Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Merkezleşen döwletiň döremegi


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet38/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   34   35   36   37   38   39   40   41   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Merkezleşen döwletiň döremegi 
XIV asyryň 50-60 njy ýyllarynda Mawerennahrdaky özara 
uruşlar we feodal dagynyklyk öň hem agyr durmuşda ýaşap 
ýören halk köpçüliginiň ýagdaýynyň has hem pese gaçmagyna 
getirýär. Zähmetkeş halkyň mongollaryň we ýerli feodallaryň 
ezişlerine 
garşy 
berk 
göreşi 
ýygy-ýygydan 
halk 
gozgalaňlarynyň 
turmagyna 
getiripdir. 
Mongollaryň 
dolandyrmagyndan ýerli dolandyryjy ýokary ýokary gatlagyň 
belli bir toparynyň arasynda hem nägilelik döräpdir.


102 
Mongollaryň agalyk etmegi ýerli feodallaryň bähbitlerine 
laýyk gelmändir. Olar ýurtda ähli häkimiýeti öz ellerinde 
jemläp, gol astyndaky zähmetkeş halky bolsa özleri ezmek 
isläpdirler. Garşy durýan gatlaklaryň arasynda özara uruşlardan 
we dagynyklardan esasy zyýan çekýän täjirler topary has hem 
gaýduwsuz hereket edipdir. Söwda-hünärment toparlary kerwen 
ýollarynyň merkezlerine eýe bolmak we daşarky hem-de içerki 
söwdanyň ösüşini üpjün edip biljek merkezleşen döwletiň 
tarapdary bolup çykyş edipdir. Olar mongollara garşy durýan 
ýerli feodallaryň wekilleri, emirleri we ruhanylary öz 
taraplaryna çekipdirler. 
Serbedarlaryň gozgalaňlarynyň netijesinde Mawerennahrda 
mongol agalygynyň ýykylmagyndan peýdalanyp, mongollara 
garşy durýan topar Emir Temiriň ýolbaşçylygynda häkimiýeti 
öz ellerine alýarlar. 
Temiriň harby we guramaçylyk ukyby agalyk ediji ýokary 
gatlagyň arasynda uly abraýa eýe bolmagyna getiripdir. XIV 
asyryň başlarynda Temmir Keş welaýatynyň hökümdary bolýar. 
1361-nji ýylda ol Samarkandyň emiri Hüseýin bilen bileleşige 
girýär. Bularyň bileleşigi Mawerennahrdaky uly güýje 
öwrülýär.
Bu bileleşik baglaşylandan soň, Temir öz garşydaşy Togluk-
Temire we onuň ogly Ylýas hoja garşy uzak wagtlyk göreşe 
başlaýar. 1366-njy ýylda Temir bilen Hüseýin serbedarlaryň 
Samarkantda bolup geçen gozgalaňyny basyp ýatyrýarlar. 
Emma olaryň bileleşigi uzak dowam etmändir. Çünki, olaryň 
ikisi hem öz häkimiýetiniň güýçlenmegi ugrunda çalşypdyrlar. 
1370-nji ýylda Hüseýin öldürilýär we onuň goşuny derbi-dagyn 
edilip, Temir Mawerennahryň ýeke-täk hökümdary bolýar. 
Temiriň döwletiniň paýtagty Samarkant şärheri bolupdyr. 
1373-1374-nji ýyllarda Temir Günorta Horezmi boýun egdirýär. 
1388-nji ýylda ol tutuş Horezmi gutarnykly basyp alýar. Temir 


103 
XIV asyryň 80-90-njy ýyllarynda Merkezi Aziýany 
birleşdirmekligi, 
Eýrana, 
Zakawkaziýa 
we 
beýleki 
territoriýalara rehimsiz ýörüşleri geçirmek bilen utgaşdyryp 
alyp barýar. Temir Altyn Orda hany Togtamyşyň garşysyna 
1389-1391-nji we 1394-1395-nji ýyllarda ýörüş geçirip, ony 
hem derbi-dagyn edýär. 1398-nji ýylda ol Hindistana ýörüş 
edýär we Deli şäherini basyp alýar. Hindistandan gaýdyp 
gelenden soň, ol osmanly soltany Baýazit I garşy 1402-nji ýylda 
urşa başlaýar. Çaknyşykda osmanly goşuny ýeňilýär we Baýazit 
I ýesir alynýar. 
Temir 1405-nji ýylda Hytaýa garşy urşa taýýarlyk görüp 
ýörkä aradan çykýar. Temiriň döwleti onuň ömrüniň ahyryna 
çenli 
özüne 
Mawerennahry, 
Horezmi, 
Horasany, 
Zakawkaziýäni, Eýrany we Penjaby birleşdirýär. Şeýlelik bilen 
Temir öz öňde goýan syýastynda merkezleşen döwlet döretmegi 
maksat edinipdir. Ol esasy garşydaşlary bolan Altyn Ordany
Eýrany we beýleki ýurtlary özüne tabyn edipdir. Ownuk feodal 
eýeçilikleriniň soňuna çykypdyr. Bu bolsa öz gezeginde 
Mawerennahryň ykdysady we syýasy kuwwatyny artdyrypdyr.
Merkezleşen döwletiň döremegi, feodal dagynyklygyň 
soňuna çykylmagy mongol agalygy döwründe ýurduň ýumrulan 
öndüriji güýçleriniň we ykdysadyýetiniň ýokary göterilmegine 
amatly täsirini ýetiripdir. Bu döwürde zähmetkeş köpçiliginiň 
ägirt 
uly 
tagallalarynyň 
netijesinde 
ekerançylykda, 
hünärmentçilikde, içerki we daşarky söwdada belli bir derejede 
öňe gidişlikler bolupdyr. Ylmyň, medeniýetiň ösmegine şertler 
döräpdir. Mawerennahryň şäherleriniň içinde Samarkant şäheri 
aýratyn tapawutlanyp başlapdyr. Şäheriň köp sanly ilaty bolup, 
olaryň esasy bölegi hünärmetçiligiň dürli görnüşleri we söwda 
bilen meşgullanypdyrlar. 


104 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   34   35   36   37   38   39   40   41   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling