113
Tuwalu dili- awstroneziýa dilleriniň polineziýa
toparyna girýär. Tualu döwletinde ýaýrandyr.
Bu dilde
gepleýänleriň sany 10 müň adam töweregidir. Şiweleriniň
arasyndaky tapawut örän uludyr. Tualu diliniň döwlet
derejesi bolmasa-da (döwlet dili iňlis dili) ol durmuşyň
ähli ugurlarynda peýdalanylýar. Ýazuwy latyn elipbiýiniň
esasyndadyr.
Tuwa dili- türki dillerine degişlidir. Tuwa
respublikasynda rus dili
bilen bilelikde resmi dil
hökmünde ulanylýar. Bu dilde 185 müň adam gepleýär.
Merkezi,
günbatar,
demirgazyk-gündogar,günorta-
gündogar şiweleri bar. Grammatik gurluşy goşulma arkaly
söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir.
Grammatik many aňlatmakda
sintetik usullar agdyklyk
edýär. Sözlük düzüminde mongol dilinden alnan sözler
köp. Ýazuwy 1930-njy ýyldan başlap latyn, 1940-njy
ýyldan rus elipbiýiniň esasyndadyr.
Tungaruan
dili-awstroneziýa
dilleriniň
mikroneziýa toparyna degişlidir. Kiribatiýanyň döwlet
dilidir. Bu dilde gepleýänleriň sany 60 müň töweregi
adamdyr. Grammatik many aňlatmakda
analitik usullara
eýedir. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasyndadyr.
Do'stlaringiz bilan baham: