Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet514/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   510   511   512   513   514   515   516   517   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SYRÇALABERMEK [syrçala:vermek], işl. Bir 
zada syrça çalybermek. 
SYRÇALAMA, iş,ady. Syrçalamak ýagdaýy. 
SYRÇALAMAK, işl. Syrça çalmak, syrça bilen 
örtmek. Küýzäni suw syzmazlygy üçin syrçalaýarlar. 
SYRÇALAMAKLYK, iş ady. Syrçalamak 
ýagdaýy. 
SYRÇALAMAZLYK, iş ady. Syrça çalmazlyk, 
syrça bilen örtmezlik. 
SYRÇALANMAK, işl. Syrça çalynmak, syrça 
bilen örtülmek. 
SYRÇALAŞMAK, 
işl. 
1
Syrçalamaga 
kömekleşmek. 2. Bilelikde syrçalamak. Ussalar 
küýzeleri syrçalaşyp otyrdy. 
SYRÇALATMAK, işl. Syrçalanmak işini başga 
birine etdirmek; syrçalamaga mümkinçilik bermek. 
SYRÇALAÝYŞ, iş ady. Syrçalamak ýagdaýy. 


311 
SYRÇALY, syp. Syrça çalnan, syrça bilen 
örtülen. 
SYRDALMAK, işl. Syrdalyp goýulmak. Ýorgan 
syrdaldy. 
SYRDAM [sy:rdam], syp. Uzyndan inçe, göni 
ösen, dik.  
SYRDAMBITIN[syrdammiti:n], syp. Ýyrtyk-
ýirik ýeri bolmadyk, bitin (geýim-gejim hakynda). 
Biriniň jalbary elhal syrdambitin bolsa, köýnegi 
omurdanyndan düşüp, çigni gyzaryp durdy (H. 
Derýaýew). Ol syrdam- bitin hem bolsa, mazaly 
geýlip, ozal suwy alnandy (Ý. Mämmediýew). 
SYRDAMAK, işl., ser. Syramak II. Ýorgan 
syrdamak. Don syrdamak. 
SYRDAMLANMAK [sy:rdamlanmak], işl. Uzyn 
we göni boýly bolan ýaly bolmak, syratly bolmak. 
Jemal öňküsinden syrdamlanypdy (N. Saryhanow).
SYRDAMRAK 
[sy:rdamra:k], 
syp. 
Boýy 
uzynrak, dikräk. 
SYRDANMAKişl. Özüň üçin syrdamak. 
SYRDAŞat. Biri beýlekisine syryny aýdýan, syr 
alyp, syr berişýän, ýürekdeş. Syrdaşym, başdaşym, 
ýaman günde ýoldaşym (

Görogly

). Magtymguly, 
aýdar, ýigitler başy, mejlisde köp bolar onuň syrdaşy 
(Magtymguly). 
SYRDAŞLYK, 
at. 
Syrdaş 
bolmaklyk, 
ýürekdeşlik. 
SYRDAŞMAK, işl. Syrdamaga kömekleşmek. 
SYRDATMAK, işl. Syrdamak işini başga birine 
etdirmek. Don syrdatmak. 
SYRDYRMAK [sy:rdyrmak], işl. 1. Päki bilen 
düýbünden aýyrtmak (saç, sakgal hakynda). Başyňy 
syrdyrmak. 2. Öýüň içini, daşyny we beýleki ýerleri
süpürdip arassalatmak. Içerini syrmak. 3. Açmak üçin 
aýyrtmak (tuty, perde hakda). Perdäni syrdyrmak.4. 
Gynyndan, gabyndan sogurdyp çykartmak (pyçak, 
gylyç hakynda). 5. Ýoluň, ýabyňwe ş.m. ugry bilen 
ýöretmek. Ýabyň boýuny syryp gitmek. 6. Iş etmän, 
boş aýlanyp, gezip ýörmek. Näme beýdip köçe-köçe 
syryp ýörsüň? 
SYRGYN [syrğyn], at. Güýçli ýel bilen 
sowrulyp, syrap ýagýan gar.  
SYRGYN [sy:rğyn], at. Hatar bolup oturan (öý, 
jaý). Uzyn syrgyn bolup oturan oba. 
SYRGYNLY [syrğynly], syp. Gar sowrulyp 
ýagýan,
SYRKAW [syrkow], at. Keselläp ýaraman ýatan 
adam, hassa. 
SYRKAWÇYLYK [syrkowçuluk], at, ser. 
Syrkawlyk 
SYRKAWLAMA 
[syrkowlomo], 
iş 
ady. 
Syrkawlamak ýagdaýy. 
SYRKAWLAMAK [syrkowlomok], işl. Keselläp 
ýaraman ýatmak, hassalamak. Syrkawlap kän ýatdym 
ýoldaş mugallym, Okuwa yhlasym özüňe mälim (A. 
Kekilow). 
SYRKAWLAMAKLYK [syrkowlomokluk], iş 
ady. Syrkawlamak ýagdaýy. 
SYRKAWLAMAZLYK [syrkowlomozluk], iş 
ady. Keselläp ýatmazlyk, ýaraman ýatmazlyk. 
SYRKAWLATMAK [syrkowlotmok], işl. Birini 
syrkawlyk ýagdaýyna uçratmak, syrkawlamak 
katdyna ýetirmek. Çagaňy berk dola, daşary sowuk, 
syrkawladarsyň. 
SYRKAWLAÝYŞ 
[syrkowloýuş], 
iş ady. 
Syrkawlamak ýagdaýy. 
SYRKAWLYK 
[syrkowluk], 
at. 
Syrkaw 
bolmaklyk, hassalyk. 
SYRKYN, at. Şor ýerde topbak ösýän, gür 
baldaklary suwluja bir ýyllyk ösümlik. 
SYRKYNLYK,at. Syrkynyň köp gögerip oturan 
ýeri. 
SYRKYRABERMEK [syrkyra:vermek], işl. 
Syrkyrap agyryp başlamak. 
SYRKYRAMA, iş ady. Syrkyramak ýagdaýy. 
SYRKYRAMAK, işl. Syzlap agyrmak agyrmak. 
Agyr ýoldanmy nämemi, endam-janym syrgyrap 
durdy (T. Gurbanow). 
SYRKYRAMAZLYK, 
iş 
ady. 
Syzlap 
agyrmazlyk. 
SYRKYRAŞMAK, işl. Endam-janyň syzlaşyp 
agyryp durmak. 
SYRKYRAÝYŞ, iş ady. Syrkyramak ýagdaýy. 
SYRLAŞDYRMAK, işl. Syrlaşyp durar ýaly 
etmek. 
SYRLAŞMA, iş ady. Syrlaşmak ýagdaýy. 
SYRLAŞMAK I, işl. Geýilýän geýim darlyk 
edip, endamyňy gysyp, ýapyşyp durmak. Onuň 
köýnegi endamyna syrlaşyp durdy. 
SYRLAŞMAK II, işl. Syr alyp, syr berişmek. 
Sözleşerdim, syrlaşardym ýar bile, Ýüregimde ýar 
hyýaly bar bile (Magtymguly). 
SYRLAŞMAKLYK, iş ady. Syrlaşmak ýagdaýy. 
SYRLAŞMAZLYK, iş ady. Syrlaşyp durmazlyk. 
SYRLY, syp. Gizlin pikiri ýa-da bir üsti 
açylmadyk syry bar bolan. Ol syrly soraga sada 
jogap berdi. 
SYRLYLYK, at. Syrly bolmaklyk, syry barlyk. 
SYRLYRAK [syrlyra:k], syp. Az-kem syrly. 
SYRMA [sy:rma] Iiş ady. Syrmak ýagdaýy. 
SYRMA [sy:rma] II, at. Jübiniň, ýakanyň, 
gapjygyň we ş.m. agzyny ýapmak üçin syrylyp 
açylýan hem ýapylýan iltegli sürme enjam. 
Syrma gylyç ýalaňaç gylyç. Syrma sallah 
hakyky sallah, tüýs sallah. 
SYRMAK [sy:rmak], işl. 1. Päki bilen düýbünden 
aýyrmak (saç, sakgal hakynda). Ol oglunyn başyny 
syrdy. 2. Bir zadyň üstüni, ýüzüni we beýleki ýerleri
süpürmek, arassalamak, süpürip aýyrmak. Içerini 
syrmak. 3. Süpürip almak. Saman syrmak. 4
Ýazylgy düşekleri duran ýerinden alyp gitmek. 
Galtamanlar içerdäki düşekleriň derde ýararyny 
syryp gidipdir. 5. Açmak üçin aýyrmak (tuty, perde 
hakda). Bir zaman perdäni syrsaň ýüzüňden, Ak 
ýüzleri hally juwan islärin (

Görogly

). 6. Gynyndan, 
gabyndan sogrup çykarmak (pyçak, gylyç hakynda). 
Gylyjyny syrmak. 7.Ýoluň, ýabyňwe ş.m. ugry bilen 
gitmek. Olar kenar ýakasyny syryp gitdiler 
(

Edebiýat we sungat

). Ine, syryp ýörüs köçeleň 
boýun, Bir-birmiz tanaman, nobata durus, Geliň, syr 
saklaman, alalyň boýun, Sol daşy näçämiz göterip 


312 
ýörüs (G. Ezizow). 8. Iş etmän, boş aýlanyp, gezip 
ýörmek. Näme beýdip köçe-köçe syryp ýörsüň? 
Çelpek syrmakçelpek ýapylýarka gazandaky 
bişen çelpekleriň ep-esli bölegini syryp alyp gaçmak 
(däp). 
SYRMAKLYK [sy:rmaklyk], iş ady. Syrmak 
ýagdaýy. 
SYRMAZLYK [sy:rmazlyk], işl. Syrmak işini 
amal etmezlik. 
SYRNYH [syrny:h], at. Gysganç, husyt, gysyk. 
SYR-SÜPLÜK [sy:r-süplük], at. Syrylyp, 
süpürilip toplanan hapa, her hili galyndy. 
◊ Syr-süplük bolmak hor güne düşmek, hor-
homsy ýaşamak, gaty horukmak. Kakalary uruşda 
galan çagalar syr-süplük boldular
SYRT, at. 1. Bir zadyň ýa-da biriniň arka tarapy, 
arka ýüzi, arka. Emma onuň syrtynda oturan 
oglanlardan birine yşarat edip, gözüne ümledi (B. 
Kerbabaýew). 2. Beýik ýer, depe, alaň. Gök öleňli 
beýik syrtlar, Salgym atyp, çöl iňňildär (Şeýdaýy). 
Syrty bilen gürleşmek biri bilen tersleşip, 
gürleşmegini kesmek. Syrty bilen tiken alybermeli 
horlanyp, gaty iglän çaga. Syrty bogy tutmaz 
gorkusyna bir zada ýapyşyp bilmedik, gorkak. 
Syrtyna sapan degen ýaly bolmak bir ýerden örän 
çalt gitmek. Şeýle diýmek bilen ýigit, syrtyna sapan 
degen ýaly bolup, ylgap gitdi (B. Seýtäkow). 
Syrtyndan daş asylan ýaly haýal gymyldaýan, ýalta, 
işýakmaz. Syrty ýer ysgamazlyk oturmazlyk,işiň 
köp bolup gara başyňa gaý bolup ýörmek. Syrty 
ýumakly ýaly bir ýerde geregiçe ýer tutup oturyp 
bilmezlik. 
SYRTARMA, iş ady. Syrtarmak ýagdaýy. 
SYRTARMAK, işl. Gelşiksiz bolup durmak (diş 
hakynda); dişiňi görkezip ýylgyryp durmak. Öý eýesi 
ýylgyranda onuň dişleri syrtaryp göründi (A. 
Gowşudow).  
SYRTARMAKLYK, iş ady. Syrtarmak ýagdaýy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   510   511   512   513   514   515   516   517   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling