Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet544/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   540   541   542   543   544   545   546   547   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Şetdat ýaly ykjam; düşbi. Bahar şetdat ýaly 
gyz. 
ŞETDE, kön.s. Dutaryň birinji, üçünji we soňky 
başaşa perdeleriniň ady.
ŞEÝDA [şeýda:], at, k.d. Yşga düşen, söýgi 
ugrunda akylyny aldyran aşyk. Jahan doly, sen gapyl 
sen ýaryňdan, Ýa mestmi sen, ýa şeýdamyň, näme 


328 
sen? (Magtymguly). Gülüň ysyn şeýda bilbil bilmese, 
Garga pahyr bilsin ony nireden? (M. Seýidow).
ŞEÝDIP, hal. Şunuň ýaly görnüşde. Ýaşuly 
agtygyna ýerin depilişini görkezip: 

Indi senem 
şeýdip depiber

 diýdi
ŞEÝDIŞ, iş ady. Şeýtmek ýagdaýy. Ol seniň 
şeýdişiňi ýadyndan çykarmasa gerek. 
ŞEÝDIŞMEK, işl., gepl.d., ser. Birnäçe bolup 
şeýdip ýörmek, durmak. Olar indi şeýdişip selkildeşip 
ýörmelimikä? 
ŞEÝHINLI: şeýhinli terezi leňňerli terezi. 
Söwdagäriň ogly eýýäm şeýhinli terezisini gurup 
ýatyr (B. Kerbabaýew).
ŞEÝKEL, syp. Kyn, kynçylykly; ýaramaz, pes; 
hata. Işiň şeýkel bolsa, wagtyň hoş bolanok (B. 
Kerbabaýew).
ŞEÝKELLIK, at. Kynçylykly ýagdaý, şeýkel 
bolmaklyk. Umuman, şu şeýkelligiň özi bäş günden 
artyk wagt alar öýdemok (B. Kerbabaýew).
ŞEÝLEçal. 1. Şonuň ýaly, şuňa meňzeş, şu hili. 
2. Hiç bir maksatsyz, ýöne. Ol bu suraty şeýle 
çekäýipdir. 3. Soňundan -de baglaýjysy goşulanda 
şeýle manyda ulanylýar: şonsuz hem, bolmanda-da, 
ýöne-de. Sen maňa azar berme, men şeýle-de 
aljyraýaryn. 

Şeýle bir örän, gaty, juda. Bu gawun şeýle bir 
süýji eken.  

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   540   541   542   543   544   545   546   547   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling