Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Azerbaýjan 20-nji-30-njy ýyllarda
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
Azerbaýjan 20-nji-30-njy ýyllarda
Raýatlyk urşy gutarandan soň, Azerbaýjanyň zähmetkeşleri hem birnäçe kynçylyklary ýeňip geçmeli bolypdyrlar. Ilkinji nobatda bolsa, raýatlyk urşy sebäpli dargan ykdysadyýeti dikeltmelidi. Nebitiň çykarlyşy 1913–nji ýylda 7,3 mln. tonna bolan bolsa, 1920–1921–nji ýylarda ol 2,4 mln. tonna çenli pese gaçypdyr. Senagat kärhanalarnyň aglaba bölegi işlänokdy. Oba hojalykda hem ýagdaý gaty agyrdy. Azerbaýjan daýhanlary interwentler we musawatçylar tarpyndan talanypdy. Oba hojalykda ekin meýdanlarnyň möçberi 1921–nji ýylda 1913–nji ýyl bilen deňeşdireňde 33% - e çenli azalypdyr, pagtaçylyk bolsa has pese düşip 5% - e barabar bolupdur. Azerbaýjanda weýran edilen hojalygy dikeltmek iň wajyp meseleleriň biri bolup durýardy. Şu maksat sebäpli Sowet Azerbaýjanyň ähli hojalygy dien ýaly 1921–nji ýyldan başlap täze ykdysady syýasata (NEP) laýyklykda üýtgeip gurlyp başlanýar. Azerbaýjan daýhanlarnyň agyr ýagdaýy göz öňünde 66 tutulyp, olar 1922–nji ýyla çenli azyk salgydyndan boşadylypdyr. Halk hojalygyny dikeltmekde ilkinji nowatda sowet dowlet gurluşyny berkitmek we zahmetkeş halky ýurduň jemgyýetçilik –syýasy durmuşyna çekmek meselesi iň wajyp meselä eýe bolupdyr. 1921- nji ýylyň ýaz aýyndan başlap, Azerbaýjanyň uýezdlerinde taryhyň belli döwründe öz taryhy roluny oýnan rewolýusion komitetler bilen daýhanlar komitetlerniň ýerine Işçileriň we daýhanlaryň deputatlarnyň sowetlari girizilýär. 1921–nji ýylyň 6–njy maýynda Bakuwda Azerbaýjan SSR–niň Sowetleriniň birini gurultaýy açylyp, onda Azerbaýjanyň birinji Konstitusýasy kabul edilyär. Konstitusiýada Azerbaýjan SSR–niň sosialistik ösüş ýoly öz beýaýyny tapýardy. Konstitusiýa Azerbaýjanda sowet gurluşygynyň berkararlygyny bellige almak bilen döwlet apparatynyň gurluşyny berkidipdir. Gurultaýda iň ýokary dowlet organlary – Azerbeýjan Merkezi ýerine ýetriji we Halk Komissarlar Soweti saýlanylydyr. HKS– niň başlyklygyna N. Narimanow, AzMIK – nyň başlyklygyna M. Gajuew saýlanylypdyr. 1923 njy ýylyň 7–nji iýulynda Azerbaýjan SSR– niň düzüminde Daglyk – Garabag awtanom oblasty, 1924 – nji ýylyň 9–njy fewralynda bolsa Nahiçewan ASSR – y(Awtanom Sowet Sosialistik Respublikasy) döredilýär. 1922-nji ýylyň dekabr aýynda Zakawkazýe Sowet Federatiw Sosialistik Respublikasy (ZSFSR) döredilip, oňa Zakawkazýe respublikalary bilen bilelikde Azerbaýjan SSR-i hem girýär. Şol ýylyň 30-njy dekabrynda bolsa Sowet Sosialistik Respublikalar Soýuzy (SSSR) döredilip, Azerbaýjan SSR-i ZSFSR-iň düzüminde bolmak bilen ol soýuza girýär. 67 Ýurduň oba hojalygy we senagaty ýuwaş-ýuwaşdan dikeldilip başlanýar. 1922-nji ýylda daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen azyk salgydyny ýygnamak bellenen möçberden artykmaç ýerine ýetirilýär. Pagtaçylyk täzeden kemala gelýär. 1925-nji ýylda Azerbaýjanyň ähli oba hojalyk pudagynyň umumy önümi uruşdan öňki derejesiniň 72 %-ne barabar bolýar. Respublikanyň oba hojalyk meýdanlarynda ilkinji traktorlar hem peýda bolup başlaýar. Azerbaýjanyň obalarynda oba hojalyk kooperatiwleri ösüp başlaýar. Ýurduň senagaty hem ösüp başlapdyrýr. Täze senagat kärhanalary işe girizilip başlanypdyr. 1926-1928-nji ýyllarda Bakuwda SSSR-de ilkinji ýod-brom we nebiti gaýtadan işleýän kuwwatly zawody, Genje şäherinde ýüplük kombinatynyň birinji nobatdakysy we pagta arassalaýan zawody, Lenkoranda konserwa zawodlary we beýlekiler gurlupdyr. Nebitiň çykarylyşy artdyrylypdyr. 1924-1925-nji ýyllarda çykarylan nebitiň mukdary 4,6 mln. tonna bolanlygyndan 1928-1929-njy ýylda 8,6 mln. tonna baryp ýetýär. müň işçini öz içine alypdyr. 1930-njy ýylyň tomsunda Azerbaýjanyň tutuş senagat pudagy boýunça 32,7 müň zarpçy zähmet çekipdir. Azerbaýjan SSR-inde birinji bäşýyllyk plan umuman alanyňda möhletinden öň üç ýarym ýylyň içinde ýerine ýetirilipdir. Bäşýyllygyň ahyrynda ýurdyň senagaty (nebit senagatyny almanyňdan) 1913-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 5,3 esse, 1928- nji ýyl bilen deňeşdireniňde bolsa 2,5 esse ösüpdir. Birinji bäşýyllygyň dowamynda Azerbaýjanda kolhoz gurluşygy hem ýeňýär. Bäşýyllygyň ahyrynda daýhanlar köpçülikleýin bolup kolhozlara girip başlaýarlar. Ýöne oba hojalygyny kollektiwleşdirmekde ötegeçmelere, 68 howlukmaçlyklara hem ýol berilen ýagdaýlar bolupdyr. Ýagny käýerlerde daýhanlary zor bilen kolhozlara ýazýardylar. 1931-nji ýyl Azerbaýjanda kolhoz gurluşygynda öwrülişik ýyly bolýar. 1932-nji ýylda respublika boýunça daýhanlaryň 50,6 %-i kolhozlara girip, ähli ekin meýdanlarynyň 63,7 %-i öz içine alýar. 1930-njy ýylda ýurduň obalarynda ilkinji Maşyn- traktor stansiýalary (MTS) peýda bolýarlar. Şeýlelik bilen birinji bäşýyllygyň dowamynda Azerbejan SSR-inde sosialistik ykdysadyýetiň düýbi tutulýar. Ikinji bäşýyllygyň (1933-1937) dowamynda Sowet Azerbaýjanyň senagatynyň ösüşinde hem özgerilişikler bolup geçýär.1937-nji ýylda nebitiň çykarylyşy 1913-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 3 esse, gazyň-69 esse, benziniň öndürilişi-47 esse artypdyr. Ikinji bäşýyllygyň ahyrynda Azerbaýjanyň nebit kärhanalary tutuş SSSR-iň çykarýan nebitiniň 70 %-ni beripdir. Bu döwürde Azerbaýjan SSR-inde takyk maşyngurluşygy, himiýa, trikotaž, mebel, çaý we beýlekiler ýaly senagatyň täze pudaklary peýda bolýar.1936-njy ýylyň başlarynda respublikada jemi 1671 sany, şol sanda 688 sany iri senagat kärhanalary bolupdyr. Azerbaýjanyň ähli senagat önümleriniň 90 %-inden gowragyny Sowet häkimiýeti ýyllarynda doly üýtgedilip gurlan ýa-da täze gurlan senagat kärhanalary öndüripdirler. Kirowabad (öňki Genje) şäherden soňra Nahiçewan, Stepanakert ýaly täze senagat merkezleri hem ösüpdir. Ikinji bäşýyllygyň dowamynda respublikada kolhoz gurluşygy esasan amala aşyrylýar. 1937-nji ýylyň tomsunda ekin meýdanlaryň 93,5 %-ini öz içine alýan ähli daýhan hojalyklaryň 86,5 %-i kolhozlara giripdirler. 1926-1939-njy ýyllaryň dowamynda Azerbaýjanyň ilatynyň sany 2,3 mln. adam bolanlygyndan artyp 3,2 mln. adama ýetipdir. 1939-njy ýylda respublikanyň ilatynyň 57,5 %- ini işçiler we gullukçylar, 42,4 %-ini bolsa daýhanlar tutupdyr. 69 1936-njy ýylda ZSFSR ýatyrylýar we şol ýylyň özünde Azerbaýjan SSR-i SSSR-iň düzümine girýär. 1937-nji ýylyň mart aýynda Azerbeýjan Sowetleriniň IX gurultaýy geçirilip, onda Azerbaýjan SSR-iniň täze Konstitusiýasy kabul edilýär. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling