Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Arap agalygynyň ýykylmagy
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
Arap agalygynyň ýykylmagy
809-njy ýylda halyf Harun al-Raşid aradan çykýar. Onuň ogullary Amin bilen Mamunyň arasynda tagt ugrunda göreş başlanýar. 813-nji ýylda Mamun iri ýer eýeleri Tahyr ibn Huseýiniň we beýlekileriň kömegi bilen Bagdady eýeleýär we halyflyk tagtyna geçýär. Tahyr ibn Huseýin Bagdatda ýokary wezipeleri eýelemek bilen Horasanyň we Mawerennahryň ähli ýerlerinde diýen ýaly öz adamlaryny goýýar. 821-nji ýylda ol Horasanyň emirligine bellenilýär. Emma ol tiz wagtda garaşylmadyk ýagdaýda aradan çykýar. Mamun Horsanyň emirligine Tahyryň uly ogly Talhany, soňra bolsa onuň kiçisi Abulabbas Abdyllany belläpdir. Tahyrylar neberesi 821-nji ýyldan 873-nji ýyllar aralygynda Horasanda agalyk etmek bilen Mawerennahry hem öz tabynlygynda saklapdyr. IX asyryň ortalarynda başlanan gozgalaňlar Tahyrylar döwletini gowşadypdyr. 95 873-nji ýylda Ýakup ibn Leýsiň gozgalaňy Tahyrylar nebeleriniň Mawerennahr ýerlerindäki agalygynyň ýykylmagyna we onuň ýerine Saffarylar (misçiler) nesliniň hökümdarlygynyň gelmegine getiripdir. Saffarylaryň hökümdarlygy Samanylar döwletiniň golastyna geçýär. IX asyryň ahyrynda merkezi Buhara şäheri bolan Samanylar döwleti Özbegistanyň köp ýerlerini özüne birikdiripdir. Tahyrylaryň ýykylmagy bilen Buhara şäheriniň dolandyryjy topary şäheri Samanylaryň öz golastyna almaklaryny haýyş edip ýüz tutupdyrlar. 874-nji ýylda Samany hökümdary Nasr öz inisi Ysmaýyly Buhara hökümdar edip iberýär. 823-nji ýylda Ysmaýyl agasy Nasr ölenden soňra tutuş Mawerennahry öz tabynlygyna geçirýär. Ysmaýyl halk gozgalaňlaryny rehimsizlik bilen basyp ýatyrypdyr we olardan öç alypdyr. Samanylar döwründe Mawerennahr ýerleri ykdysady taýdan ýokary göterilipdir. Oba hojalygy, şäherler, söwda, senetçilik we beýlekiler ösüpdir. Samanylar döwleti X asyryň ortalarynda özüniň ösüşini iň ýokary dereesine ýetip, ol özüne Mawerennahry, Horasany, Demirgazyk-Gündogar Eýrany birleşdiripdir. 999-njy ýylda Buharany türkmenleriň Garahanly döwletiniň basyp almagy bilen Samanylar dinastiýasy, özüniň ýaşaýşyny togtadýar. Merkezi Aziýada Samanylar döwletiniň ýerinde Garahanly döwleti peýda bolýar. Garahanly döwletini türkmenleriň garlyk, ýagma, çigil taýpa birleşmesi döredipdir. Bu birleşmä üç oguz diýip at beripdirler. Olar X asyrda yslamy kabul edýärler. Olaryň Mawerennahra arlaşmagy Samanylar döwletiniň ýykylmagyna getiripdir. XII asyryň ikinji ýarymyndan başlap, garahanlylar bilen seljuklaryň arasynda özara çaknyşyklar başlanýar. Ýurduň içinde-de özara dawalaryň başlanmagy merkezi häkimýeti 96 gowşadypdyr. Netijede, Garahanlylar döwleti özbaşdaklygyny ýitiripdir. IX asyryň ikinji ýarymynda syýasy meýdanda Gaznaly döwleti peýda bolýar. Ol güýçli döwlet bolmak bilen 999-njy ýylda Samanylar döwletini agdarýar. Gaznalylar Garahanly döwletine-de güýçli zarba urýar. Gaznaly hökümdary soltan Mahmyt Gaznaly 1017-nji ýylda Horezmi zorluk bilen özüne tabyn edýär. 1040-njy ýylda Daňdanakan diýen ýerde seljuklar soltan Mesut Gaznalynyň goşunyny uly ýeňlişlere sezewar edýär. Bu söweşden soň, Gaznaly döwletiniň bir bölegi, şol sanda Mawerennahr hem seljuklaryň eline geçýär. Gündogar Seljuk soltanlygyna Soltan Sanjaryň hökümdarlyk (1118-1157) edýän döwründe Mawerennahra garahytaýlylar çozuş edip başlapdyrlar. Soltan Sanjaryň goşuny 1141-nji ýylda Samarkandyň golaýynda Katawan diýen ýerde garahytaýlylar bilen çaknyşýar we güýçli ýeňlişe sezewar bolýar. Garahytaýlylar şonuň yzy bilen Buharany hem eýeläpdirler. 1157-njiylda soltan Sanjar aradan çykandan soň Gündogarda we Günbatarda birnäçe ownuk eýeçiliklre bölünýär. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling