ŞAÝ-SEP, at. 1. Durmuşa çykýan gyza berilýän
zatlar, bukja, öý goşy. Gelniniň şaý-sepinden
garrynyň göwni hoş boldy (A. Gowşudow). 2.
Gymmat bahaly metaldan ýasalan bezegler, şaýlar.
ŞAÝY, at. 1. kön.s. Agramy 0,75 grama deň
bolan kümüş pul. Ýüz tümenlik sözüň şaýa almazlar,
Her kişiniň ygtybary bolmasa (Magtymguly). 2.
Gymmaty bäş köpüge barabar bolan metal pul. Akly
kämil bolan pendimi tutar, Akmaklar göwherin bir
şaýa satar (Hatam şahyr). Almaly algymy bir şaýy
galdyrman aldym diýip ýaz (A. Gowşudow).
Üçlügini, manadyny, Şaýysyny, köpügni – Artdyranja
puljagazyn Atdy şonuň içine (K. Gurbannepesow).
Bäş şaýy edinmek (gazanmak) az-kem pul
toplamak, ýygnamak. Onuň bar arzuwy bäş şaýy
edinmekdi. Gara şaýa degenok hiç zada ýaranok;
beren puluň köp, ýaramaz (hili pes zat hakda). Gara
şaýy bäş köpük (ser. Köpük II). Iki şaýy on köpük.
On şaýy elliköpük. Üç şaýy on bäş köpük.
ŞAÝYLYK, at. Bäş köpüklik metal pul. Şeýle
şaýylyklar bir syhly gabat gelip dur (
Edebiýat we
sungat
).
ŞAZADA [şa:za:da], at. 1. Şanyň nesli,
patyşanyň ogly. Onuň adyna şazada Mahmyt han
goýdular (
Asly – Kerem
). 2. Adam ady.
ŞE [şe:], Türkmen milli elipbiýiniň
Ş
harpynyň
ady.
ŞEHIT [şehi:t], at. 1. Hak işiň ugrunda gurban
bolan adam. 2. Öz ajalyna ölmedik adam (ýer
titremesinde, çölde suwsuzlykdan we ş.m. pajygaly
ýagdaýlarda heläk bolan).
ŞEHITLIK [şehi:tlik], at. Şehit bolmaklyk.
ŞEJER, at, k.d. Agaç, daragt. Nowruz ötdi, pasly-
bahar ýetişdi, şejerler gögermiş ýaz seni gözlär
(
Saýatly – Hemra
). Şejer miweden owwal görkezer
gül (Sopy Allaýar).
Do'stlaringiz bilan baham: |