Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
- Bu sahifa navigatsiya:
- FATYMYLAR BILEN GATNAŞYKLAR
RYZWAN — JENAHEDDÖWLE
DÜŞÜNIŞMEZLIGI Damask Seljukly Döwletiniň hökümdary Dukak bilen bolan söweşden soň, mälik Ryzwan bilen weziri we atalygy Jenaheddöwläniň arasynda dartgynlylyk ýüze çykdy. Jenaheddöwle Reý söweşinden soň, Halaba gelip, Ryzwanyň hyzmatyna girip, döwlet işlerini başarjaňlyk bilen alyp barypdyr, ýüze çykan içeri we daşary meselelerinde elmydama Ryzwanyň ýanynda orun alypdyr we onuň iň bir ynamdar adamy bolupdyr. Bu düşünişmezligiň sebäbi barada degişli çeşmelerde aýdylmasa-da, köne duşmany Ýagysyýanyň we Halap batynylarynyň ony Ryzwana ýamanlan bolmaklary mümkin diýip çaklamak mümkindir. Şunlukda, Halapda janyna howp abanýan- dygyna aňan Jenaheddöwle bir gije assyrynlyk bilen aýalyny (Ryzwanyň ejesini), ýakynlaryny we özüne degişli esgerlerini alyp, Halapdan çykyp özüne berlen 124 yktalardan biri bolan Humusa gitdi. Onuň bu ýerdäki naýyby emir Garaja şäheri we galany tabşyrdy. Şeýlelikde, Jenaheddöwle Humusda Halap Seljukly Döwletinden aýry, ýöne hukuk taýdan seljuklylara tabyn beglik esaslandyrdy. Jenaheddöwle wezirlikden aýrylyp, Halapdan çykyp gidensoň, Antakyýa walysy Ýagysyýan wagt ýitirmän Ryzwanyň ýanyna gelip, onuň bilen ýaraşdy we ýene-de onuň hyzmatyna girdi. Ol döwletiň raýat we harby işlerini dolandyrmaklygy öz üstüne aldy. Hatda Ryzwan onuň gyzy Çeçek hatyna öýlendi. Şeýlelikde, Ýagysyýan Ryzwan bilen ysnyşykly gatnaşyp başladylar. FATYMYLAR BILEN GATNAŞYKLAR Iýerusalimi eýelän Müsür fatymylary harby nukdaýnazardan tutuşlygyna Siriýany we Palestinany ele geçirip bilmändikleri sebäpli, ol ýerleri ruhy taýdan eýelemek maksady bilen wagyz işlerine girişdiler (1097-nji ýyl). Fatymy halypasy Mustagly mälik Ryzwana ýörite ilçi toparyny iberip, şeýle teklip beripdir: 1. Fatymy halypalygyna tabyn bolmak; 2. Golastyndaky ülkelerde sünni hutbasynyň deregine şaýy hutbasyny okatmak, hutbada ilki Mustagly, soňra weziri Afzal we ondan soň öz adyny (Ryzwanyň) aýtmak; 125 3. Eger ýokardaky şertleri ýerine ýetirse, onda oňa maliýe we harby taýdan goldaw bermek hem-de tutuş Siriýa häkim bolmagy üçin ähli çäreleri geçirmek. Mälik Ryzwan Fatymy halypasynyň bu tekliplerini alanda, şaýy münejjimi Esadyň täsirinde eken. Mundan başga-da ol gardaşy Dukagyň elindäki Damasky doly eýelemegi, Halaby taşlap Humusa giden we ol ýerde ýarym özbaşdak beglik guran öňki weziri Jenaheddöwlä garşy has güýçlenmegi göz öňünde tutup, fatymylaryň tekliplerini kabul etdi. Şunlukda, ol Halapdan başlap, öz golastyndaky ähli ülkelerdäki metjitlerde sünni hutbasyny ýatyryp, şaýy hutbasyny okatmaga başlady. Şeýlelikde, Siriýa we Palestina Seljukly döwletiniň Halap şahasy Müsür fatymy halypalygyna, maddy we ruhy taýdan baglanyp, tabyn ýagdaýa geldi we türkmen taryhynda ilkinji gezek bir seljukly hökümdary şaýy fatymy halypalygynyň tabynlygyna girdi. Seljuklylar taryhynyň dürli döwürlerinde, käbir seljukly nesilşalygyň agzalary we käbir emirler Müsür fatymylary bilen gepleşik geçiren hem bolsalar, olaryň hiç biri iş ýüzünde amala aşmandy. Mälik Ryzwan muny durmuşa geçiren ilkinji we iň soňky seljukly hökümdary hökmünde taryha girdi. Ýöne Ryzwanyň bu çözgüdine ähli sünni yslam ülkeleriniň garşylygy gijikmedi. Ynha, Ryzwanyň iň ýakyn dostlary Ýagysyýan we Sökmen Halaba gelip «Sünni musulmanlaryň garşysyna edilen bu hereketinden derrew el çekmegini» talap etdiler we ony ýazgardylar. Aýratyn hem Apbasy halypasy Muztazhyr 126 Billah, Beýik seljukly döwletiniň soltany Berkýaryk we beýleki musulman ülkeleriň hökümdarlary hem Ryzwany ýazgarmakdan çetde galmadylar. Şol sebäpli Mälik Ryzwan dört hepde dowam eden şaýy fatymy halypasynyň adyna okalan hutbany ýene-de Apbasy halypalygynyň we Beýik seljukly döwletiniň adyna okatmaga mejbur boldy (1097-nji ýylyň Ruhnama aýy). Şeýle hem, ilkibaşda, Apbasy halypasy we Seljukly soltany bolmak bilen ähli musulman ülkeleriniň hökümdarlaryna ýeke-ýeke hat ýazyp, olardan ötünç sorady. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling