Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
Medeniýet
Merkezi Aziýa aralaşan arap basybalyjylarynyň medeniýeti, ýerli halklaryň medeniýeti bilen deňeşdireniňde pes derejede bolupdyr. Arap hökümdarlary ýerli din, sungat, edebiýat wekillerini, alymlary öldüripdirler. Olaryň eserlerini bolsa ýakypdyrlar. VI-VII asyrlarda Merkezi Aziýada medeniýet ösüpdir. Bu döwürde Samarkant, Buhara, Paýkent we beýleki şäherler abadanlaşdyrylypdyr. Suwaryş kanallary kada salnypdyr. 91 Söwdanyň ösmegi bilen haryt-pul gatnaşyklary hem ösýär. Şäherlerde we aýry-aýry obalarda nah, ýüpek matalary dokamak, altyndan, kümüşden we beýleki metallardan bezeg şaý-sepleri ýasamak boýunça hünärmentçilik ösüpdir. Şol döwürde ýasalan galkan we beýleki harby enjamlar özleriniň ajaýyplygy bilen haýran galdyrypdyrlar. Binagärlik sungaty hem ösüpdir. Buharadan 40 km. uzaklykda ýerleşýän Warahşa şäheriniň harabaçylygynda geçirilen arheologiýa gazuw-agtaryş işleri mahaly birnäçe uly we kiçi zallary bolan köşgüň üsti açylýar. Zallaryň diwarlarynyň we üçekleriniň dürli bezegler bilen bezelmegi, şol döwrüň sungatynyň ýokary derejede ösendigine şaýatlyk edýär. Atyň üstünde oturan atçaparlaryň, ak pilleriň üstünde oturan adamlaryň, ylgap barýan ýyrtyjy haýwanlaryň dürli reňkler bilen bezelmegi suratkeşligiň ösendigini gökezýär. Käbir zallar we eýwanlar alebasterden ýasalan nagyşalar we heýkeljikler bilen bezelipdir. Alebasterden ýasalan ganatly atlaryň, adamlaryň, guşlaryň we hasylly agaçlaryň we ş.m-iň şekilleri şol döwrüň medeniýetiniň öz döwrünr görä, ýokary derejede ösendigine şaýatlyk edýär. Samarkantdan uzak bolmadyk Penjikent harabalygynda geçirilen gazuw işleri mahaly diwaryň ýüzüne çekilen suratlaryň tapylmagy bolsa, suratkeşlik sungatynyň ýokary derejede ösendigini görkezýär. 1957-nji ýylda Fergana jülgesiniň Kuwa şäheriniň harabalygyndan budda ybadathanasynyň galyndylary tapylýar. Ybadathanadan tapylan zatlar VII asyrda Merkezi Aziýanyň beýleki ýerlerinde zoroastrizm (otparazlyk) dininiň agalyk edendigine garamazdan, Ferganada buddaçylyk dininiň agalyk edendigine şaýatlyk edýär. VI-VII asyrlarda gurlan jaýlaryň ählisi çig kerpiçden ýa- da palçykdan salnypdyr. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling