Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
Medeniýet we ylym XVI asyrda Mawerannahrda edebiýat, ylym, binagärçilik we şekillendiriş sungaty mundan beýläk-de ösüpdir. Şygryýet bu döwürde uly ösüşlere eýe bolupdyr. Hasan Buhary Nisarynyň "Muzakkir al-ahbap" (1566) we Mutribiniň "Tazkiraty Şuara" (1604-1605) atly antologiýalary muňa doly şaýatlyk edýär. Olaryň işlerinde Samarkandyň, Buharanyň, Daşkendiň we Merkezi Aziýanyň beýleki şäherlerinde ýaşap geçen ýüzlerçe edebiýat we ylym işgärleriniň atlaryny görmek bolýar. XVI asyrda hünärmentçiligiň we söwdanyň ösmegi ýazyjylaryň we şahyrlaryň sanynyň artmagyna öz täsirini ýetiripdir. Zeýniddin Wasifi özüniň memuarlarynda (ýatlamalarynda) Samarkantda geçirilen ýygnanşyklara şahyrlaryň, hünärmenleriň, täjirleriň we ýönekeý şäher ilatynyň gatnaşandygyny belleýär. XVI asyryň birinji ýarymynda özbek dilinde edebi we taryhy eserler peýda bolup başlaýar. Olaryň hatarynda ýazary näbelli bolan "Tawarih-i guzida Nusrat-name" eserini we Muhammet Salyhyň "Şeýbany-name" eserini görkezmek bolar. 125 Bu eserleriň ikisinde hem Merkezi Aziýanyň halklarynyň taryhy, etnografiýasy barada takyk, gyzykly maglumatlar berlendir. Bu döwürde ýazylan taryhy we edebi ýadygärlikleriň ýene-de biri "Baburnamadyr". Onuň ýazary Zahyritdin Baburdyr. Ol eserde Watanyndan jyda düşen adamynyň öz Watanyna bolan söýgüsi beýan edilýär. XVI asyrda ylym has uly ösüşlere eýe bolupdyr. 1593-nji ýylda Amin Ahmet Razy "Haft iklim" diýen geografiki görkeziji sözlügini düzýär. Şol döwürde Mutribi özüniň "Tazkiraty Şuara" atly dünýä kartasyny çap edipdir. Lukmançylyk ylmy hem ösüpdir. 1541-nji ýylda Muhammet Huseýin ibn al-Mireki as-Samarkandy özüniň "Lukmançylyk dermançylygy" boýunça traktatyny düzüpdir. Onuň bu işinde derman ösümliklerini taýýarlamagyň usullary, olary saklamakda gerek bolan gap-gaçlar hem-de dermanlaryň häsiýetli aýratynlyklary şekillendirilipdir. Saz sungaty hem belli bir ösüşlere eýe bolupdyr. XVI asyryň birinji ýarymynda Buharaly Mulawy Kaukaby atly sazanda saz eserlerini döredipdir. Bu döwürde hatdatlyk sungaty hem özüniň ösüşinde ýokary derejelere ýetipdir. XVI asyrda soltan Aly Meşhedi, Mir Aly Faraby, Mahmut ibn Ishak aş- Şyhaby we beýlekiler hatdatçylyk sunagtynda uly meşhurlyga eýe bolupdyrlar. Derwüş Muhammet ibn Dust Muhammet Buhary hatdatlyk sunagtynyň nazaryýeti barada eser döredipdir. XVI asyrda binagärçilik sungaty hem uly ösüşlere eýe bolupdyr. Bu döwürde öz ajaýyp binalar gurlupdyr. Olaryň içinde Samarkantda gurlan Şeýbany hanyň medresesini, Abdyrahym Sadryň medresesini we beýleki binalary görkezmek bolar. Bu döwürde Kalon Metjidi, Miri Arap medresesi, iki sany uly Abdylla han medresesi, Gögeldaş, Kalobot we medreseleri bina edilipdir. 126 XVI asyrda dini mekdepler hem ösüşe eýe bolup, olarda gurply adamlaryň çagalary okapdyrlar. Hat-da gurply maşgalalaryň öýlerinde ýörite maşgala mugallymlary hem saklanypdyr. Çagalar alty ýaşdan başlap mekdeplerde okadylyp başlanypdyr. Olar arap elipbiýni öwrenipdirler. Soňra mekdepden medreselerde okuwlaryny dowam etdirip, ol ýerde yslam dininiň esaslaryny öwrenipdirler. Aýry-aýry ugurlar mysal üçin hasabat ýöretmek, şeýle hem goşgy ýazmak we hatdatlyk sungaty medresäniň daşyndan öwredilipdir. Medreselerde dersler üç sany topara bölünip, ýagny olar başlangyç, orta we ýokary toparlardyr. Medreselerde okaýan talyplara öz toparlaryna görä talyp we azyk haklary bellenilipdir. Talyplar medreselerde sekiz ýyl okapdyr. XVII-XVIII asyrlarda talyplar takyk we tebigy ylymlarlar bilen meşgullanypdyrlar. Olar ruhylar tarapyndan yzarlanylypdyr. Bu döwürde şahyr we filosof Ýusup Garabagy, belli hukukçy alym Nasreddin Buhary, suratkeş-hatdat Muhammet Amin we beýlekiler has tapawutlanypdyrlar. XVII asyrda Merkezi Aziýa halklarynyň durmuşynyň edebiýat meýdanynda görnükli orny eýelän şahyr Babarahym Maşrapdyr. Ol öz goşgularynda agalyk ediji synplaryň eden-etdiligini, ýaranjaňlygyny berk tankytlapdyr. Halkyň içinde Mirza Abdulkadyr Bediliň (1644-1720) eserleri uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Onuň progressiw pikirleri Merkezi Aziýa halklarynda jemgyýetçilik filosofiki pikirleriň kemala gelmegine öz täsirini ýetiripdir. Bedil halkyň durmuşyny örän gowy bilipdir we öz döredijiliginde olaryň agalyk ediji topara garşy göreşini şöhlelendiripdir. XVIII asyryň ikinji ýarymynda Buharada Abdyrahman Talynyň "Abul-faýz-hanyň taryhy" we Muhammet Wafaýi Kermanigiň "Tuhfai hani" diýen taryhy eserleri ýazylypdyr. Ol eserlerde XVIII asyrda Merkezi Azyýada bolup geçen synpy 127 göreşler barada giňişleýin maglumatlar berilýär. XVIII asyrlaryň ahyrlarynda bolup geçen halk gozgalaňlary barada asyryň ahyrynda ýazylan Muhammet Şarifiniň "Tadž-at- tawarih" atly taryhy ýyl ýazgylarynda gymmatly maglumatlar berilýär. XIX asyryň birinji ýarymynyň taryhy eser bolan Muhammet Mir Alyma Buharynyň "Faht-name-i sultani" diýen golýazmasynda şol döwrüň wakalary öz beýanyny tapýar. Bu eserde salgyt reformalary, 1821-1825-nji ýyllaryň halk gozgalaňlary we 1826-njy ýylyň syýasy wakalary barada gyzykly maglumatlar berilýär. XIX asyryň birinji ýarymynda hywa hanlygynyň taryhy döredilýär. Onuň awtorlary Şirmuhammet Munis we Agehi bolupdyr. XIX asyryň başlarynda Kokantda zehinli, demokrat şahyr Mahmur ýaşapdyr we döredijilik işi bilen meşgullanypdyr. Ol özüniň satiriki eserleriniň üsti bilen halk köpçüliginiň adalatsyzlyga garşy nägileligini beýan edipdir. Başga bir progressiw pikirli ýazyjy, demokrat, ferganaly Gulhany bolupdyr. Ol özüniň satiriki gürrüňlerinde we basnýalarynda ýönekeý halkyň bähbidini gorap, agalyk ediji toparyň wekilleriniň üstünden gülüpdir. Onuň döredijiligi halk köpçüliginiň içinde uly abraýdan peýdalanypdyr. XVIII asyryň ahyrlarynda XIX asyryň başlarynda özbek poeziýasynyň görnükli wekili belli kokant şahyry Gazy bolupdyr. Ol özüniň liriki goşgularynda feodallaryň eden- etdiliklerini paş etmek bilen adama we adamzat mertebesine ýokary baha beripdir. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling