Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Özbegistan temirleriň döwründe
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
Özbegistan temirleriň döwründe
Temir aradan çykandan soňra onuň imperiýasy ýykylyp, onuň ýerinde iki sany döwlet emele gelýär. Olaryň biri merkezi şäheri Hyrat bolan Horasan, beýlekisi merkezi Samarkant şäheri bolan Mewerannahr döwletleri bolupdyr. Horasany Temiriň ogly Şahruh, Mewerannahry bolsa, Şahruhyň ogly Ulugbeg dolandyrypdyr. Ulugbegiň döwletiniň serhedi häzirki Özgebistan döwletiniň serhedi bilen deň gelipdir diýen ýalydyr. Mundan başga-da, onuň düzümine Syrderýanyň basseýniiniň bir bölegi, ýagny Otrardan Sygnaga çenli öz içine alypdyr. 1411-nji ýyldan başlap, Ulugbeg özbaşdak hökümdar hökmünde çykyş edip başlaýar.Ulugbeg öz döwrüniň beýik alymy, guramaçysy we ylmyň, sungatyň howandary hökmünde taryha girendir. XV asyryň başlaryndan başlap, dünýä söwda ýoly Termez sähralyklarynyň üstünden geçip, ol ondan aňrylygyna bolsa Hindi ummanyna çenli aralykda has işeňňirleşip başlapdyr. Temirler döwletleriniň içinde alnyp barylýan salgyt syýasaty zähmetkeş halk köpçüliginiň arasynda nägilelikleriň artmagyna getiripdir. Şol bir wagtyň özünde Ulugbegiň döwlet dolandyrşyndan ýurduň aristokratlarynyň (agalyk edýän synpyň aýratyn hukukly gatlagy) we reaksion pikirli ruhanylarynyň arasynda nägilelik döräp başlapdyr. Olar jemgyýetiň medeni ösüşine, dünýä ylmy taýdan akyl ýetirişlerine we erkin pikirlenmelere garşy durupdyrlar. Ulugbege garşy durýan şeýle pikirli topara onuň ogly Abdulatyf ýolbaşçylyk edipdir. 1449-njy ýylda Samarkandyň eteginde Dimişk diýen obanyň golaýynda Ulugbeg bilen Abdulatyfyň arasynda söweş bolýar. Bu söweşde Ulugbeg ýeňilipdir. Söweşde Ulugbegiň harby serkerdeleri oňa dönüklik edipdirler. Samarkandyň emiri bolsa, şäheriň derwezesini berk ýapypdyr. Ulugbeg öz ogluna boýun egmeli bolupdyr. Netijede, Abdulatyf kakasyna gizlin 105 sud etdirýär we 1449-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda ony öldürmegi guraýar. Häkimet Abdulatyfyň eline geçen hem bolsa, Samarkantda we onuň töwereklerinde Abdulatyfy we onuň tarapdarlaryny tagtdan agdarmak üdin oňa garşy durýan toparlar hereket edip başlapdyr. 6 aý hem geçmänkä Abdulatyf gabawa alnypdyr we kakasyny öldüren ogul hökmünde halk tarapyndan näletlenilip öldürilipdir. Ondan soňra, temirler Abuseýit, Abdylla Muhammet we Juçynyň arasynda tagt üstünde göreş başlanypdyr. Olaryň üçüsi hem özbek hany Abdylhaýrdan kömek sorap ýüz tutupdyrlar. 1451-nji ýylda Abdylhaýr Samarkanda gelýär we Abuseýidiň tagty eýelemegine kömek edýär. Tiz wagtda Abuseýit Şahruhyň Geratdaky tagtyny hem eýeleýär. Şeýlelik bilen, ol temirler döwletini birleşdirýär. Onuň ogullary Soltan Ahmet, Soltan Muhammet, Omar Şeýh we beýlekiler özbaşdaklykda Samarkandy, Ferganany ve Buharany dolandyrypdyrlar. 1468-nji ýylda Abuseýit Azerbeýjandaky söweşleriň birinde wepat bolýar. Onuň tagtyny bolsa, soltan Hüseýin Baýkara basyp alýar. Şeýlelik bilen, Horasan we Merkezi Aziýa özbaşdak eýeliklere bölünýär.Ol eýelikleriň hökümdarlary biri-birleri bilen garyndaş bolupdyrlar. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling