Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
Serbedarlar hereketi
Mongol basybalyjylarynyň we olaryň tarapynda durýan iri feodallaryň garşysyna halk köpçüligi ýygy-ýygydan çykyş edip durupdyrlar. XIV asyryň birinji ýarymynda mongollaryň garşysyna has giň gerime eýe bolan hereket serbedarlar hereketi bolupdyr. Bu hereket ilki bilen Horasanda döräpdir. Serbedarlar-dardan asylan adamlar diýmek bolup, olar özlerine şeýle at beripdirler. Olar ―eger-de ýeňiş gazansak, halky mongollaryň we olaryň çinownikleriniň zulumyndan boşadarys, eger-de ýeňilsek dar agajyna gitmäge taýýar, çünki, mundan beýläk-de zorluga çydamak bolmaz‖ diýipdirler. Serbedarlar mongollary we olaryň ýaranlary bolan ýerli 100 feodallary agdarmagy, soňra bolsa giň zähmetkeş halkyň, daýhanlaryň, hünärmentleriň, ownuk söwdagärleriň, intelligensiýanyň wekilleriniň we hat-da, orta daýhanlaryň bähbitlerine laýyk gelýän öz düzgünini girizmegi maksat edinipdirler. Şoňa görä-de sarbadarlary şol toparyň wekilleri has giňden goldapdyrlar. Bu hereket sebäpli mongollaryň ar almagyndan gorkan ruhanylar we feodallar serbedarlaryň ýolbaşçylaryndan bu göreşden ýüz öwürmeklerini talap edipdirler. Emma serbedarlar olaryň teklibinden doly ýüz öwüripdirler. Olaryň azat edijilikli göreşiniň gidişine Horasanda merkezi Sebzewar şäheri bolan özbaşdak döwletini hem döredýärler. Bu döwlet 1337-nji ýyldan 1381-nji ýyllar aralygynda ýaşapdyr. 1365-nji ýylda serbedarlar hereketi Mawerennahrda peýda bolýar. XIV asyryň ortalarynda mongol basybalyjylarynyň we ýerli feodallaryň eden-etdilikleri sebäpli Samarkant, Buhara we beýleki şäherler özleriniň güýçli durgunlylygy başdan geçirýärler. Mawerennahryň ýagdaýy ýylsaýyn agyrlaşýardy. Güýçli hökümdaryň ýokdugy sebäpli, ýurt doly feodal dagynyklyk ýagdaýyna gelip ýetdi. Her mongol hanynyň tutuş Mawerennahyry basyp almaga çalyşmagy ýurtda ýagdaýyň çylşyrymlaşamyna getiripdir. Olaryň biri Çagataý ulusyň hany Togluk-Temir 1360-njy ýylda öz goşuny bilen Mawerennahra giripdir we hiç hili garşylyk görmezden Kaşgaderýa çenli baryp ýetipdir. Emma bäş ýyl geçenden soň, Mawerennahryň emirleri Togluk-Temiriň ogly Ylýas hoja boýun egmegi bes edipdir. 1365-nji ýylyp başlarynda Ylýas hoja uly bolmadyk goşuny bilen Mawerennahra ugraýar. Şol wagtlar Mawerennahrda döwlet başynda iki sany abraýly emirler- Temir we Hüseýin durupdyr. 1365-nji ýylyň ýazynda olaryň goşuny Ylýas hojanyň goşuny bilen çaknyşýar, 101 emma ýeňilýärler. Emirleriň ikisi hem dargan goşunynyň galyndysy bilen Amyderýadan geçip günorta tarap gaçýarlar. Ylýas hojanyň goşunynyň öňünde Samarkanda tarap ýol açylýar. Şäheriň ilaty mongollardan goranmaga taýýarlyk görüp başlapdyr. Samarkandy goramaklyga şäheriň iň sowatly adamlarynyň biri Mawlonazade Muhammet Samarkandy ýolbaşçylyk edipdir. Onuň ýanynda Samarkantly serbedarlar Abubekir Kuluý, Hurdek-i-Buhary we beýlekiler hem bolupdyr. Ylýas hojanyň goşuny Samarkandy uzak wagtlap netijesiz gabapdyr. Şäheri goraýjylar mongollaryň atly goşununyň üstüne çar tarapdan hüjüm edipdirler. Ylýas hoja ilkibaşda Samarkandyň eteklerini, soňra bolsa Mawerennahry taşlap gitmäge mejbur bolupdyr. Serbedarlar şäheri edara etmek bilen käbir demokratik çäreleri hem durmuşa geçirmäge girişipdirler. Olar şäher obşinasynyň ýolbaşçylygyna halkyň içinden çykan ýönekeý adamlary çekipdirler. Wagtyň geçmegi bilen serbedarlar hereketi iri feodallaryň we ruhanylaryň tagallalary bilen rehimsizlik basylyp ýatyrylypdyr. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling