Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
Buhara hanlygy
Mawerannahry şeýbanylaryň basyp almagy bilen Buhara ykdysady we medeni merkez hökmünde ýuwaş-ýuwaşdan ýokary galyp başlapdyr. Abdylla hanyň (1557-1598) dolandyran döwründe Buhara şäheri Şeýbany döwletiniň paýtagty bolupdyr. Abdylla han ýurduň içindäki agzalalyklary ýok edip, öz häkimetini güýçlendirmek ugrunda çalşypdyr. 115 Ol birnäçe harby ýörişleri geçirip Samarkanty, Daşkendi, Ferganany, Saýrany, Garşyny, Merwi, Hisary, Deşti-Gypjagy we beýleki ýerleri basyp alýar. Abdylla han Sibir hanlyklaryna hem öz täsirini ýetirmek maksady bilen Kuçum hana öz harby kömegini beripdir. Emma bu oňa üstünlik getirmändir. Buhara hanlygy Russiýa, Eýran, Hindistan, Hytaý bilen söwda we diplomatiki gatnaşyklary ýola goýupdyr. Şäherlerde hünärmentçilik, dokmaçylyk, söwda ösüpdir. Buharada we Samarkantda iri bazarlar emele gelip, olar her dürli ýüpek-şahy matalar, mis gaplar, kişmiş we şuňa meňzeşleri öndürmegiň, satmagyň merkezine öwrülipdir. Köp şäherlerde köşkleriň, medreseleriň, metjitleriň we mawzoleýleriň gurluşygy alnyp barlypdyr. Abdylla han ölenden soňra Buhara hanlygynda şeýbanylaryň dinastiýasy synypdyr hem-de döwlete 150 ýylyň dowamynda aştarhamylaryň dinastiýasy (1599-1753) eýelik edipdir. Aştarhamylar özbekleriň etniki bir şahasy bolup, ol Astrahan hanlyklaryň nesilleridir. Şu döwürde hanlyk gowşap, feodal dagynyklyk başlanypdyr. Özara içki we daşky uruşlaryň yzy kesilmändir. Buhara hanlygy Eýran, Hywa hanlygy hem-de gazak ordalary bilen uruşlar alyp barypdyr. Bularyň hemmesi merkezi häkimiýeti gowşadyp, ýerli feodallary gylawlandyrypdyr. 1740-njy ýylda Buhara hanlygyny Nedir şa hiç hili garşylyksyz basyp alypdyr. 1747-nji ýylda Nedir şa ölenden soň, onuň imperiýasy dargaýar. Buhara hanlygynda iri feodallaryň içki uruşlary ýene-de güýçlenip başlapdyr. Netijede, häkimiýet başyna täze Maňgyt dinastiýasy (1753-1920) geçipdir. Bu döwürde ýurduň syýasy-ykdysady ýagdaýy ep-esli derejede gowlanypdyr. Aýratyn-da Şamyrat Welnamynyň we onuň müderris ("okymyş") adyny alan ogly Mirhaýdaryň döwründe (1800-1826) hanlygyň içki düzgüni berkleşipdir. 116 1785-nji ýylda Şamyrat Welnamy Maryny basyp alypdyr we Soltanbendi weýran edipdir. 1801-1802-nji we 1824-nji ýyllarda Mirhaýdar ärsary türkmenleriniň gozgalaňlaryny rehimsizlik bilen basyp ýatyrypdyr. Emma bular feodal dagynyklygyň soňuna çykyp bilmändir. Buhara hanlygynda ýer eýeçiliginiň XVI asyrda emele gelen ulgamy saklanyp galypdyr. Ýerler, esasan, üç görnüşe: emläk (döwlet ýerleri, patyşalyk ýerleri), mülk (hususy eýeçilikdäki ýerler), wakyf (dini ruhanylaryň ýerleri) ýerlerine bölünipdir. Ýersiz daýhanlaryň aglaba bölegi ýerleri kärendesine (üçden birine) işläp bejeripdirler. Çärjew begliginde ýaşan türkmenler emläk ýerlerine, Kerki begliginde ýaşan türkmenler bolsa mülk ýerlerine ekin ekipdirler. Merkezi Aziýa tä Russiýa birikýänçä, Buhara hanlygynda içki we daşky uruşlar dowam edipdir. Halk köpçüligi häli-şindi feodalçylyk zuluma garşy gozgalaň edip durupdyrlar. Içerki we daşarky tükeniksiz uruşlar feodallaryň agyr ezişleri zähmetkeş halkyň tozmagyna we gedaýlaşmagyna getiripdir. Bu bolsa olaryň gozgalaňlarynyň turmagyna itergi beripdir. 1708-nji ýylda Buharada şeýle gozgalaňlaryň has güýçlileriniň biri bolup geçýär. Halk tolgunşygynyň sebäbi Ubaýdulla hanyň şowsuz geçiren "pul reformasy" bolupdyr. Bu reformanyň netijesinde teňňäniň hümmetiniň dört esse peselmegi ilkinji nobatda halk köpçüliginiň zyýan çekmegine getiripdir. Buhara hanlygyny sarsdyran iň uly gozgalaň 1821-1825-nji ýyllarda bolupdyr. Bu gozgalaň hem feodal ejişe garşy bolupdyr. Gozgalaň rehimsizlik bilen basylyp ýatyrylypdyr. 1868-nji ýylda Buhara hanlygy patyşa Russiýasy tarapyndan eýelenýär. Şertnama laýyklykda Buhara hanlygy Russiýanyň protektoratlygyny (güýçli döwletiň gowşak döwlete 117 howandarlyk etmegi) kabul edipdir. Ýurduň halk hojalygy kem- kemden umumyrus bazaryna goşulyp başlapdyr. Öňki yzagalak oba hojalygyna we hünärmentçilige kapitalistik gatnaşyklar aralaşyp ekerançylygyň haryt önümçiligi artypdyr. Aýratyn hem pagtaçylyk giňden ösüp başlapdyr. Söwda gatnaşyklary has giň ýaýbaşlanypdyr. Ýurduň durmuşynda daşarky söwda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Söwda kerwenleri Buharadan Eýrana, Hindistana, Gazagystana we Nogaý sähralyklaryna, Sibire we Kaşgara gatnapdyrlar. XVI-XIX asyrlarda Russiýa döwleti bilen söwda gatnaşyklary giňden alnyp barlypdyr. 1920-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda gyzyl goşunyň goldamagy netijesinde Buhara zähmetkeşleri emiriň häkimetini agdarýarlar. 1920-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda bolup geçen Halk wekilleriniň Bütinbuhara I gurultaýynda Buhara Halk Sowet Respublikasy yglan edilýär. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling