ŞEKLILIK, at. Şeki barlyk, seksiz dällik,
şübhelilik.
ŞEKSIZ, syp. Şeki ýok, şekli däl, hiç bir şeki
bolmadyk. Şeksiz öle sen – diýdi, bir gaýry watan iste
(Mollanepes). Olar şeksiz özbaşyna bir kitap bolup
biler (A. Salyh).
ŞEKSIZLIK, at. Şeki ýokluk, şekli dällik, hiç bir
şeki bolmadyk.
ŞEK-ŞÜBHE [şek-şüvhö], at, ser. Şek.
ŞEL, at. 1. Bedeniň bir agzasyny hereketden
mahrum edýän kesel, ysmaz. 2. Şol kesel bilen
kesellän adam. Yşkyňda daglar gazaýyn, Bolmasam
şel, jigi-jigi (Seýdi).
ŞELAÝYN [şela:ýyn], syp. Sypaýydan süýji
sözli.
ŞELAÝYNLYK [şela:ýynlyk], syp. Mylaýymdan
süýji sözlülik. Permanyň gaharyny, öýkesini ýazmak
üçin hemişeki şelaýynlygyna tutup başlady (A.
Gowşudow).
ŞELPE I, at. 1. zergärç. Türkmen aýal-
gyzlarynyň dakynýan käbir kümüş, gyzyl şaýlarynyň
aşak etegindäki inçe uçly, ýokarsy gulply, ýüzi
güberçekli şaý. Egnine dökülip şelpe gotazlar, Gyzyl
gupba ýalpyldaýar başynda (B. Kerbabaýew). 2.
Hala we beýleki el işlerine salynýan şelpe görnüşli
nagyş.
ŞELPE II, at. Saz çalnanda dutarda sag elde
ýerine ýetirilýän tilsim. Gözlerini süzübräk
başardygyndan şelpe kakýardy (
Edebiýat we
sungat
).
ŞEM, at. 1. Ýagly jisimden taýajyk şekilinde
ýasalan, içi ýüplük pelteli, ýagtylyk beriji enjam.
...Döläniň bir ýan gapdalynda şem ýanyp durdy (A.
Gowşudow). 2. gepl.d., ser. Şemme.
ŞEMAL [şema:l], at. Çalaja öwüsýän ýel,
öwüsgin. Akar suwuň boýy bilen gelýän şemal bir
durkuny saklaýardy (B. Soltannyýazow).
Şemal çalmak howa täzelenmek, şemallamak,
ýelejiremek, şemal degmek. Gije uky gelmedi hiç
gözlere, daň şemaly çaldy güler ýüzlere (A.
Kekilow). Şemal kakmak (çalmak) sowuk urmak,
sowuk urup syrkawlamak, dümewlemek. Belki, ýolda
şemal çalandyr.
Do'stlaringiz bilan baham: |