Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SYMYŞLAMAK,işl.Gaty köp iýip oturmak,  sygnamak. Gara dere batyp, şol symyşlap otyr (B.  Öwezow). SYMYŞLAMAKLYK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet508/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   504   505   506   507   508   509   510   511   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SYMYŞLAMAK,işl.Gaty köp iýip oturmak, 
sygnamak. Gara dere batyp, şol symyşlap otyr (B. 
Öwezow).
SYMYŞLAMAKLYK,iş 
ady. 
Symyşlamak 
ýagdaýy. 
SYMYŞLAMAZLYK, iş ady. Symyşlap iýip 
oturmazlyk. 
SYMYŞLAŞMAK
işl. 
Birnäçe 
bolup 
symyşlamak, sygnamak, sümürmek. Iýmeli zat bolsa-
ha Gurban ýadyňyza düşenok, ýeke özüňiz 
symyşlaşyp otyrsyňyz (A. Durdyýew). 
SYMYŞLAÝYŞiş ady. Symyşlamak ýagdaýy. 
SYN [sy:n] I, at, gepl.d., ser. Syý. Amanat don 
geýseň, synyňy silkeräk (Nakyl). 
Synyny suwdan saýlamak (çykarmak) il 
hatary bolmak. 
SYN [sy:n] II, at. 1. Birini ýa-da bir zady her 
tarapdan gözden geçiriş. Adamzady tanap bolmaz syn 
bilen (Magtymguly). 2. Bir işe, esere ýazuw üsti bilen 
berilýän ýazmaça baha. Ýazan synyny okap berdi. 3
Özara baglanyşykly wakalar, hadysalar hakynda 
gysgaça habar. Halkara ýagdaýyna syn. 
◊ Synyň oturmak göwnüň ýetmek, öz ýanyňdan 
oňat diýip baha bermek, halamak. Dor atyň owadan 
syratyna syny oturdy. 
SYN [sy:n] III: syn etmezlik kemçilik hasap 
etmezlik, kemçilik saýmazlyk. Yzzat, hormat syn 
etmegin Görüm görülmegen ýerde (Magtymguly). 
SYNA [sy:na], at. Beden, göwre, ten. Ýar, synaňa 
synam degdi, Goýnuň jennetdir gümana (

Görogly

). 
Köňlümde ýanan otlar synamda sönmez gelin 
(Kemine). 


306 
◊ Syna sagat beden agzalary sagat, sagdyn. 
SYNABERMEK [sy:na:vermek], işl. Synap 
başlamak. 
SYNAG [sy:nağ], at. 1. Tejribe maksady bilen 
geçirilýän barlag, derňew. Öz synagyny näme bilen 
başlajagyny 
oýlanyp-çenlenip 
başlady 
(A. 
Gowşudow). 2. Gözden geçiriş, barlag. Gurluşyk 
ýaşlar üçin uly synag mekdebi boldy.3. Okuw 
dowamynda 
jemleýji 
barlag. 
Soňky 
synpyň 
okuwçylary synaga taýýarlanýarlar. 
SYNAHOR [sy:naho:r], at. Düýäniň aýagyna 
çykýan çykuw. 
SYNALMAK [sy:nalmak], işl. Synag edilmek, 
barlanyp görülmek. Özüniň synalýandygyndan 
habarsyz Ylýas Töre elindäki dürre gamçyny 
tekepbirlik bilen öýlere baka uzatdy (A. Gowşudow). 
SYNAMA [sy:nama], iş ady. Synamak ýagdaýy. 
SYNAMAK [sy:namak], işl. Synag etmek, barlap 
görmek. Seni synamak üçin oýun edip aýtdym (B. 
Kerbabaýew).
SYNAMAKLYK 
[sy:namaklyk], 
iş 
ady. 
Synamak ýagdaýy. 
SYNAMAZLYK [sy:namazlyk], iş ady. Synag 
etmezlik, barlap görmezlik. 
SYNANMA [sy:nanma], iş ady. Synanmak 
ýagdaýy. 
SYNANMAK [sy:nanmak], işl. Bir işi ýerine 
ýetirjek bolup synanyşyk etmek, çemeleşmek. Bu 
aralykda biri derwezäni açjak bolup synandy (B. 
Seýtäkow).
SYNANMAKLYK [sy:nanmaklyk], iş ady. 
Synanmak ýagdaýy. 
SYNANMAZLYK [sy:nanmazlyk], iş ady. Bir işi 
ýerine ýetirjek bolmaga çemeleşmezlik. 
SYNANYBERMEK 
[sy:nanyvermek], 
işl. 
Synanyp başlamak. 
SYNANYLMAK [sy:nanylmak], işl. Bir iş ýerine 
ýetiriljek bolnup synanyşyk edilmek. 
SYNANYŞMAK [sy:nanyşmak], işl. Synanyp 
görmek. Ol ýene-de işlemäge synanyşdy. 
SYNANYŞYK [sy:nanşyk], at. 1. Bir zady amala 
aşyrmak maksady bilen edilýän hereket. Haýsydyr bir 
sosial, syýasy ýa-da ykdysady meseläni bir gezekde
we hemişelik çözmek synanyşyklary diňe bulam-
bujarlyga 
hem-de 
durnuksyzlyga 
getirýär 
(Gurbanguly 
Berdimuhamedow, 
Garaşsyzlyga 
guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr). 2
Ýaryşlaryň käbir görnüşinde ýaryşa gatnaşýanyň 
birnäçe gezek synanyp gaýtalaýan çykyşy. Ol üçünji 
synanyşykda iň ýokary netijäni gazandy. 
SYNAŇKYRLAMAK [sy:naňkyrlamak], işl. 1
Synmaga ýakynlamak, ýykylaňkyrlamak. 2. Gaýnap 
duran zadyň gaýnamasy kesilmäge, gaýnamasy 
galmaga golaýlamak. 
SYNAŞMAK [sy:naşmak], işl. Birek-biregi 
synamak. Adamzady tanap bolmaz syn bilen, 
Synaşmagan bilmez kişi kişini (Magtymguly). 
SYNATMAK [sy:natmak], işl. Synag etdirmek, 
barladyp gördürmek. 
SYNAÝYŞ [sy:naýyş], iş ady. Synamak ýagdaýy. 
SYNÇGABERMEK 
[synçğa:vermek], 
işl. 
Synçgap ugramak. 
SYNÇGALAMAK [synçğalamak], işl., ser. 
Synçgamak. Otluçöpden bir til ýolup Synçgylady 
dişlerini (K. Gurbannepesow). 
SYNÇGALANMAK [synçğalanmak], işl. 1
Dikilen, oturdylan agajyň we ş.m. düýbi agaç ýa-da 
demir çiş sünjülip yzly-yzyna berkidilmek. 2. Dişiň 
arasynda galan zatlar kiçijik çöp bilen arassalanmak. 
SYNÇGAMA [synçğama], iş ady. Synçgamak 
ýagdaýy. 
SYNÇGAMAK [synçğamak], işl. 1. Dikilen, 
oturdylan agajyň we ş.m. düýbüni agaç ýa-da demir 
çiş bilen gaýta-gaýta sokup berkitmek. Hiňňildik üçin 
dikilen agaçlaryň düýbüne daşdyr gum guýup, 
synçgap berkitdiler. 2. Esasan, dişiň arasynda galan 
zatlary inçejik çöp sokup aýyrmak, arassalamak. 
SYNÇGAMAKLYK [synçğamaklyk], iş ady. 
Synçgamak ýagdaýy. 
SYNÇGAMAZLYK [synçğamazlyk], iş ady. 
Synçgamak işi edilmezlik. 
SYNÇGAŞMAK 
[synçğaşmak], 
işl. 
1
Synçgamaga kömekleşmek. 2. Bilelikde synçgamak. 
SYNÇGATMAK [synçğatmak], işl. 1. Dikilen, 
oturdylan agajyň we ş.m. düýbüni agaç ýa-da demir 
çiş bilen gaýta-gaýta sokup berkitdirmek. 2. Dişiň 
arasynda galan zatlary inçejik çöp sokup aýyrtmak, 
arassalatmak. 
SYNÇGAÝYŞ [synçğaýyş], iş ady. Synçgamak 
ýagdaýy. 
SYNÇGYLAWUK [synçğylowuk], at, ser. 
Hynçgylawuk 
SYNÇGYRMA 
[synçğyrma], 
iş 
ady. 
Synçgyrmak ýagdaýy. 
SYNÇGYRMAK 
[synçğyrmak], 
işl. 
Synçgylawuk tutmak. Synçgyryp oturyşyna, suw 
guýjak bolýardy. 
SYNÇGYRTMAK 
[synçğyrtmak], 
işl. 
Synçgyrmaga mejbur etmek. Näme üçindigini 
bilemok, synçgyrdyp başlady. 
SYNÇGYRYBERMEK [synçğyryvermek], işl. 
Synçgyryp başlamak. 
SYNÇGYRYŞ [synçğyryş], iş ady. Synçgyrmak 
ýagdaýy. 
SYNÇGYRYŞMAK 
[synçğyryşmak], 
işl. 
Birnäçe bolup synçgyryp durmak. 
SYNÇY [sy:nçy], at. 1. Gelinlik gyza, öýlenjek 
ýigide syn etmäge gelýän adam. Sen özüňi synlamaga 
synçy gelenini bilip dursuň, kelläňe telpegiňi geý (A. 
Gowşudow). 2. Syn edip bilýän, ýiti, görgür. Ýazyjy 
synçy bolmalydyr. 3. Esasan, syýasy wakalara 
seslenip syn ýazýan ýa-da radio-telewideniýede 
çykyş edýän adam. 
SYNÇYLYK [sy:nçylyk], at. Synlamaga ökdelik, 
syn edip, baha berip bilmek häsiýeti. 
SYNDY [synny], at. Haly çitiminiň ösüntgi 
ýüpüni gyrkmak, halynyň ýüzüni tekizlemek üçin 
gaýça, gyrkylyga meňzeş uzyn demir gural. Sen biziň 
syndylarymyzy çalyp ber (A. Durdyýew).
SYNDYRMAK [sy:nnyrmak], işl. 1. Bütinleý 
heläkçilige uçratmak, ýykmak. 2. Ruhdan düşürmek. 


307 
3. Gaýnap duran zadyň gaýnamasyny kesdirmek, 
gaýnamasyny galdyrmak. 4. göç.m. Biderek adam 
hasaplamak, gowularyň hataryna goşmazlyk. Bir 
göreniňi öwme-de, syndyrma-da (Atalar sözi). 
SYNJA [synja:]: synja gylmak namaz okamak 
üçin iniňi arassalamak. 
SYNLABERMEK [sy:nla:vermek], işl. Synlap 
ugramak. 
SYNLAMA [sy:nlama], iş ady. Synlamak 
ýagdaýy. 
SYNLAMAK [sy:nlamak], işl. Birine ýa-da bir 
zada içgin, her taraplaýyn syn etmek, gözden 
geçirmek. Yzyna öwrüldi-de, Isgenderi siňe synlady 
(B. Seýtäkow).
SYNLAMAKLYK [sy:nlamaklyk], iş ady. 
Synlamak ýagdaýy. 
SYNLAMAZLYK [sy:nlamazlyk], iş ady. Birine 
ýa-da bir zada içgin, her taraplaýyn syn etmezlik, 
gözden geçirmezlik. 
SYNLANMAK [sy:nlanmak], işl. Birine ýa-da 
bir zada içgin, her taraplaýyn syn edilmek. 
SYNLAŞMAK [sy:nlaşmak], işl. 1. Synlamaga 
kömek, ýardam etmek. 2. Birnäçe bolup bilelikde 
synlamak. Biri-biriniň bitiren işlerini synlaşdylar. 
SYNLATMAK [sy:nlatmak], işl. Syn etdirmek,
gözden geçirtmek. Men özümi synlatmaga gelemok 
(B. Kerbabaýew). 
SYNLAÝYŞ [sy:nlaýyş], iş ady. Synlamak 
ýagdaýy. 
SYNMA [sy:nma], iş ady. Synmak ýagdaýy. 
SYNMAK [sy:nmak], işl. 1ser. DöwülmekSuw 
küýzesi suwda synar (Nakyl). Aýagynyň synmagyna 
seniň ynsabyň nähili çydar (B. Kerbabaýew). 2
Bütinleý heläkçilige uçramak, ýykylmak. 3
Gaýnamy kesilmek, gaýnandan soň ýene sowap 
ugramak. Aýallarynyň goýýan tüňçesi birnäçe 
mertebe gaýnap syndy (A.Gowşudow). Gaýnamy 
synmak. 
SYNMAKLYK [sy:nmaklyk], iş ady. Synmak 
ýagdaýy. 
SYNP,at. Orta bilim berýän mekdebiň okuwçylar 
topary. Bäşinji synpyň okuwçysy. 
SYNTGY [sy:ntgy], at. 1. Täze işilen ýüpüň, 
ýüplügiň, kirşiň daşyndaky übtükleri syryp aýyrma, 
towuny ýylmama. Onsoň ýene-de kirşe syntgy berjek 
boldy (N. Saryhanow). 2. göç.m. Ýalňyşlyklary, 
nädogry ýazylanlary düzetme, ýylmama, timarlama, 
taraşlama. Emma onuň entek kämilleşmedik 
ylhamyndan döreýän setirler syntga mätäçdi 
(

Edebiýat we sungat

). 
SYNTGYLABERMEK [sy:ntgyla:vermek], işl. 
Syntgylap başlamak. 
SYNTGYLAMA 
[sy:ntgylama], 
iş 
ady. 
Syntgylamak ýagdaýy. 
SYNTGYLAMAK [sy:ntgylamak], işl. 1. Täze 
işilen ýüpüň, ýüplügiň, kirşiň daşyny öl zat bilen 
syhap towuny ýylmamak, düzlemek, üpür-çüpürini 
aýyrmak. Ol sazyň kirşini ýaglygynyň ujuny ölläp, 
birnäçe gezek syntgylady. 2.göç.m. Äheňini, 
ýalňyşlyklaryny düzedip ýylmamak, timarlamak, 
taraşlamak. Käbir sözlemleri syntgylamaly. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   504   505   506   507   508   509   510   511   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling