Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ŞEMALLAMA  [şema:llama],  iş  ady.  Şemallamak ýagdaýy.  ŞEMALLAMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet542/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   538   539   540   541   542   543   544   545   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ŞEMALLAMA 
[şema:llama], 
iş 
ady. 
Şemallamak ýagdaýy. 
ŞEMALLAMAK [şema:llamak], işl. l. Howa 
çykmak, tämiz howadan dem almak, ýelejiremek. 
Galaň burçuna çykyp, bir şemallaýan, soň öýümize 
gelýärin (A. Gowşudow). 2Howa täzelenmek, şemal 
çalmak. Poluň aşagy şemallar ýaly diýlip, tamyň 
düýbünde deşik goýulýar. 
ŞEMALLAMAKLYK [şema:llamaklyk], iş ady. 
Şemallamak ýagdaýy. 


326 
ŞEMALLATMAK [şema:llatmak], işl. 1. Bir 
zady ýelejiretmek, şemally ýerde goýmak, howaly 
ýere çykarmak. Seniň geýimleriňi şemallatmak üçin 
daşaryk çykardym (N. Pomma). 2. Howasyny 
täzelemek, şemal çaldyrmak, ýelejiretmek . Içerini 
şemallatmak
ŞEMALLAÝYŞ 
[şema:llaýyş], 
iş 
ady. 
Şemallamak ýagdaýy. 
ŞEMDAN [şemda:n], at. Şem goýulýan, 
oturdylýan gap. Ýadygäriň degresinde, Lowurdap dur 
sekiz şemdan (K. Gurbannepesow).
ŞEMHAL [şemha:l], at. Agzyndan ok salnyp, 
gapdalyndan pelte bilen ot berlip atylýan aýakly, uzak 
aralyga atýan gadymy tüpeň. Oglan derrew baryp, 
ýaňky atyň birine münüp, şemhaly boýnundan asyp, 
gylyjy biline baglady (

Türkmen halk ertekileri

). 
ŞEMHALÇY [şemha:lçy], at. Şemhal atýan 
adam. Bu sözi aýdandan soň: 

Bu zaňňara hiç zat kär 
etmändir

diýip, şemhalçylar dagyň aňyrsyndan 
gaçyp, hol gitdiler (

Görogly

). 
ŞEMME, at. Demlenen çäýnegiň düýbünde 
galýan çaý ýapraklary, şem. Kän durmaga sabry 
ýokdur, 
Şemmesini 
ýakar 
gök 
çaý 
(K. 
Gurbannepesow).
ŞEMPA [şempa:], at. 1. Sap ak goýun derisinden 
tikilýän owadan ak telpek. Onuň başynda şempa 
telpegi bar. 2. Inçe uzyn tüwi. Her dänesi böwrek 
dek, özem şempa tüwsinden, Saýlap-saýlap dogradyk 
käşirleriň gowsundan (M. Seýidow). 
ŞEMSI: şemsi ýyl hasaby: Günüň dogýan we 
ýaşýan wagty boýunça ýöredilýän ýyl hasaby (ser
Hijiri: hijiri-şemsi). 
ŞEMŞAT [şemşa:t], at. 1. Günorta ýurtlarda 
ösýän, örän berk, hemişe gök salyp duran agaç. Haý-
haý, boýuň tubydyr, kaddyň şemşada meňzär, Zyba-
näzik boýlaryň müşgül gülşada meňzär (Talyby). 2
Gyza dakylýan at. 

Şemşat ýaly gelşikli, enaýy, görnükli, eýjejik. 
ŞEMŞIR [şemşi:r], at, k.d. Gylyç. Tug göterip 
kyldyň söweş, Gol urup sen şemşire (Magtymguly). 
Şu meýdanda boýnuňyza şemşiri, Uraryn sizleri, 
urmasam bolmaz (Şabende). 
ŞENBE [şemme], at. Hepdäniň altynjy gününiň 
ady.
ŞEPAGAT [şepa:ğat], at. Rehim, mähir, 
duýgudaşlyk.  

Şepagat uýasy bejeriş edaralarynda orta 
düzüme degişli lukmançylyk işgäri.  
ŞEPAGATLY [şepa:ğatly], syp. Rehim-şepagaty 
bar, mähirli, rehimli, rehimdar. 
ŞEPAGATLYLYK [şepa:ğatlylyk], at. Rehim-
şepagaty barlyk, şepagatly bolmaklyk. 
ŞEPAGATSYZ [şepa:ğassyz], syp. Rehim-
şepagaty ýok. 
ŞEPAGATSYZLYK 
[şepa:ğassyzlyk], 
at. 
Rehim-şepagaty ýokluk, şepagatly dällik, şepagatsyz 
bolmaklyk. 
ŞEPBEŞIK, syp. Ýelmeşip, şepbeşip, süýgüp 
duran, ýelmeşegen. Heniz onuň biri-birine ýelmeşen 
şepbeşik 
gaýmaklary 
hem 
gatamandyr 
(B. 
Kerbabaýew). 
ŞEPBEŞIŞiş ady. Şepbeşmek ýagdaýy. 
ŞEPBEŞMEiş ady. Şepbeşmek ýagdaýy. 
ŞEPBEŞMEK, işl. Ýelmeşmek, ýapyşmak, 
ýelmeşip, süýgüp durmak. Düýbündäki şepbeşip 
duran mele ýaglar günüň howruna şypyljap, biraz 
aşaklygyna syrykdy (N. Baýramow). 
ŞEPBEŞMEKLIKiş ady. Şepbeşmek ýagdaýy. 
ŞEPBIKat. 1. Käbir miweli agaçlaryň (şetdaly, 
erik, garaly we ş.m.) gabygyna şikes ýetende ýa-da 
olar kesellände peýda bolýan sarymtyl, goňrumtyl, 
garamtyl reňkli ýelmeşegen madda. Erik agaçlarynda 
şepbik köp bolýar. 2. Ýelmeşýän madda, şepbeşik. Ir-
iýmiş ýygnamak bilen elleri şire, şepbik bolup duran 
adamlar degşip gülüşýärdiler (A. Gowşudow). 
ŞEPBIKLEMEiş ady. Şepbiklemek ýagdaýy. 
ŞEPBIKLEMEK, işl. Şepbik çykmak, şepbik 
emele gelmek, tutmak. Erik agajy şepbikläpdir. 
ŞEPBIKLEMEKLIK, iş ady. Şepbiklemek 
ýagdaýy. 
ŞEPBIKLEÝIŞiş ady. Şepbiklemek ýagdaýy. 
ŞEPE, at, gepl.d. 1. Ýaş erkek adamyň bile 
tirkeşýän ýakyn ýoldaşy. 2

Dost, ýoldaş, halypa, 
gardaş

diýen manyda erkek adamlara degişlilikde 
ulanylýan söz. Bu akgaýma tahýajygy, Neneň görýäň, 
Taýmaz şepe (K. Gurbannepesow).
ŞER, at. 1. Haýyrly bolmadyk, haýyrsyz iş. 
Agşamyň haýryndan ertiriň şeri (Nakyl). Namart 
haýyr işigin açmaz, Muhannes şer işden gaçmaz 
(

Görogly

). 2. Dawa, jenjel, dawa-jenjel, galmagal, 
goh-galmagal. Şer bolsa, gözüň açylaýýar öýdýän.

Şer aramak yrsaramak, dawa-jenjel gözlemek. 
ŞERAP [şera:p], at. Köplenç, üzüm ajadylandan 
soň sykylyp arassa suwy alnyp ýasalan içgi, çakyr. 
Şerabyň azy däri, köpi  öt (Nakyl). 
ŞERAPAT [şera:pat], at, k.d. 1. Abraý, hormat; 
mertebe, dereje. Ýagşydan şerapat, ýamandan  
kesapat (Nakyl). Ylmyň şerapaty kelamyň haky, 
Gören barmy, bilen barmy ýaranlar (Şabende). 2
Gyza dakylýan at. 
ŞERBET [şervet], at. Miwäniň suwundan, 
şiresinden, 
şekerden, 
gantdan 
gaýnadylyp 
taýýarlanylýan içgi. Otar idim seni bagyň gülünden, 
Suwlar idim seni şerbet balyndan (

Görogly

). 
ŞERÇI, at. ser. Şermende 1. Şer etmegi gowy 
görýän (adam). 2serŞermende 2. 
ŞEREBE [şereve], at. Köp duz atylan, aşa duzly 
suw. Gijäp çydatmaýan bolsa şerebe çalaýsak 
näderkä? (N. Pomma). 

Şerebäňi pürkmek göwne deger ýaly ajy, 
ýakymsyz söz aýtmak, duzlamak. Ajysy bolmadygyň 
süýjüsi bolmajagy-da dogry weli, çem gelene 
jabjynyp, şerebäňi pürkmek adamçylykdan däl ahyry 
(B. Kerbabaýew).
ŞEREBELEME 
[şereveleme], 
iş 
ady. 
Şerebelemek ýagdaýy. 
ŞEREBELEMEK [şerevelemek], işl. 1. Şerebe 
çalmak, şerebä ýatyrmak. 2. göç.m. Göwne deger 
ýaly ajy, ýakymsyz söz aýtmak. Eýsem-de bolsa, 


327 
birnäçe günläp biri-biriňden ýüzüňi sowuşmak, 
gepleşmezlik-ýaşaýyş lezzetini şerebeleýärdi (B. 
Kerbabaýew). 
ŞEREBELEMEKLIK [şerevelemeklik], iş ady. 
Şerebelemek derejesi. 
ŞEREBELENIŞ 
[şereveleniş], 
iş 
ady. 
Şerebelenmek ýagdaýy. 
ŞEREBELENMEK [şerevelenmek], işl. Şerebä 
ýatyrylmak, şerebe çalynmak. 
ŞEREBELETMEK [şereveletmek], işl. Şerebä 
ýatyrtmak, şerebede goýdurmak. 
ŞEREBELI [şereveli], syp. 1. Duzly, şor, şerebe 
garylan. Şerebeli noýba. 2. göç.m. Göwne deger ýaly 
ajy, ýakymsyz. Şerebeli söz. 
ŞEREKET, at. Deň hukukly gatnaşyjylardan 
düzülýän bileleşik, birleşik. Önümçilik şereketi
ŞERH, at, k.d. Many, düşündiriş, beýan. 
Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp (Magtymguly). 
ŞERIGAT [şeri:ğat], at. Yslam dininiň kada-
kanunlarynyň jemi.  
ŞERIM, at. Utanç, haýa. Şerim etmez sen, uýat 
gelmez ýüzüňe, Hemme zatdan ýek görüner gözüňe 
(Zelili). 
ŞERIMSIZsyp. Utançsyz, haýasyz, bihaýa. 
ŞERIMSIZLIK, at. Utançsyzlyk, bihaýalyk. 
Haýasyzlyk, şerimsizlik – geline, Oral garry aýal töre 
ýaraşmaz (Zelili). 
ŞERIM-HAÝA [şerim-haýa:], ser. Şerim
Gözeliň bolmasa şerim-haýasy, Gurasyn didary, 
ýitsin garasy (Misgingylyç). 
ŞERMENDE [şermenne] Iat. Ujypsyz zat üçin 
haýýarlyk edýän, şerraýlyk edýän, nadaralyk edýän 
adam. Onuň şermendedigini, çala eliňi degirseň: 

Waý, öldürdi

diýip gygyryp dur. Şermende-ahyry 
galar armanda (Nakyl). Şermendäniň şaýady 
ýanynda (Nakyl). Seniň nämäň artyk ötenleriňden, 
Şertin bozan, eý şermende, pis duşman (A. Kekilow).
ŞERMENDE [şermenne] IIsyp. Okamagy hem 
ýazmagy bilmeýän, sowatsyz, gömük. Elipden 
şermende. 
ŞERMENDELIK [şermennelik], at. Şermendä 
mahsus bolan gylyk-häsiýet, şermende bolmaklyk,
şerraýlyk, haýasyzlyk, haýýarlyk. Gygyryp, daşdan 
delalat islemegi-de Uzuk özüne şermendelik bildi (H. 
Derýaýew).
ŞERMISAR [şermisa:r], syp., k.d. Masgara, 
ýüzügara, müýnli, utançly. Allamyň gazaby düşdi 
başyma, Meniň dek hiç kişi şermisar bolmaz 
(

Saýatly – Hemra

). Kim dargatsa akyl bile huşuny, 
eder işin bilmez şermisar bolar (Magtymguly). 
ŞERRAÝ [şerra:ý], syp., ser. Şermende I
ŞERRAÝÇYLYK 
[şerra:ýçylyk], 
at, 
ser. 
Şerraýlyk. Uzuk şeýle agyrlyk astynda galan bolsa-
da, bihuda, peýdasyz ýere şerraýlyk edip gygyrman
ýuwaş sesi bilen perýat etdi (H. Derýaýew).
ŞERRAÝLYK 
[şerra:ýlyk], 
at, 
ser. 
Şermendelik. – Siz meni öýümde-de goýjak dälmi? 
diýip, ol şerraýlyga tutdy. 
ŞERT, at. 1. Durmuşyň, işiň bir ýa-da beýleki 
ugry boýunça bellenen, bir zadyň kadaly işlemegini 
üpjün edýän ýagdaý. 2. Iki tarapyň gepleşikli, 
ylalaşykly ortada goýýan wadasy, talaby. 3. Berlen 
wada, söz, edilen äht, kasam. Günlerde bir gün 
Şasenem bilen Garyp ikisi şert etdiler (

Şasenem – 
Garyp

). 4. Bir zadyň bolup geçmegi üçin 
mümkinçilik ýagdaýy.  

Şertim şahyma etmek sözüňde durmazlyk, 
ähtiňi bozmaklyk, wadada tapylmazlyk. Men şertim 
şahyma edip, ýene-de dolanyp gelendirin (

Edebiýat 
we sungat

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   538   539   540   541   542   543   544   545   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling