Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet78/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   75   76   77   78   79   80   81   82   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Udmurt dili-fin-ugor dilleriniň fin toparynyň perm 
toparçasyna degişlidir. Udmurtystanda giňden ýaýrandyr. 
Bu dilde 550 mün töweregi adam gepleýär. Grammatik 
gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan 
dillere degişlidir. Grammatik many aňlatmakda sintetik 
usullar agdyklyk edýär. Ýazuwy rus elipbiýiniň 
esasyndadyr. 
 
Udegeý dili-tungus-mançžur dilleriniň biridir 
Russiýanyň Primorsk we Habarowsk ülkelerinde 
ýaýrandyr. Bu dilde 480 müň adam gepleýär. Grammatik 


115 
gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan 
dillere degişlidir. Grammatik many aňlatmakda sintetik 
usullar agdyklyk edýär. Ýazuwy rus elipbiýiniň 
esasyndadyr. 
 
Uýgur dili- Hytaýyň Uýgur awtonom etrabynda 
Orta Aziýa döwletlerinde (esasan-da Gazagystanda) 
giňden ýaýrandyr. Merkezi, iliý-semirçen, kaşgar-fergana 
şiweleri bar. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz 
üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik 
many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär. Sözlük 
düzüminde hytaý dilinden alnan sözler köp, olaryň sany 
gitdigiçe artýar. Ýazuwy arap elipbiýiniň esasyndadyr. 
Orta Aziýa uýgurlary üçin XX asyrda rus elipbiýiniň 
esasyndaky ýazuw döredildi. 
 
Ukrain dili- hindi-ýewropa dilleriniň slawýan 
toparynyň gündogar toparçasyna degişlidir. Ukrainanyň 
döwlet dili bolmak bilen, şol ýerde giňden ýaýrandyr. 
Ukrain dilinde 37 mln adam gepleýär diýlip hasaplanylýar. 
Günorta-gündogar, günorta-günbatar, demirgazyk şiweleri 
bar. Edebi diliň esasynda günorta-gündogar şiwesi ýatýar. 
Dil flektiw bolmak bilen, Grammatik many aňlatmakda 
sintetik usullara eýedir. 
 
Umbr dili-hindi-ýewropa dilleriniň italiý toparyna 
girýär. Rimiň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän taryhy 
Umbriýada b.e.öň IV-V asyrlarda ýaýrapdyr. Grammatik 
gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan we 
flektiw dillere degişli bolupdyr. Sözlük düzüminde latyn 
we etrus diliniň sözleri köp. Biziň döwrümize gelip ýeten 
ýazuw ýadygärlikleri latyn we umbr elipbiýlerinde.

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   75   76   77   78   79   80   81   82   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling