Türkmenistanyň bilim ministrligi magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Download 0.76 Mb. Pdf ko'rish
|
Kössekow D Köneürgenç türkmenleriniň döwletiniň taryhyndan-2020 TDU
al-jaýş) bolupdyr, şol diwana bolsa sahib diwan al-ard (ýa-da sahib diwan al-jaýş
ýa-da ard al-jaýş) ýolbaşçylyk edipdir. Çeşmeleriň birinde tutuş döwletiň goşunyny dolandyrýan esasy edara diwan-i arz dar jumla-ýi mamalik diýlip atlandyrylypdyr. Diwan al-ard harby lenalar (ikta), ähli derejeli esgerlere aýlyklary we tölegleriň ähli görnüşlerini tölemek, şeýle hem goşünlary we onuň ýaragyna gözegçilik etmek we bellige almak bilen bagly işleri dolandyrypdyr. Diwan al-ard ähli esgerlere (mutajannida) bellenilen haky (mawajib, arzak) bellenilen wagtda töläpdir, olara ähli zerur zatlary (hukuk) beripdir hem-de harby serkerdäniň öz tabynlygyndakylara haklaryny dogry tölemegine gözegçilik edipdir. Has uly welaýatlarda goşuny dolandyrmak boýunça ýerli edaralar hem bolupdyr. Horezm şalarynyň goşunynda ähmiýeti boýunça goşun inspektorunyň (nazir al jaýş) wezipesi ikinji orunda durýan wezipe bolupdyr. Onuň hereketlerine goşun diwanynyň baştutany tarapynda gözegçilik edilipdir. Horezm şalaryň goşunynyň serkerdebaşysy ka’id ýa-da mukaddam diýen ady göteripdir, bu wezipä has görnükli we ukyply wezirleriň biri belenipdir. Horezm şasy Il-Arslan “goşunlaryň serkerdebaşysy (al-mukaddam ala-I-asakir) hökmünde Şams al-Mulk ibn Husaýn Aýýar-begi-garlyk emirleriniň birini belläpdir. Il-Arslan oňa öz uýasyny durmuşa çykarypdyr we ähli goşunlaryň serkerdebaşysy (ka’id jaýşihi) edip belläpdir. Ala ad-Din Muhammed I hökümdarlyk eden döwründe Reý welaýatynyň häkimi we goşunlaryň serkerdebaşysy hökmünde onuň ogly Abu-I-Fath Ýusuf bellenilipdir. Onuň emir- isfahsalar diýen harby ady bolupdyr. Şýle hem welaýatlaryň goşunlarynyň serkerdebaşylary sahib al-jaýş diýen at goýulypdyr. 51 Horezm şalary täze welaýatlary ýa-da ýerleri eýelän mahalynda şol ýerleri ikta hökmünde emirlere paýlapdyrlar hem-de ýerli emirleriň ulysy hökmünde şolaryň arasyndan has tanymal adamy belläp oňa amir al-umar diýen derejäni beripdirler. 10 müň atlydan ybarat bolan goşun bölümlerine ýolbaşçylyk edenlere mälik diýen harby at goýulypdyr. Seýrek hatlarda bu at asly garamaýaklara degişli adamlara dakylypdyr. Meselem Horezm şasy Ala ad-Din Muhammediň döwründe soltanyň taştdary Aýaz mälik diýen derejä ýetipdir. Ýönekeý halky içinden çykan Mu aýid ad-Mulk Kawam ad-Din mälik diýen ada mynasyp bolupdyr. An-Nasawi muňa “ýeňil düşmedik iş” diýip baha beripdir. Söweşlerde has-da tapawutlanan mäliklere han diýen derejeler berilipdir. Horezm şalygyň goşunynda çaparlar çawuş diýlip atlandyrylypdyr, olara uly çawuşlar (mukaddam çawuşiýa) ýolbaşçylyk edipdirler. Aňtowçylaryň (jasusiýa) ýörite düzümi bolupdyr. Jasuslar “ duşmanyň ýagdaýyny we olaryň hereketlerini anyklapdyrlar. Bu bolsa möhüm iş diýilip hasaplanypdyr”. Horezm şanyň goşunynda ruhany-goşun kazysy (kazy-ýi haşam we laşkar-i hazrat ýa-da kadi al-asakir) bolupdyr. Adaty ýaragdan gylyçlardan, naýzalardan, peýkamlardan we oklardan, ýörite ýasalýan taýaklardan başga-da, Horezm şanyň goşunlarynyň ygtyýarynda katapultalar (manjanyglar), gabawda ulanylýan maşynlar (dabbabat), “pyşbagalar”, ýagny süýşýän minerallar (mataris), taranlar (jamalukat) we hüjüm edilende ulanylýan merdiwanlar (salalim) bolupdyr. Horezm şalary içki galalaryň we berkitmeleriň gurulmagyna we pugtalandyrylmagyna uly üns beripdirler. An-Nasawiniň aýtmagyna görä, Istahar we Aşkanawan galalary-“öz mäkämligi bilen dile düşdi”; Iial galasy-“has berk galalaryň biridir”; Hurandiz-“howadaky elýetmez bürgüt ýaly iň oňat galalaryň biridir”; Kahira-“örän beýik bolandygy üçin ondaky garagullaryň ýakýan otlary ýyldyzlar ýa-da has dogrusy ýaldyrawuk tomzaklar bolup görünýär”; Ustunawand- “berk gala bolup, onuň ýokarsyna hat-da bürgütler hem ýetip bilmeýär şoňa görä- de, ol diwarada mätäç bolup durmaýar”; Ardahi-“ýer ýüzündäki iň berk galalaryň biri hat-da bürgütler hem öz ganatlaryny sowýarlar we bu ýerde ýaşaýanlar guşlara ýokardan seredýärler”; Farrazin-“ýer ýüzünde berkligi boýunça has giňden belli bolan galalaryň biridir”. Galalardaky goşunlara mustahfizler ýolbaşçylyk edipdirler. Horezm şanyň döwründe polisiýanyň we jeza berijileriň wezipeleri şyhnalar öz toparlary bilen amala aşyrypdyrlar. Adatça, şihnanyň wezipesine türki harby serkerdeler-emirler bellenilipdir. Şihna häkimiýet üçin howoly bolup görünýän ähli işlere goşulypdyr hem-de ilaty häkimiýete garşy öjükdirip biljek adamlara gözegçilik edipdir. 52 Horezm şalary basyp alan welaýatlarynda, şäherlerde we ilat ýerlerinde öz Download 0.76 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling