Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Azerbaýjanyň garşysyna daşary ýurt interwensiýanyň
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
Azerbaýjanyň garşysyna daşary ýurt interwensiýanyň
guralmagy we raýatlyk urşy Zakawkazýa kontrrewolýusionerleri Sowet häkimiýetiniň tutuş Azerbaýjana, soňra bolsa Gruziýa we Ermenistana ýaýramagyndan howatyr edipdirler. Şoňa görä Kawkazda rewolýusion hereketiň daýanjy bolan Bakuw kommunasyny ýok etmäge çalşypdyrlar. Rewolýusýanyň duşmanlary bu meselede daşary ýurt interwentleriniň güýjüne daýanmak isläpdirler. Şu 61 maksat bilen 1918-nji ýylyň 22-nji aprelinde Zakawkazýe seými tarapyndan Zakawkazýa ``garaşsyz federatiw respublika`` diýip yglan edilýär. Şol ýylyň maý aýynda bolsa Batumyda german- türk goşunyny Zakawkazýa çozmagyny kanunlaşdyrýan şertnama gol çekilýär. 26-nji maýda bolsa interwentleriň talabyna laýyklykda Zakawkazýe seými ýatyrylýar. 1918-nji ýylyň 28-nji maýynda Tiblisi şäherinde ýerleşen Azerbaýjan milli soweti Azerbaýjany ``garaşsyz demokratik respublika`` diýip yglan edýär we Fataly Han-Hoýyň ýolbaşçylygynda ``milli hökümet`` döredýär. Türk interwentleri Ermenistany basyp alyp, Azerbaýjanyň üstüne çozýar. 1918-nji ýylyň maý aýynyň ahyrlarynda türk goşunynyň şatby general Nury paşanyň ýolbaşçylygynda Genje şäherinde berkeýärler. Şol wagtlar Tbilisi şäherinde Genje şäherine gelen musawat hökümetini türk goşuny ykrar etmeýär. 1918-nji ýylyň 17-nji iýunynda Fataly han-Hoýyň ýolbaşçylygynda täze musawat hökümeti döredilýär. Bu hökümet türk basybalyjylaryň elindäki oýnatgy hökümet bolupdyr. German-türk interwentleriniň Zakawkazýa çozmagy Azerbaýjanda Sowet hökümetine düýpli howp salypdyr. Interwentler içki kontrrewolýusionerler bilen birleşip, goşunyny sowet Bakuwyň üstüne sürüpdirler. Bakuwyň nebitine göz gyzdyryp, iňlisler hem Eýranda öz goşunlaryny jemläpdirler. Olar Bakuwy basyp almagy göz öňünde tutupdyrlar. 1918-nji ýylyň 27-nji iýulynda bolşewikleriň umumy Bakuw konferensiýasy geçirilip, onda Bakuwy goramaklygy dowam etdirmeli diýlen karara gelinýär. Bakuw Halk Komissarlar Soweti ähliumumy mobilizasiýa yglan edip, zähmetkeş halky Sowet häkimiýetini goramaga çagyrypdyr. Daşnak-menşewik-eserler tarapynyň dönüklük etmegi Bakuw Kommunasynyň ýatyrylmagyna getirýär. 1918-nji ýylyň 31-nji 62 iýulynda Bakuw Halk Komissarlar Soweti öz ygtyýarlyklaryny bes edýär. Netijede, Azerbaýjanda Sowet häkimiýeti wagtlaýynça ýykylýar. 1918-nji ýylyň 1-nji awgustynda eserler, menşewikler we daşnaklar Bakuwda kontrrewolýusion hökümeti döredýärler. Bu hökümetiň çagyrmagy boýunça 4-nji awgustda Bakuwa iňlis goşunynyň otrýady, 17-nji awgustda bolsa iňlis generaly Densterwil öz ştaby we goşun bölümleri bilen gelýär. Bu wagta çenli türk basybalyjylary Bakuwyň alkymyna gelipdirler. 14-nji awgustda gije sowet otrýady, işgärleri, kommunistler 17 gämä münüp Bakuwdan sowet Astrahanyna tarap ýüzüp başlaýarlar. Emma tiz wagtda kontrrewolýsionerleriň harby gämileri olaryň yzyndan ýetýärler we yzlaryna öwrülmäge mejbur edýärler. Sowet goşunlaryny ýaragsyzlandyrýarlar, 36 sany sowet we partiýa işgärlerini, şeýle hem Bakuw kommisarlaryny tutup, türmä atýarlar. 1918 – nju ýylyň 13 -njy sentýabyrynda türk goşunlary Bakuwa tarap aýgytly hüjüme geçip başlaýar. Kontrrewolýusionerler bilen iňlisler çaltlyk bilen Bakuwy taşlap gidýärler. Bakuwy türk interwentleriniň basyp almagyň öňsyrasynda Bakuw kommisarlaryny türmeden boşatmak başardypdyr. Olar ``Türkmen`` atly gämide Bakuwdan ýene-de Astrahana ýüzüp başlapdyrlar. Emma gämidäki sowet hökümetiniň duşmançylykly topary gämini Krasnowodska (Türkmenbaşy) getiripdirler. Bu ýerde şol wagtlar akgwardiýaçylar we iňlis interwentleri agalyk edipdirler. Bakuw kommisarlary duşmanyň eline düşüpdirler. 1918-nji ýylyň sentýabr aýynyň 19-yndan 20-sine geçilýän gije iňlis-eser wagşylary 26 Bakuw Kommisarlaryny Krasnowodskiniň türmesinden äkidip, Akjaguýma bilen Perewal menzilleriniň aralygynda 207-nji wýorstlykda wagşylarça atyp öldürýärler. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling