Türkmenistanyň Bilim ministrligi


-1825-nji ýyllardaky Buhara gozgalaňy


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet45/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   41   42   43   44   45   46   47   48   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

1821-1825-nji ýyllardaky Buhara gozgalaňy 
XIX asyryň başlarynda Özbegistanyň ähli hanlyklarynda 
zähmetkeş halkyň ýagdaýy örän agyr bolupdyr. Olar salynýan 
salgytlardan we paçlardan, hanyň dolandyryjy toparlarynyň 
eden-etdiliklerinden, 
feodallaryň 
gutarnyksyz 
özara 
uruşlaryndan zyýan çekip halys bolupdyrlar. Bu bolsa öz 


122 
gezeginde zähmetkeş halkyň öz ezijilerine garşy aç-açan 
çykyşlaryna getiripdir.
Şeýle uly hereketleriň biri 1821-nji ýylda Buhara 
hanlygynyň Miankal etrabynda başlanypdyr.Öz wagtynda 
salgydyny töläp bilmedik daýhanlar salgyt ýygnaýjylar 
tarapyndan agyr sütemlere sezewar edilipdir we olaryň hususy 
emläklerini ellerinden alypdyrlar. Daýhanlaryň arza-şikaýatlary 
hökümdarlaryň hiç biri tarapyndan diňlenilmändir. Tersine, arz 
edenler rehimsizlik bilen yzarlanypdyr we olara goçmaça agyr 
jezalar ýüklenipdir. 
Bu bolsa, olary gutarnykly tozdurupdyr. 1821-nji ýylyň 
Buhara 
gozgalaňynyň 
sebäbi 
Miankal 
etrabynyň 
ýaşaýjylaryndan Merwde gulluk etmek üçin goşuna adamlaryň 
alynmagy bolupdyr. Munuň üstesine şol bir wagtda 
Ketdekurgan hökümdary Aýazbi tarapyndan ilatdan ýene-de 
salgyt ýygnamak barada buýruk bermegi halkyň nägileligini has 
hem artdyrypdyr. Tiz wagtda gozgalaň aç-açan ýagdaýa 
geçipdir. Netijede gozgalaň has güýçlenipdir. 
Gozgalaňçylar emiriň ähli çinowniklerini urup-ýenjipdirler 
we olary kowup, Ketdekurgan, Çilek, Ýangykurgan we beýleki 
käbir iri şäherleri basyp alypdyrlar. Ketdekurgan şäherinde 
gozgalaňçylara senetçi Safar aksakalyň ýolbaşçylygynda 
şäheriň aşaky gatlaklary hem goşulypdyr. Mundan soňra 
gozgalaňçylar Samarkant şäherine süýşüpdirler. 
Gozgalaňçylaryň garşysyna emir uly goşun birikmelerini 
iberipdir we Ketdekurgany eýeläpdir. Olar gozgalaňçylardan 
rehimsizlik bilen öç alypdyrlar. Jezalandyrylanlaryň umumy 
sany ýedi ýüz adama ýetipdir. Gozgalaňçylaryň serkerdeleriniň 
biri Safar aksakal hem wepat bolupdyr. Muňa garamazdan 
gozgalaňçylaryň bir bölegine gaçyp, Ýangykurganda gizlenmek 
başardypdyr. 


123 
Emir Haýdar Ketdekurganyň alnandygy baradaky habary 
eşidip top atyjy goşuny bilen şähere gelipdir. Ýöne, şäherdäki 
ýagdaý gaty dartgynly bolupdyr. Şoňa görä hem Emir Haýdar 
şäher ilatynyň garşysyna aýgytly hereketleri edip bilmändir. 
Emir gozgalaňçylar bilen gepleşikler geçirmek üçin ruhanylaryň 
abraýly wekillerini iki gezek iberipdir. Emma bu hiç hili netije 
bermändir. Gozgalaň has giňelip, tutuş Miankal etrabyny basyp 
alypdyr. Emir Haýdar gozgalaň tuzuran halkyň garşylygyny 
ýatyryp bilmän mejbury ýagdaýda Buhara gaýdypdyr. 
1822-nji ýylda hem Emiriň goşunynyň gozgalaňçylaryň 
eýelän galasyny basyp almak ugrundaky göreşi şowsuzlyk bilen 
gutarypdyr. Gozgalaňçylar bilen hökümet goşunynyň göreşi 
gandöküşikli we dartgynly häsiýete geçipdir. Emir Miankaldaky 
gozgalaňçylaryň garşysyna alyp baran söweşi bilen birlikde 
hanlygyň demirgazyk we demirgazyk-gündogar ýerlerine çozuş 
eden Hywa hanlygynyň garşysyna hem göreşmeli bolupdyr. 
Gozgalaňçylar şol bir wagtyň özünde Kokant hanyndan we 
emiriň garşysyna durýan beýleki hökümdarlardan kömek sorap 
ýüz tutupdyrlar. Bu bolsa emir Haýdaryň ýagdaýyny has hem 
kynlaşdyrypdyr. Gozgalaňçylar birleşen güýç bilen Samarkandy 
basyp almaga synanyşypdyrlar. Emma olaryň ýaranlarynyň 
arasynda agzybirlik bolmandyr. Tersine, özara dawalar 
başlanypdyr. Netijede, gozgalaňçylar Samarkandy basyp almak 
umydyndan el çekip gabawy aýryp, hersi öz ugruna gidipdirler. 
Miankalyň gozgalaň turuzan ilaty öz taraplaryna Buhara 
hanlygynyň beýleki etraplarynyň daýhanlaryny çekmek ugrunda 
çalşypdyrlar. Olar şol maksat bilen ýurduň jümmişine süýşip 
başlapdyrlar. Emma olaryň hereketi Miankal ýerlerinde 
gabalypdyr. Netijede, gozgalaň pese gaçyp başlapdyr. Dört 
ýylyň dowamynda etrabyň hojalygy gutarnykly dargapdyr. 
1825-nji ýylyň ýazynda emir Haýdar gozgalaňçylaryň 
garşysyna goşun sürüp, olary aýgytly ýeňlişe sezewar edipdir. 


124 
Emma emiriň goşuny gaty ýadaw bolupdyr we şoňa görä 
hem ol gozgalaňçylaryň harby hereketi bes etmek we gozgalaňa 
gatnaşanlaryň günäsini geçmek baradaky talaplaryny berjaý 
etmäge mejbur bolupdyr. Şondan soňra Çilek we Ýangykurgan 
galalaryny beripdirler. Gozgalaňyň esasy hereketlendiriji güýji 
daýhanlar bolupdyr. Emma gozgalaňyň eke-täk ýolbaşçysynyň 
bolmanlygy oňa üstünlik getirmändir. 
1821-1825-nji ýyllaryň gozgalaňy Buhara hanlygynyň 
syýasy durmuşyna özüniň uly täsirini ýetiripdir. Gozgalaň 
Buhara hanlygynyň syýasy güýjini gowşadyp, onuň syýasy 
durmuşyna ullakan täsirini ýetiripdir. 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   41   42   43   44   45   46   47   48   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling