Türkmenistanyň Bilim ministrligi


V BÖLÜM  Azerbaýjan Sowet häkimiýeti ýyllarynda


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet20/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   16   17   18   19   20   21   22   23   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

V BÖLÜM 
Azerbaýjan Sowet häkimiýeti ýyllarynda
(1917-1991-nji ýyllar) 
 
Azerbaýjanda sosialistik rewolýusiýanyň ýeňmegi 
 Sowet häkimiýetiniň berkarar edilmegi 
Azerbaýjanyň işçileriniň we daýhanlarynyň sosialistik 
rewolusiýasyna bolşewikler guramalary ýolbaşçylyk edýärdiler. 
Azerbaýjanda şeýle rewolusiýany amala aşyrmak üçin zerur 
sosial-ykdysady şertler döräpdir. Russiýada synpy gapma-
garşylyklaryň ýitileşmegi täze rewolýusion krizisiň döremegine 
getiripdir. Işçiler, daýhanlar we milli-azat edijilik hereketi 
birleşip, ýurtda bir bitewi umumy azat edijilik hereketiniň 
döremegine itergi beripdir. 
Bolşewikler zähmetkeş halky rewolýusion herekete 
çekmekde uly kynçylyklary ýeňip geçmeli bolupdyrlar. Sebäbi, 
ýurduň hemme ýerinde ykdysadyýetiň we syýasatyň ösüşi deň 
bolmandyr. Işçier synpy milli düzümi boýunça köp milletli 
bolupdyr. 1917-nji ýylda ilatyň 76 %-i oba hojalyk bilen 
meşgullanypdyr. Bakuw şäheri Kawkazda iň iri senagat merkezi 
bolup, onda işçileriň esasy bölegi jemlenipdir. Onuň 100 
müňden gowrak köp milletli işçisi bolup, olar tutuş 
Azerbeýjanyň işçiler hereketiniň başynda durýardylar. Patyşa 
hökümeti, azerbeýjan, ermeni, gruzin buržuaz milletçileri olaryň 
arasynda milletara dawalary tutaşdyryp, olaryň ünsüni 
rewolýusion hereketden sowmaga çalyşypdyrlar. 
Zakawkazýada bolşewikler guramasynyň berkemeginde 
1917-nji ýylyň oktýabr aýynda Tbilisi şäherinde bolup geçen 
Kawkaz bolşewikleriniň birinji gurultaýy wajyp ähmiýete eýe 
bolupdyr. Gurultaý ähli milletleriň, şol sanda Kawkaz halkynyň 
hem öz hukuklaryny özleriniň hat-da döwlet bolup bölünmäge 
çenli hukuklarynyň zerurlygyny belläp geçýär. ``Bütin 


58 
häkimiýet Sowetlere!`` atly şygar astyndaky göreş tutuş ýurdy 
öz içine alypdyr. 1917-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Bakuw 
sowetiniň menşewik-eser ispalkomy mejbury ýagdaýda 
otstawka gitmeli bolýar. 
1917-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Petrogradda ýaragly 
gozgalaň başlanýar. 25-nji oktýabrda bolsa Beýik Oktýabr 
sosialistik rewolusýasy ýeňýär. 27-nji oktýabyrda bolşewikler 
Bakuwda häkimiýetiň Sowetleriň eline berilmegini talap 
edýärler. Emma eser-menşewik-daşnak bileleşigi Jemgyýetçilik 
howupsyzlyk komitetiniň döremegi baradaky reformanyň kabul 
edilmegini gazanýarlar. 1917-nji ýylyň oktýabr aýynyň 
ahyrynda ``Musawat`` partiýasy I gurultaýyny çagyryp, onda 
ýaragly gozgalaňy goldamaly däl we wagtlaýyn hökümeti 
goldamaly diýen karara gelýär. Musawatçylar Russiýa buržuaz 
federasiýasynyň 
düzüminde 
Azerbeýjanyň 
awtonomiýa 
hukugyny gazanmaga umyt edipdirler. 
Emma Bakuwyň partiýa komitetiniň işçileri Petrograddaky 
Oktýabr rewolusýasynyň ýeňişini goldaman häkimiýetiň tiz 
wagtda işçileriň, esgerleriň we daýhanlaryň deputatlarynyň 
sowetleriniň eline berilmegini talap etmäge çagyrypdyrlar. 
1917-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Giňeldilen Bakuw 
Soweti bolşewikleriň rewolusiýa kabul edip, onda Bakuw 
Sowetiniň täze halk sowetiniň tarapyna geçýändigi barada 
aýdylýar. 2-nji noýabrda Giňeldilen Bakuw Soweti işçileriň we 
esgerleriň 
deputatlarynyň 
Sowetleriniň 
ýerine 
ýetiriji 
komitetiniň Bakuw şäherinde iň ýokary halk häkimiýeti bolup 
durýandygyny yglan edýär. Şeýlelikde, Bakuw Kawkazda 
Sowet 
häkimiýetini 
yglan 
eden, 
Beýik 
Oktýabr 
rewolýusiýasynyň Gyzyl baýdagyny ýokary galdyran ilkinji 
şäher bolýar. 


59 
Buržuaziýanyň häkimiýet organlary bolan jemgietçilik 
howpsyzlygy komiteti, jemgyýetçilik guramalarynyň ýerine 
ýetiriji komiteti ýatyrlypdyr. 
Emma muňa garamazdan şaher dumasy, musulman we 
ermeni mili sowetleri yaly kontrrewoluýsion toparlar häkimieti 
basyp almak ugrunda göreşlerini dowam etdiripdirler. Bu 
döwürde Azerbaýjanyň guberniýalarynda daýhanlar çykyşlary 
bolsa-da, olar entek işçileriň rewolýusion hereketleri bilen 
ysnyşykly hereket edip bilmändirler.
1918- nji ýylyň fewral aýynda gruzin menşewikleri, 
azerbeýjan musawatçylary, ermeni daşnaklary rewolýusiýanyň 
garşysyna Zakawkazýa sebtini döredýärler. Bu bolsa ýurtda täze 
rewolýusion hereketiň döremegine getiripdir. 1918 – nji ýylyň 
mart aýynda azerbaýjan musawatçylary Bakuwda Sowet 
häkimiýetiniň garşysyna ilkinji bolup açyk ýaragly çykyşa 
başlaýar. Bolşewikler bu gozgalaňy tizlik bilen basyp
ýatyrýarlar. Gozgalaňy guraýjylar Genje şäherine tarap 
gaçýarlar. Gozgalaňyň basylyp ýatyrylmagy netijesinde, aprel 
aýynda sowet häkimiýeti öz pozisiýasyny has berkidip, tutuş 
Bakuw raýonyny öz elinde saklapdyr. Tutuş Azerbaýjanda 
sosialistik rewolýusiýanyň ýeňmegi ugrundaky göreşi 
ýaýbaňlandyrmak üçin amatly şertler döredipdirler. 
1918-nji ýylyň aprel we maý aýlarynda tutuş Bakuw şeýle 
hem Lenkoran, Şemah, Zawad, Kuba uýezdlerinde Sowet 
häkimiýeti berkarar edilipdir. 
1918-nji ýylyň 25-nji aprelinde S. G. Şaumýanyň 
ýolbaşçylygynda Sowet hökümetiniň Zakawkazýedäki ilkinji 
ygtyýarly hökümet organy bolan Bakuw Halk Komisarlar 
Soweti döredilýär. Ähli ýerlerde Sowet häkimiýetini berkitmek 
we ilkinji sosialistik özgerilişikleri durmuşa geçirmek ugrunda 
işler alnyp barlypdyr. Bakuwda şäher dumasy ýatyrylypdyr, ähli 
administratiw guramalar we kärhanalar üýtgedilip gurlupdyr. 


60 
Täze işçi-daýhan milisiýasy döredilipdir, halk sudy guralypdyr, 
kontrrewolýusiýa garşy göreş boýunça Adatdan daşary 
komissiýa düzülipdir. Bakuw Halk Komissarlar Soweti 
tarapyndan nebit senagaty, balykçylyk, banklar, söwda floty, 
transport 
millileşdirilipdir. 
Önümçiligiň 
üstünden 
işçi 
gözegçiligini girizipdirler. Ilkinji sosialistik özgertmeler bilim, 
medeniýet we beýleki möhüm pudaklaryny hem öz içine 
alypdyr. Obalarda Daýhanlar deputatlarynyň sowetleri 
döredilipdir. Bakuw, Şemah, Lenkoran, Kuba, Jawat, Gökçaý 
uýezdleriniň daýhanlary Sowet häkimiýetiniň tarapyna geçip 
Daýhanlar deputatlarynyň sowetlerini döretmäge işeňňir 
gatnaşypdyrlar. 
1918-nji ýylyň 26-nji maýynda Bakuw uýezdiniň 
Daýhanlar deputatlarynyň Sowetleriniň gurultaýy geçirilip, 
onda Bakuw uýezdiniň Daýhanlar deputatlarynyň Sowetleriniň 
ýerine ýetiriji Komiteti döredilýär. Onuň başlyklygyna M. A. 
Azizbekow tassyklanýar. 
1918-nji ýylyň 18-nji iýunynda Bakuw Halk Komissarlar 
Soweti ýerleri millileşdirmek barada dekret çykarýar. Dekret 
boýunça hanlaryň, begleriň, mälikleriň ähli ýerleri hiç hili 
tölegsiz zähmetkeş daýhanlara berilmeli edilýär. Emma bu 
dekrediň biraz gijikdirilip çykarylmagy we raýatlar urşunyň 
ýitileşmegi sebäpli ony doly durmuşa geçirip bolmandyr. 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   16   17   18   19   20   21   22   23   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling