Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
- Bu sahifa navigatsiya:
- I BÖLÜM Özbegistan iň gadymy döwürden VIII asyra çenli Özbegistan iň gadymy adamlaryň watanydyr
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASY
Özbegistan döwleti Merkezi Aziýanyň merkezi böleginde ýerleşýändir. Ol demirgazyk Gündogarda Gyrgyzstan bilen, Demirgazykda we demirgazyk-günbatarda Gazagystan bilen, Günorta-günbatarda Türkmenistan bilen, günorta-gündogarda Täjigistan bilen, günortada Owganystan bilen serhetleşýär. Onuň serhediniň umumy uzynlygy 6621 müň kilomtere barabardyr. Özbegistanyň deňze çykalgasy ýokdur. Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäheridir. Ilatynyň umumy sany 27,5 milliondan geçýär. Özbegistan Respublikasynyň umumy ilatynyň 83,2 %-ni özbekler, 5,2-%-ni täjikler, 3,5-%-ni ruslar, 3,1-%-ni gazaklar, 2,2-%-ni garagalkaplar, 0,7-%-ni türkmenler we beýlekiler tutýandyr. (2009-njy ýylyň 1-njy ýanwarynyň maglumaty). Respublikada 120 sany şäher we 115 sany şäherçeler bardyr. Özbegistan Respublikasy Amyderýa bilen Syrdeýanyň aralygynda ýerleşip, territoriýasynyň bäşden dört-5/4-bölegini düzlükler (Turan pesligi) tutýar. Diňe Gündogar çetinde Týan- Şan we Gissar-Alaý sistemalaryna degişli bolan daglar bar. Konstitusiýa laýyklykda Özbegistan demokratik we hukuk döwletdir. Döwletiň ýolbaşçysy Prezidentdir. Döwletiň iň ýokary kanunçykaryjy organy Oliý Mejlisidir. Oliý Mejlis iki palatadan - Kanunçykaryjy palatadan (aşaky palata) we Senatdan (ýokarky palata) ybaratdyr. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Abdyganiýewiç Kerimowdyr. 81 I BÖLÜM Özbegistan iň gadymy döwürden VIII asyra çenli Özbegistan iň gadymy adamlaryň watanydyr Özbegistanyň territoriýasynda geçirilen gazuw agtaryş işleri ol ýerlerde hem gadymy adamlaryň ýaşandyklaryny subut edýär. Irki daş asyryna paleolit eýýamyna degişli zähmet gurallarynyň we haýwanlaryň sünkleriniň tapylmagy bolsa, ol ýerlerde gadymy adamlaryň ýaşandyklaryna şaýatlyk edýär. Gadymy daş asyryna degişli ýadygärlikler Surhanderýa (Deşikdaş), Samarkant (Amankutan), Daşkent (Hojikent, Obirahmet) oblastlaryndan, Fergana hem-de Zerewşan derýalarynyň jülgelerinden we beýleki ýerlerinden tapylandyr. 1938-1939-njy ýylda alym A.P.Okladnikow tarapyndan öwrenilen Deşikdaş gowagy has hem özüne çekijidir. Bu ýadygärlik deňiz derejesinden 1500 metr belentlikde Surhanderýa welaýatynyň Baýsundag dagynda ýerleşipdir. Gowagyň medeni gatlaklarynyň galyňlygy 1,5 metr (bäş gat) bolup, ol ýerde daşdan ýasalan dürli zähmet gurallarynyň we dürli haýwanlaryň süňkleriniň bölekleri tapylypdyr. Gowakdan dag tekeleriniň, sugunyň, ýabany atlaryň, gaplaňyň, aýynyň, syrtlanyň, towşanyň, käkiligiň, kepderiniň we şulara meňzeşleriň süňkleri hem tapylýar. Deşikdaş gowagyndan jemi 3000-e golaý daşdan ýasalan zatlar tapylyp, olaryň 339-sy doly gural halyna getirilipdir. Bu ýerden çaga süňkleri hem tapylypdyr. Maglumatlara baý ýadygärlikleriň ýene-de biri Daşkent şäherinden 100 km. demirgazyk-gündogarda ýerleşýän Obirahmat gowagydyr. Bu ýadygärlik ilkinji gezek 1962-nji ýylda öwrenilip başlanýar. Ýadygärlik 20-sany medeni gatlakdan ybaratdyr. Diýmek, bu gowakda ilkidurmuş adamlary uzak ýyllaryň dowamynda ýaşapdyrlar. 82 Gadymy döwrüň adamlary esasan hem awçylyk we iýmit çöplemek bilen meşgullanypdyrlar. Olar topar-topar bolup ýaşapdyrlar. Giçki paleolit eýýamy b.e.ö. 40-njy müňýyllyklardan 12- nji müň ýyllyklar aralygynda dowam edipdir. Gök çakmak daşdan ýasalan çapgyçlar, ujy tommaýly taýaklar, ujy ýiteldilen çyryklar bu döwürde ýaşan adamlaryň esasy zähmet gurallary bolupdyr. Zähmet gurallary kem-kemden kämilleşipdirler. Wagtyň geçmegi bilen gadymy adamlaryň ilkidurmuş sürüleri ganybir garyndaşlyga-uruga, esaslanýan obşina bilen çalşypdyr. Ilkidurmuş urugy adatça az sanly ganybir garyndaşlaryň birleşmesi bolupdyr. Urug özüniň ýönekeý hojalygyny bileleşip alyp barypdyr. Köplenç umumy jaýda-gowakda ýa-da uly çatmalarda-kümelerde ýaşapdyrlar. Özbegistanyň territoriýasynda giçki paleolite degişli ýadygärlikleriň içinde Samarkandyň şäher seýilgähiniň territoriýasynda ýerleşýän ýadygärligi görkezmek bolar. Bu ýadygärlik 1958-1966-njy ýyllar aralygynda öwrenilip, onuň 3 sany medeni gatlakdan durýandygynyň üsti açylýar. Ondan paleolit adamsynyň aşaky äňiniň süňki hem tapylýar. Medeni gatlaklarda birnäçe durmuş ojaklary bolup, olaryň töwereklerinden daşdan ýasalan birnäçe zähmet gurallary we haýwanlaryň süňkleri tapylýar. Takmynan b.e.ö. XIII müňýyllykda Özbegistanyň ýerlerinde daş asyrynyň ortaky döwri (mezolit) başlanyp, ol b.e.ö.V müňýyllyga çenli dowam edipdir. Bu döwürde adamlar ok-ýaýy oylap tapýarlar we palçykdan dürli gap-çanaklary ýasap başlapdyrlar. Özbegistanda mezolit eýýamyna degişli ýadygärlikleriň hatarynda Surhanderýa welaýatynyň Baýşun etrabyndan tapylan Maçaý gowagyny, Daşkentdiň Fergana welaýatynyň Soha 83 obasynyň golaýyndan tapylan ýadygärlikleri we beýlekileri görkezmek bolar. Neolit (täze daş asyry) eýýamyna degişli ýadygärlikler merkezi Ferganada, Zarafşan derýasynyň aşaky akymlarynda duş gelýär. Merkezi Ferganada şeýle ýadygärlikleriň 24-si öwrenilendir. Olar Merkezi Fergananyň günorta-günbatarynda ýerleşen gadymy Uzunkul we Taýpakkul kölleriniň kenarlarynda ýerleşipdirler. Şeýle ýagygärlikler Mahanderýanyň basseýnine we Kaşkaderýanyň aşak akymlarynda hem gabat gelýär. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling