Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet540/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   536   537   538   539   540   541   542   543   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ŞEKILLENDIRIŞ 
[şekillenniriş], 
iş ady. 
Şekillendirmek ýagdaýy. 

Şekillendiriş sungaty heýkelçilik, suratkeşlik, 
çeper suratlandyryş sungatynyň umumy ady. 
Türkmenistanyň Milli muzeýinde şekillendiriş 
sungatynyň ähli görnüşine degişli işler bar. 
ŞEKILLENDIRME [şekillennirme], iş ady. 
Şekillendirmek ýagdaýy. 
ŞEKILLENDIRMEK 
[şekillennirmek], 
işl. 
Şekillendiriş sungaty esasynda suratlandyrmak. 
Halkyň deňiz ýaly giň çylşyrymly durmuşyndan 
bölekleri şekillendirip, gözüniň öňüne getirýärdi (A. 
Gowşudow).
ŞEKILLENDIRMEKLIK [şekillennirmeklik], 
iş ady. Şekillendirmek ýagdaýy. 
ŞEKILLENIŞiş ady. Şekillenmek ýagdaýy. 
ŞEKILLENMEiş ady. Şekillenmek ýagdaýy. 
ŞEKILLENMEK, işl. Suratlanmak, belli bir 
sypatda, şekilde görkezilmek, belli bir şekile girmek. 
Olaryň göwreleri salgym bolup boýdan-başa 
şekillenýärdi (A. Gowşudow). 
ŞEKILLENMEKLIK, iş ady. Şekillenmek 
ýagdaýy. 
ŞEKILLI I, syp. Owadan, görnükli, görmegeý, 
yşnakly. Şekilli maşgala. 
ŞEKILLI II, 

Ýaly, kimin, dek, görnüşli

diýen 
ýaly many aňladýan sözsoňy kömekçi. Dokmaçylar 
hiç zat ýok ýerden egren şekilli bolup başlapdyrlar, 
soň olary ýüwürdişdirip bolupdyrlar (

Türkmen halk 
ertekileri

). 
ŞEKILLILIK, at. Owadanlyk, görnüklilik, 
görmegeýlik, yşnaklylyk. Ahalteke atynyň şekilliligi 
görenleri haýran galdyrýar. 
ŞEKILSIZsyp., gepl.d. Gelşiksiz, betgelşik. 
ŞEKLI, syp. Şeki bar, şeksiz däl, şübheli. Seniň 
şekli, şübheli zadyň maňa gerek däl. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   536   537   538   539   540   541   542   543   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling