Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet75/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   71   72   73   74   75   76   77   78   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Tiri 
dili-awstroneziýa 
dilleriniň 
melaneziýa 
toparyna girýär. Täze Kaledoniýada ýaýrandyr. Goňşy dili 
bolan mea diline uly täsir edidir. Bu dilde 600 müň 
töweregi adam gepleýär. Diliň ýazuwy ýok. 
 
Tokelau dili-awstroneziýa dilleriniň polineziýa 
toparyna girýär. Bu dilde 1,6 müň adam gepleýär.Şiwelere 
bölünmeýär. Tokelau dili gurluşy boýunça samon diline 
ýakyndyr, käbir dilçiler ony samon diliniň şiwesi hem 
hasaplaýarlar. Grammatik many aňlatmakda analitik 
usullara eýedir. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasyndadyr. 
 
Tongan dili- awstroneziýa dilleriniň polineziýa 
toparynyň 
tongan 
toparçasyna 
degişlidir. 
Tonga 
Korollygynyň döwlet dilidir. Tongan dilinde 120 müňden 
köpüräk adam gepleýär. Grammatik many aňlatmakda 


112 
analitik usullara eýedir. Ýazuwy latyn elipbiýiniň 
esasyndadyr.
 
Tofalar dili- türki dilleriniň biridir. Tuwa diline 
örän ýakyn. Russiýanyň Irkutsk oblastynyň Nižneudin 
etrabynda ýaýrandyr. Bu dilde 470 töweregi adam 
gepleýär. Gutarin we alygjer şiweleri bar. Özüniň ösüşinde 
bu dile mongol, burýat, rus, ket dilleriniň täsiri uly 
bolupdyr. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz 
üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik 
many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär. Sözlük 
düzüminde awçylyk bilen baglanyşykly sözler esasy orna 
eýedir.1988-nji ýylda rus elipbiýiniň esasyndaky ýazuwy 
döredildi. 
 
Tohar (A) dili- hindi-ýewropa dilleriniň tohar 
toparyna degişlidir. Hytaýyň demirgazyk-gündogarynda 
(häzirki Uýgurystan) V-VIII asyrlarda ýaýrapdyr. 
Grammatik many aňlatmakda sintetik usullara eýedir. 
Ýazuwy bogun ýazuwy görnüşindedir.

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   71   72   73   74   75   76   77   78   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling