde 
otlukly ýöräp, gepläňde şänik döwlen ýaly etmelisiň 
(A. Durdyýew).
ŞÄRIK [şä:rik], at1. Bileleşip ýerine ýetirilýän 
işiň netijesinde haky bar, hakly. 2. Deň esasda 
işlemek, hasyly deň paýlaşmak şerti bilen ekin ekýän 
adamlar, şärikli adam. Türkmenler: 

Ekine şärik 
bolman, duldegşir goňşy bolman, uzak ýola ýoldaş 
bolman, ýow güni synag etmän, adama baha berme

 
diýýär (H. Derýaýew).

Ýata şärik şärikli işiň özüne degişli bölegini 
berjaý etmeýän. 
ŞÄRIKÇILIK [şä:rikçilik], at. 1. ser. Şäriklik
Özüň şärikçilige goşuldyň, indi şärikçilikden dänme 
(N. Jumaýew). 2. Masgalada çagaly bolmaklyk, hem 
eje, hem kaka tarapyndan maşgala gatylyp-
garylmaklyk. Çaga şärikçiligi.


329 
ŞÄRIKDEŞ [şä:rikdeş], at. Biri bilen bir zada 
şärik adam, degişli paýy bar adam. Garry öz 
ýanyndan: 

Onuň şärikdeşi bolup, ozaldan hasaplary 
bar bolaýmasyn

 diýdi (A. Gowşudow).
ŞÄRIKLEŞMEK [şä:rikleşmek], işl. Şärik 
bolmak, şärikli bolup bir zat almak, paýlaşmak. 
Şärikleşip goýun almak. 
ŞÄRIKLI [şä:rikli], syp. Bilelikde alnan, 
bilelikde edilen. Şärikli aşy it iýmez, iýse-de gözi 
agarar (Nakyl). Şolaryň aýdýan zatlary tapylaýsa, 
ikimiz şärikli bolaly (A. Gowşudow).
ŞÄRIKLIK [şä:riklik], at. Şärik ýagdaýda 
bolmaklyk, düşdük paýyna haklylyk. Onuň batyrgaý 
pikirine şäriklik bildirýänler-de ýok däldi (G. 
Kulyýew).
ŞIBER [şiver], at. Akyp duran suwly ýara. Bu 
çeşmäniň gözbaşyndan çogup çykýan ýympyk suwuň 
her damjasy, onuň merjen monjuklar kimin 
bulduraşýan sansyz düwmejikleri örgüniň, şiberiň, 
guragyryň, ýadawlygyň bire-bir dermany diýlip 
hasaplanýar (

Edebiýat we sungat

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   543   544   545   546   547   548   549   550   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling