Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet77/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   73   74   75   76   77   78   79   80   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Türk dili-türki dilleriniň biridir. Türkiýäniň döwlet 
dilidir. Türk dilinde 45 mln-dan hem köp adam gepleýär. 
Gündogar 
we 
demirgazyk-gündogar 
şiwelerinde 
azerbaýjan diline meňzeşlik göze ilýär. Grammatik 
gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan 
dillere degişlidir. Grammatik many aňlatmakda sintetik 
usullar agdyklyk edýär. Ýazuwy 1928-nji ýyla çenli arap, 
soň latyn elipbiýiniň esasyndadyr. 
 
Türkmen dili-türki dillerine degişlidir. Garaşsyz 
Baky Bitarap Türkmenistanyň döwlet dilidir. Türkmen 


114 
diliniň döwlet dili derejesine eýe bolmagynda we 
ösmeginde Türkmenistanyň Ilkinji Prezidenti Beýik 
Saparmyrat Türkmenbaşynyň ägirt uly hyzmaty bardyr. 
Türkmen diliniň grammatik gurluşy goşulma arkaly söz 
üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik 
many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär. Ýazuwy 
1928-nji ýyla çenli arap elipbiýiniň, 1928-nji ýyldan latyn 
elipbiýiniň, 1940-njy ýyldan rus elipbiýiniň esasyndadyr. 
1991-nji 
ýylda 
Beýik 
Serdarymyz 
Saparmyrat 
Türkmenbaşynyň başda durmagynda Türkmenistan 
Garaşsyzlygyny gazanandan soň latyn elipbiýiniň 
esasyndaky täze türkmen elipbiýine geçildi. 
 

 
Uailu 
dili-awstoneziýa 
dilleriniň melaneziýa 
toparyna girýär. Täze Kaledoniýada ýaýrandyr. Bu dilde 
birnäçe müň adam gepleýär. Ýazuwy ýok. 
 
Ubyh 
dili-abhaz-adygeý 
dilleriniň 
biridir.Türkiýäniň 
gündogaryndaky 
birnäçe 
obada
ýaýrandyr. Grammatik many aňlatmakda sintetik usullara 
eýedir. Söz ýasalyşda sözleri goşmak usuly ulanylýar. 
Ýazuwy ýokdur. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   73   74   75   76   77   78   79   80   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling