Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet510/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   506   507   508   509   510   511   512   513   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SYŇSYRAKLAMA, iş ady. Syňsyraklamak 
ýagdaýy. 
SYŇSYRAKLAMAK, işl. Biwagt gezip 
ýörmek. 
SYŇSYRAKLAŞMAK, işl. Birnäçe bolup 
syňsyraklap ýörmek. 
SYP: syp bermek duýdurman gaçyp gitmek. 
Bolandyr teniniň awunan ýeri, Taşlap ýoldaşyny syp 
berdi biri (A. Kekilow).
SYPA [sypa:], at. Üstüne düşek düşäp oturmak, 
ýatmak üçin palçykdan, gumdan galdyrylan beýik 
ýer, seki. Reýhan zaňňar bir beýik sypanyň üstünde 
harlap ýatyr (

Görogly

). – Şu ýere ýazaý – diýip, 
güjümiň 
aşagyndaky 
sypany 
görkezdi 
(H. 
Garabaýew). 
SYPABERMEK [sy:pa:vermek], işl. Sypap 
başlamak. 


308 
SYPAHY [sypa:hy], at, k.d., serSypaýy IIOl, 
jemyg goşun sypahyny wezirler bilen şäherge 
gaýtardy (

Asly – Kerem

).
SYPAHYLYK [sypa:hylyk], at. Sypahynyň kesp-
käri. Bilmedim, sen kaýsy bolduň, belli bir iş 
tutmadyň, Ne sypahylyk bile bolduň, ne mollalyk bile 
(Magtymguly). 
SYPAJAKLABERMEK [sypajakla:vermek], işl. 
Sypajaklap ugramak. 
SYPAJAKLAMA
iş 
ady. 
Sypajaklamak 
ýagdaýy. 
SYPAJAKLAMAK, işl. Kelläňi, ýüzüňi bir 
sebäbe görä eýläk-beýläk sowmak; sypjyklyk etmek. 
SYPAJAKLAMAZLYK, iş ady. Sypajaklamak 
hereketini etmezlik, sypajaklap dumazlyk. 
SYPAJAKLATMAKişl. Sypajaklamak katdyna 
ýetirmek. Kempir kellesini eýläk-beýläk sypajaklatdy 
(

Görogly

). 
SYPAJAKLAÝYŞ,iş 
ady. 
Sypajaklamak 
ýagdaýy. 
SYPAL [sypa:l], at. Bugdaý, arpa we ş.m. 
ekinleriň iri baldagy ýa-da orlup alnandan galan 
düýbi. 
SYPALABERMEK 
[sy:pala:vermek], 
işl. 
Sypalap ugramak; sypalamagy dowam etdirmek. 
SYPALAMA [sy:palama], iş ady. Sypalamak 
ýagdaýy. 
SYPALAMAK [sy:palamak], işl. Sypamak 
hereketini birnäçe ýola gaýtalamak. Ol saçlaryny 
sypalady. 
SYPALAMAKLYK [sy:palamaklyk], iş ady. 
Sypalamak ýagdaýy. 
SYPALAMAZLYK [sy:palamazlyk], iş ady. 
Sypalap durmazlyk. 
SYPALANMAK [sy:palanmak], işl. Gaýta-gaýta 
sypalmak. 
SYPALAŞDYRMAK 
[sy:palaşdyrmak], 
işl. 
Yzly-yzyna sypalap çykmak. 
Ol sakgalyny 
sypalaşdyrdy-da, ýüzüme seretdi (N. Saryhanow).
SYPALAŞMAK [sy:palaşmak], işl. Bilelikde 
sypalamak. Ýaglyk bilen ýüzlerini sypalaşyp otyrlar 
(

Görogly

). 
SYPALATMAK [sy:palatmak], işl. Sypalamaga 
mümkinçilik döretmek, ýol bermek. 
SYPALAÝYŞ [sy:palaýyş], iş ady. Sypalamak 
ýagdaýy. 
SYPALGA [sypalğa], at. Sypmak, başyňy 
gutarmak üçin gaçalga, bahana, delil, sebäp. Ejesiniň 
soragly gözüne garandan soň, ýene ýüzüni beýläk 
sowdy, sypalga agtardy (B. Kerbabaýew).
SYPALMAK [sy:palmak], işl. Bir zadyň ýa-da 
bedeniň 
üstünden, 
ýüzünden 
eliňi ýeňillik, 
mylaýymlyk bilen geçirilmek, gezdirilmek. 
SYPAMA [sy:pama], iş ady. Sypamak ýagdaýy. 
SYPAMAK [sy:pamak], işl., 1. Bir zadyň ýa-da 
bedeniň 
üstünden, 
ýüzünden 
eliňi ýeňillik, 
mylaýymlyk bilen geçirmek, gezdirmek. Şondan soň, 
Atahan oglunyň başyny sypady-da, nesihat berdi
(B. Kerbabaýew). 2. göç.m. Mylaýymlyk, mähirlilik 
etmek, sypaýyçylyk etmek. Sylamaga puluň bolmasa, 
sypamaga diliň bolsun (Nakyl). 
SYPAMAKLYK [sy:pamaklyk], iş ady. Sypamak 
ýagdaýy. 
SYPAMAZLYK [sy:pamazlyk], iş ady. Sypamak 
hereketini etmezlik. 
SYPANDYRMAK 
[sy:pannyrmak], 
işl. 
Sypanmagyna ýol bermek, mümkinçilik döretmek. 
SYPANJAŇ [sy:panjaň], syp. Sypanmagy, özüne 
timar bermegi gowy görýän, ýylmanagan. 
SYPANJAŇLYK [sy:panjaňlyk], at. Sypanjan 
häsiýetlilik, ýylmanaganlyk. 
SYPANJYRABERMEK 
[sy:panjyra:vermek], 
işl. Sypanjyrap başlamak. 
SYPANJYRAMA 
[sy:panjyrama], 
iş ady. 
Sypanjyramak ýagdaýy. 
SYPANJYRAMAK [sy:panjyramak], işl. Üst-
başyňa, ýüz-gözüňe timar bermek, ýylmanmak. Wüşi 
kel diwardan asylgy duran ullakan aýnaň öňüne 
bardy we öz ýüzüne seredip, sypanjyramaga durdy 
(A. Gowşudow). 
SYPANJYRAMAKLYK [sy:panjyramaklyk], iş 
ady. Sypanjyramak ýagdaýy. 
SYPANJYRAMAZLYK [sy:panjyramazlyk], iş 
ady. Sypanjyrap durmazlyk. 
SYPANJYRAŞMAK 
[sy:panjyraşmak], 
işl. 
Birnäçe bolup sypanjyramak. 
SYPANJYRAÝYŞ [sy:panjyraýyş],
ady.Sypanjyramak ýagdaýy. 
SYPANMA [sy:panma], iş ady. Sypanmak 
ýagdaýy. 
SYPANMAK [sy:panmak], işl. 1. Üst-başyňa, 
ýüz-gözüňe timar bermek, timarlanmak, ýylmanmak. 
2. göç.m. Dolup akmak, püre-pür bolup akmak (ýap, 
derýa, jar hakda). Ol jar owsunçly ýaly hemme suwy 
demine dartyp, püre-pür bolupdyr-da, daş-töweregi 
bilen sypanyp akýardy (A. Gowşudow).
SYPANMAKLYK [sy:panmaklyk], iş ady. 
Sypanmak ýagdaýy. 
SYPANMAZLYK [sy:panmazlyk], işl. Sypanyp 
durmazlyk. 
SYPANYBERMEK 
[sy:panyvermek], 
işl. 
Sypanyp başlamak. 
SYPANYLMAK [sy:panylmak], işl. Üst-başyňa, 
ýüz-gözüňe 
timar 
berilmek, 
timarlanmak, 
ýylmanmak. 
SYPANYŞ [sy:panyş], iş ady. Sypanmak 
ýagdaýy. 
SYPANYŞMAK [sy:panyşmak], işl. Köp bolup 
sypanmak. 
SYPAŇ-SERMEŇ 
[sy:paň-sermeň]:sypaň-
sermeň etmek sypamak, sypaşdyrmak, o ýerine, bu 
ýerine elini degirmek. 
SYPAŞDYRMAK [sy:paşdyrmak], işl. Birnäçe 
gezek sypamak, yzly-yzyna sypap durmak. 
Gaşlaryny sypaşdyryp, uçjagazy gözüne gaýdyp 
duran murtlaryny towlaşdyrdy (A. Durdyýew). Juda 
bolmasa, gozalary sypaşdyr (B. Kerbabaýew).
SYPAT, at. 1.Bir zadyň ýa-da biriniň daş görnüşi, 
keşp, ýasaw. Onuň daş sypaty kime çalym edýär? 2. 


309 
göç.m. Gylyk-häsiýet, boluş, özüňi alyp-baryş. 
Tutanýerlilik onuň aýratyn sypatydy. 3dil b. Nähili?, 
nätüýsli?, neneňsi? diýen soraglara jogap bolup, bir 
zadyň hilini, häsiýetini we degişliligini aňladyp, 
sypatlandyryp gelýän söz topary. 
SYPATDAŞ, syp. Daş görnüşi, bolşy, sypaty 
meňzeş. Olar sypatdaş adamlar. 
SYPATDAŞLYK, at. Bir meňzeşlik, sypaty, 
görnüşi deňlik, birlik. Birnäçelerinde meňzeşlik, 
sypatdaşlyk bar. 
SYPATLANDYRMA [sypatlannyrma], iş ady. 
Sypatlandyrmak ýagdaýy. 
SYPATLANDYRMAK [sypatlannyrmak], işl. 1
Biriniň ýa-da bir zadyň daş görnüşini, sypatyny 
kesgitlemek. Jaýyň daş görnüşini sypatlandyrmak. 2. 
göç.m. Gylygyny-häsiýetini, bolşuny beýan etmek. 
Eserin gahrymanyny sypatlandyrmak. 
SYPATLANDYRMAKLYK 
[sypatlannyrmaklyk], 
iş 
ady. 
Sypatlandyrmak 
ýagdaýy. 
SYPATLANDYRMAZLYK 
[sypatlannyr-
mazlyk], iş ady. Gylygyny-häsiýetini, bolşuny 
kesgitlemezlik, beýan etmezlik. 
SYPATLANDYRYBERMEK 
[sypatlannyry-
vermek], işl. Sypatlandyryp başlamak. 
SYPATLANDYRYLMAK [sypatlannyrylmak], 
işl. 1. Biriniň ýa-da bir zadyň daş keşbi kesgitlenmek. 
2. göç.m. Gylyk-häsiýeti beýan edilmek. 
SYPATLANDYRYŞ [sypatlannyryş], iş ady. 
Sypatlandyrmak ýagdaýy. 
SYPATMAK [sy:patmak], işl. Bir zadyň ýa-da 
bedeniň üstünden, ýüzünden eliňi ýeňillik, 
mylaýymlyk bilen geçirtmek, sypalatmak. Arkaňy 
sypatmak. 
SYPAÝY [sypa:ýy] I, syp. 1. Örän edepli, 
salyhatly, asylly. Ol özüni sypaýy alyp barýar. 2
Göze gelüwli, gelşikli. Onuň geýnişi sypaýydy – 
başyna 
gülli 
owadan 
ýaglyk 
atynypdyr 
(

Mugallymlar gazeti

).Ussat senetçiler örän sypaýy 
nah matalary dokapdyrlar. 
SYPAÝY [sypa:ýy] IIat, kön.s. Esger, serbaz. Ol 
hat şeýle başlanýardy: 

Maglum bolsun kim, Gowşut 
hanyň dilinden: – Eý Hemze Mürze, eý Gara sertib, 
eý şazada hem sypaýylar!

(B. Kerbabaýew).
SYPAÝYÇYLYK 
[sypa:ýçylyk], 
at, 
ser. 
Sypaýylyk. Nurjahan sypaýyçylyk bilen sorady (B. 
Pürliýew). 
SYPAÝYÇYLYKLY 
[sypa:ýçylykly], 
syp. 
Diýjek sözüni edep bilen aýdýan. Ol sypaýyçylykly 
adamdyr. 
SYPAÝYÇYLYKLYRAK [sypa:ýçylyklyra:k], 
syp. Azda-kände sypaýyçylykly. Adam diýeniň 
sypaýyçylyklyrak bolsady.
SYPAÝYÇYLYKSYZ [sypa:ýçylyksyz], syp. 
Sypaýyçylygy 
ýok, 
sypaýyçylygy 
bolmadyk. 
Sypaýyçylyksyz adam
SYPAÝYÇYLYKSYZRAK 
[sypa:ýçylyksyzyra:k], syp. Sypaýyçylygy ýograk. 
SYPAÝYLYK [sypa:ýylyk], at. Örän edeplilik, 
salyhatlylyk, asyllylyk, sypaýyçylyk. Sypaýylyk bilen 
gol gowşuryp bile barýardylar. 
SYPAÝYRAK [sypa:ýyra:k], syp. 1. Azda-kände 
sypaýy. 2. Ýönekeýden gelşikli (eşik hakynda). Ol 
gelin sypaýyrak geýinmegi halaýardy. 
SYPAÝYŞ [sy:paýyş], iş ady. Sypamak ýagdaýy. 
SYPDYRMA, iş ady. Sypdyrmak ýagdaýy. 
SYPDYRMAK, işl. 1. Tutup duran zadyňy 
eliňden gidermek, goýbermek. Sygryň tanapyny 
elimden sypdyrdym. 2. göç.m. Birini kynçylykly 
ýagdaýdan halas etmek. 3. Bir zady görmezlikden, 
bilmezlikden aýyrmazlyk. Bir-iki ýerde otur 
alamatyny hem sypdyrypdyryn (J. Akyýew). 4. Bir 
gizlin syry aýtmasyz ýerde aýtmak, ile äşgär etmek. 
Artykmaç sözi agzyndan sypdyrany üçin gorkdy. 5
gepl.d. Birden artbujakdan ýel goýbermek. 
SYPDYRYBERMEK [sypdyryvermek], işl. 
Sypdyryp goýbermek. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   506   507   508   509   510   511   512   513   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling