Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SÜZÜŞ, iş ady. Süzmek ýagdaýy


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet506/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   502   503   504   505   506   507   508   509   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SÜZÜŞ, iş ady. Süzmek ýagdaýy. 
SÜZÜŞMEK [süzüşmök], işl. 1. Süzmäge 
kömekleşmek. 2. Bilelikde süzmek. 
SYBYRGAÝ [syvyrğaý], syp. Ýaş çagasyz (aýal 
maşgala hakynda). 
SYÇAN, at. Tumşugy inçe, murtluja, guýrukly 
gemriji jandar. Pişik ýazu-gyş syçan tutarmyş, Diňe 
doýansoň, myrlap ýatarmyş (R. Seýidow).
Syçan ýyly müçe hasabynyň birinji ýylynyň 
ady. 
SYÇANÇY, 
at. 
Ýyrtyjy 
guş, 
gyrgylar 
maşgalasyndan bolan mör-möjek iýýän guş. 
SYÇANYZY [syçany:zy], at. Hala salynýan 
nagyşlaryň bir görnüşiniň ady. 
SYÇRABERMEK [syçyra:vermek], işl. 1. 
Damja-damja, däne-däne bolup, syçrap ýaýrabermek. 
2. Ot, uçgun syçrap başlamak. 
SYÇRAMA [syçyrama], iş ady. Syçramak 
ýagdaýy. 
SYÇRAMAK [syçyramak], işl. 1. Damja-damja 
bolup ýaýramak. Biz ter otlardan syçrap, elimize, 
ýüzümize degýän damjalara keýp edip haýdaýarys 
(

Edebiýat we sungat

). 2. gepl.d. Çalt hereket etmek, 
böküp turmak, çalt ýeriňden galmak. Ol syçrap 
ýerinden turdy. 3. Ot bolejikleri, uçgun pytramak, 
ýaýramak. Çalynýan pyçakdan uçgun syçraýardy. 
SYÇRAMAKLYK [syçyramaklyk], iş ady. 
Syçramak ýagdaýy. 
SYÇRAMAZLYK [syçyramazlyk], iş ady. 
Syçrap durmazlyk. 
SYÇRATGY [syçyratgy] I, at. Syçrap ýaýran 
suwuklyk damjalary. Onuň etekleri hem syýlary 
syçratgy palçyklar bilen bezelipdir (A. Gowşudow). 
SYÇRATGY [syçyratgy] II, at. Dik baldakly, 
ýapragy baldagynyň düýbünde bolýan mawy gülli ot. 
SYÇRATGY [syçyratgy] III, at. Esasan, 
çagalaryň ýüzüne çykýan, suwy degen ýerini ýara 
edýän suwluja düwürtik. 
SYÇRATMAK [syçyratmak], işl. 1. Suwuklyk 
damjalaryny dumly-duşa pytratmak. 2. Ot, uçgun 
ýaly zady ýalpyldap gider ýaly etmek. 
SYDYRDYŞ, iş ady. Sydyrtmak ýagdaýy. 
SYDYRGYN [sydyrğy:n]: bir sydyrgyn bir 
boluşda, bir ýagdaýda, yzygiderli. Onuň düwünleri 
ýumralan barmaklary näzik sapagy bir sydyrgyn 
towlady (B. Kerbabaýew). 
SYDYRTMA, iş ady. Sydyrtmak ýagdaýy. 
SYDYRTMAK, işl. Bir zadyň ýüzüni çyzmak, 
sypjyryp yz galdyrmak. 
SYGAN [syğa:n], at, ser. Syganlar. 
SYGANLAR [syğa:nlar], at. Dünýäniň dürli 
ýurtlarynda ýaşaýan halk, şonuň ýaly-da, şol halka 
degişli adamlar. 
SYGAŇKYRLAMAK [syğaňkyrlamak], işl. 
Göwrümli gabyň, zadyň içinde ýerleşeňkirlemek, 
sygmaga golaýlaşmak. 
SYGDYRMAK [syğdyrmak], işl. 1. Göwrümli 
gabyň, zadyň içinde ýerleşdirmek. Ol ähli zadyny bir 
gaba sygdyrdy. 2. göç.m. Orun bermek, ylalaşykly, 
oňşuk eder ýaly ýagdaý döretmek, agzybirlik bilen 
bilelikde ýaşamak. Ýalňyşmaýan bolsam, şeýle gylyk 
ony märekä sygdyrmaz (B. Kerbabaýew). 
SYGMA [syğma], iş ady. Sygmak ýagdaýy. 
SYGMAK [syğmak], işl. Jaýyň, köýnegiň, 
köwşüň we ş.m. içine ýerleşmek. Aýagym beren 
köwşüňe sygarmyka? Munça adam jaýa sygar 
oýd)ýärmiň? 
SYGMAKLYK [syğmaklyk], iş ady. Sygmak 
ýagdaýy. 
SYGMAZLYK [syğmazlyk], iş ady. 1. Göwrümli
zadyň içine ýerleşmezlik.
SYGNABERMEK 
[syğna:vermek], 
işl. 
Betnebislik bilen sygnap başlamak. 
SYGNALMAK [syğnalmak], işl. Betnebislik 
bilen iýilmek, köp iýilmek, symyşlanmak. 
SYGNAMA [syğnama], iş ady. Sygnamak 
ýagdaýy. 
SYGNAMAK [syğnamak], işl. Betnebislik bilen 
iýmek, köp iýmek, symyşlamak. Ine, bir gün welin 
mazaly ajygan pişik goşda goýlan etden gowy 
sygnapdyr (B. Annageldiýew). 
SYGNAMAZLYK [syğnamazlyk], iş ady. 
Betnebislik bilen iýmezlik, symyşlamazlyk. 
SYGNAŞMAK [syğnaşmak], işl. Birnäçe adam 
sygnamak. Başlaryny galdyrman, sygnaşyp otyrdylar. 
SYGNATMAK [syğnatmak], işl. Sygnamaga 
mümkinçilik bermek, ýol bermek. 
SYGNAÝYŞ [syğnaýyş], iş ady. Sygnamak 
ýagdaýy. 
SYGNYBERMEK [syğnyvermek], işl. Sygnyp 
başlamak. 
SYGNYLMAK [syğnylmak], işl. Keramatla 
ynanylyp, ondan kömek soralmak. 
SYGNYŞ [syğnyş], iş ady. Sygynmak ýagdaýy. 
SYGNYŞMAK [syğnyşmak], işl. Birnäçe adam
sygynmak. 
SYGSY [syğsy], at. Dokmanyň erşi gowşanda 
dokma agajy bilen gazyk arasynda kakylýan kiçijik 
ýasy agaç. Sygsy kakyşyp, oňa dokmanyň badyny 
sazlaşýardy (N. Pomma). 
SYGŞYKLY [syğşykly], syp. 1. Köp zat ýerleşer 
ýaly, ýerleşikli. Ýygnap goýmaly zatlarymyz köpdür, 
sygşykly ýerleşdirjek bol. 2. Köp adam sygar ýaly. 
Sygşykly oturmasaňyz, adamlaryň sygmadygy bolar
SYGŞYKLYLYK [syğşyklylyk], at. Sygsykly 
bolmaklyk.
SYGYM [syğym], at. Bir göwrümli gabyň öz 
içine sygdyryp biliş derejesi, göwrümi. 
SYGYMLY [syğymly], syp. Köp zat sygýan, 
göwrümli. Sygymly gap. 
SYGYMLYLYK [syğymlylyk], at. Köp zat 
sygmaklyk, göwrümi ululyk, göwrümlilik. 


303 
SYGYMLYRAK 
[syğymlyra:k], 
syp. 
Göwrümliräk, içine köpräk zat sygýan. 
SYGYMSYZ [syğymsyz], syp. Köp zat 
sygmaýan, göwrümi kiçi. Sygymsyz gap. 
SYGYMSYZLYK [syğymsyzlyk], at. Köp zat 
sygyşmazlyk, kiçi göwrümlilik. 
SYGYNDYRMAK [syğynnyrmak], işl. Gudraty 
güýçli Alla Tagala, keramatlylara ynanyp, olardan 
kömek soratmak. 
SYGYNMA [syğynma], iş ady. Sygynmak 
ýagdaýy. 
SYGYNMAK [syğynmak], işl. Keramatlylara 
ynanyp, olardan kömek soramak, kömek islemek. Sen 
sygyngyn erenlere, pirlere, Hünäri meýdanda belli 
Görogly (

Görogly

). 
SYGYNMAKLYK [syğynmaklyk], iş ady. 
Sygynmak ýagdaýy. 
SYGYR [syğyr], at. Süýt berýän, uly göwreli, 
şahly, goşa toýnakly öý haýwany, gara mal. Derrew 
gölesini goýberdi-de, sygryny sagdy (A. Durdyýew). 
Sygryň guýrugynda pyçak döwmek bir işi 
gutarman goýmak, bir işi tamamlap barýarkaň 
taşlamak. 
SYGYRDILI [syğyrdili], at. Boýy 30-60 
santimetre ýetýän köpýyllyk ýabany ot. 
SYGYRGUÝRUK [syğyrguýruk], at. Syrdam 
uzyn baldakly, süýnmek ýaprakly, sary gül getirýän 
ot. 
SYGYRMA [sy:ğyrma], iş ady. Sygyrmak 
hereketi. 
SYGYRMAK 
[sy:ğyrmak], 
işl. 
Ýumuk 
dodaklaryň ýa-da gysylan dişleriň arasy bilen 
öýkenden gelýän howany daşyna kowup, içiňden 
geçip barýan ýiti, güýçli ses çykarmak, sykylyk 
atmak, sykylyklamak. Ýedi ýaşan aty sygyryp suwa 
ýakma (Nakyl).
SYGYRMAKLYK [sy:ğyrmaklyk], iş ady. 
Sygyrmak ýagdaýy. 
SYGYRMAZLYK [sy:ğyrmazlyk], iş ady. 
Sykylyk atmazlyk, sykylyklamazlyk. 
SYGYRSIÝDIK 
[syğyrsiýdik], 
at. 
Aýal 
eşiklerine, tahýa, keçä we ş.m. salynýan egrem-
bugram görnüşli nagyş. Sygyrsiýdik salnyp bejerilen 
ýaka. 
SYGYRTMAK [sy:ğyrtmak], işl. Sykylyk 
atdyrmak, sykylyklatmak. 
SYGYRYBERMEK 
[sy:ğyryvermek], 
işl. 
Sygyryp ugramak. 
SYGYRYLMAK [sy:ğyrylmak], işl. Sykylyk 
atylmak, sykylyklanmak. 
SYGYRYŞ [sy:ğyryş], iş ady. Sygyrmak 
ýagdaýy. 
SYGYRYŞMAK [sy:ğyryşmak], işl. Birnäçe 
bolup sygyrmak. 
SYGYŞ [syğyş], iş ady. Sygmak ýagdaýy. 
SYGYŞMAK [syğyşmak], işl. Birnäçe zat ýa-da 
adam bir zadyň içine, bir ýere sygmak.
SYGYŞMAZLYK [syğyşmazlyk], iş ady. 
Birnäçe adam ýa-da zat bir ýere ýerleşmezlik, bir 
ýere sygmazlyk. Ýygnananlar barsalar, Sygyşmandyr 
içerik (O. Täçnazarow). 
SYH [sy:h], at. 1. Çişlik bişirmek üçin ulanylýan, 
ujy ýiti, ýasyja demir çiş. Dogramçany syha düzüp 
goýdular. 2. gepl.d. Umuman çybyk ýaly sim. 
Birentek demir syhy hem taýýarlap, dym-gyzyl edip, 
ussalar Arabyň dabanynyň teýine basyberdiler 
(

Görogly

). 3.Suwda ownuk balyk tutmak üçin ak 
gurlanda ulanylýan syryk. 
SYHALABERMEK [sy:hala:vermek], işl. Syhap 
başlamak. 
SYHALAMA [sy:halama], iş ady. Syhalamak 
hereketi. 
SYHALAMAK [sy:halamak], işl. Bir zady ikinji 
bir zada birnäçe gezek syhamak. Pyçak bilen 
syhalap kesmek. 
SYHALAMAKLYK [sy:halamaklyk], iş ady. 
Syhalamak ýagdaýy. 
SYHALAMAZLYK [sy:halamazlyk], iş ady. 
Yzly-yzyna syhamazlyk. 
SYHALANMAK [sy:halanmak], işl. Bir zat ikinji 
bir zada birnäçe gezek syhalmak. 
SYHALAŞMAK 
[sy:halaşmak], 
işl. 
1
Syhalamaga kömek etmek. 2. Bilelikde syhalamak. 
SYHALATMAK [sy:halatmak], işl. Syhalatmak 
işini başga birine etdirmek. 
SYHALAÝYŞ [sy:halaýyş], iş ady. Syhalamak 
ýagdaýy. 
SYHAMAK [sy:hamak], işl. Bir zady ikinji bir 
zada degrip süýkemek.Ol ýüzüni kese sowup, 
gyjagyny syhap otyrdy (

Edebiýat we sungat

). 
SYHLABERMEK 
[sy:hla:vermek], 
işl. 
Syhlamaga başlamak. 
SYHLAMA [sy:hlama], iş ady. Syhlamak 
ýagdaýy. 
SYHLAMAK [sy:hlamak], işl. Ujy ýiti çiş ýa-da 
syh bilen teniň bir ýerine sançmak, sünçmek, 
dürtmek. Eşegi syhlamak.
SYHLAMAKLYK [sy:hlamaklyk], iş ady. 
Syhlamak ýagdaýy. 
SYHLAMAZLYK [sy:hlamazlyk], iş ady. 
Syhyny sançmazlyk, sokmazlyk. 
SYHLANMAK [sy:hlanmak], işl. Syh bilen 
sanjylmak, sünjülmek, dürtülmek. 
SYHLAŞMAK [sy:hlaşmak], işl. Syhlamaga 
kömek etmek; bilelikde syhlamak. 
SYHLATMAK [sy:hlatmak], işl. Syhlamaga 
mejbur etmek; syhlamaga ýol bermek, mümkinçilik
döretmek. 
SYHLAÝYŞ [sy:hlaýyş], iş ady. Syhlamak 
ýagdaýy. 
SYH-SYH [sy:h-sy:h], syp. Ujy çiş, syh ýaly 
bolşup duran. Oklukirpiniň tikenleri syh-syh bolup 
dur. 
SYK, syp. 1. Erşi ýygy bolup, argajy berk 
kakylyp dokalan, çal bolmadyk. Syk mata. 2. Inçe, 
gysby, ýogyn däl. Bili syk, boýy deraz, Sagrysy 
meýdanly bedew (Mätäji). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   502   503   504   505   506   507   508   509   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling