SYÝA [syýa:], 1. k.d. Gara (reňk). Aýryldym
gunça
gülümden,
Syýa
saçy
sünbülimden
(Magtymguly). 2. Hat ýazmak üçin ulanylýan reňkli
suwuklyk.
SYÝADAN [syýa:da:n], Syýa guýulýan çüýşe,
gap.
SYÝAHAT [syýa:hat], at. Uzak ýerlere gezelenç.
Hindistanda geçiren dostluk syýahatymyzy piliň
arkasynda tamamladyk (T. Gurbanow).
SYÝAHATÇY [syýa:hatçy], at. Syýahat edýän
adam. Taryhçylaryň, syýahatçylaryň şol şäheri wasp
edýän eserlerini ol kän okapdy (B. Kerbabaýew).
SYÝAHATÇYLYK [syýa:hatçylyk], at. 1. Uzak
ýerlere ýa-da ýurtlara edilýän syýahat. 2. Ýurduň
içine ýa-da daşyna syýahat edip, tebigaty, durmuşy
öwrenmek, bilmek hem-de sport çärelerini geçirmek
(pyýada ýa-a lyžaly ýöriş we ş.m. ) bilen
utgaşdyrylýan gezelençli dynç alyş.
Awaza
milli
syýahatçylyk zolagy.
SYÝAK, at, kön.s. Syna. Döwlere meňzär syýagy,
Zor Bezirgene ugradym (
Görogly
).
SYÝASAT
[syýa:sat],
at.
1.
Döwlet
häkimiýetiniň, jemgyýetçilik toparlarynyň döwletiň
içerki ýa-da daşary gatnaşygy boýunça bähbitlerini
goramaklyga, dürli wezipeleri amala aşyrmaklyga
gönükdirilen işi. 2. Jemgyýetçilik durmuşynyň içerki
we halkara meseleleri we wakalary. 3. Adamlar
aragatnaşygyny kesgitleýän, üstünlik gazanmak üçin
gönükdirilen ýaşaýyş hereket täri, ýoly. 4.Haýbat,
abaý-syýasat. Elbetde, duşmana syýasat ýagşy
(Magtymguly).
SYÝASATÇY [syýa:satçy], at. 1. Syýasat
meseleleri bilen meşgullanýan jemgyýetçilik işgäri.
Do'stlaringiz bilan baham: |