Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Birinji rus rewolýusiýasynyň Özbegistana täsiri


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet49/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   45   46   47   48   49   50   51   52   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Birinji rus rewolýusiýasynyň Özbegistana täsiri 
1905-907-nji ýyllarda bolup geçen birinji rus rewolýusiýasy 
Özbegistana hem öz täsirini ýetitipdir. Ýurduň senagat 
şäherlerinde, obalarynda patyşa Russiýasynyň alyp barýan 
syýasatyndan nägile halk köpçüligi sosial demokratik 
guramalaryň täsirinde bolmak bilen, rewolýusion hereketlere 
işeňňirlik bilen gatnaşypdyrlar. 
1907-nji ýylyň noýabr aýynda Özbegistanyň ýerlerinde hem 
rewolýusion hereketler basylyp ýatyrylýar. Patyşa hökümeti 
rewolýusion herekete gatnaşanlardan rehimsizlik bilen öç 
alypdyr. Reaksiýa ýyllarynda (1907-19010) sosial demokratik 
guramalar dargadylypdyr.
Olaryň işeňňir ýolbaşçylarynyň bir bölegi tutulypdyr, 
beýlekileri bolsa, sürgün edilipdir. 1908-nji ýylyň sentýabr 
aýynyň başlarynda Türküstan general-gubernatorynyň buýrugy 


134 
bilen ýurtda çykýan "Daşkent kurýeri", "Türküstan durmuşy", 
"Samarkant" ýaly progressiw gazetler ýapylypdyr.
Reaksiýa 
ýyllarynda şäherlerde we obalarda işçi-
daýhanlaryň ýagdaýynyň mundan beýläk-de agyrlaşmagy 
sebäpli 
synpy 
gapma-garşylyklar 
ýitileşip 
başlapdyr. 
Kärhanalaryň köpüsinde iş güni 13 sagada çenli ýetirilipdir. 
Işçilere salynýan jerimeler agyrlaşdyrylypdyr, iş haklary pese 
düşürlipdir. Rewolýusion pikirli işçileriň ýüzlerçesi işlerinden 
boşadylypdyr we gara sanawa girizilipdir. 
Pagta arassalaýjy zawodlaryň we dag-magdan senagaty 
kärhanalarynyň işçileriniň ýagdaýy has hem agyr bolupdyr.
Daýhanlaryň bergileri ýyl-ýyldan artypdyr. Reaksiýa 
ýyllarynda Türküstanda milli eziş has hem güýçlenipdir. Bu 
döwürde häkimet tarapyndan goldanylýan "Türküstan 
serkerdeleriniň soýuzy", "Rus halkynyň soýuzy" ýaly milletçi 
guramalar hereket edip başlapdyrlar.
Olaryň garşysyna esasan hem ýerli intelligensiýadan çykan 
buržuaz milletçi toparlar güýçlenip başlapdyr. Bu döwürde 
Türküstan, Buhara we Hywa žadidleri ýaly milli 
buržuaziýasynyň bähbidini goraýan toparlar hem janlanyp 
başlapdyrlar. 
Türküstanyň 
žadidleri 
ýurtda 
patyşa 
hökümetiniň 
dolandyryşyny gowulandyrmak boýunça käbir reformalary 
geçirmegi, ýerli buržuaziýanyň hukugyny rus buržuaziýasynyň 
hukugy 
bilen 
deňleşdirmegi, 
Türküstana 
Russiýadan 
daýhanlaryň göçürilip getirilmegini bes etmegi we şuňa 
meňzeşleri talap edipdirler. 
Ýerli buržuaziýa patyşa hökümetiniň öňünde bu talaplary 
goýmak bilen özlerini tutuş özbek halkynyň umumymilli 
bähbidini goraýan hökmünde görkezipdir. Žadidleriň has sagçy 
topary Russiýadan bölünip, dini mezhebi ýakyn bolan Türkiýä 
döwleti bilen ýakynlaşmagyň tarapdary bolupdyr. 


135 
Žadidler rewolýusiýadan gorkupdyrlar. Olar rewolýusion 
herekete we işçileriň iş taşlaýyşlaryna garşy bolupdyrlar. 1905-
1907-nji ýyllaryň rewolýusiýasynyň tejribesi Türküstanyň milli 
buržuaziýasynyň patyşa Russiýasy bilen ýakynlaşmagyna 
getiripdir. 
Buhara 
hem-de 
Hywa žadidleri Türküstan 
žadidlerinden käbir taraplary bilen tapawutlanypdyrlar. 
Çünki, Buharada we Hywada žadizmiň döremeginiň käbir 
başga taryhy şertleri bolupdyr. Bu ýerlerde orta asyr feodal 
ezişleri we din has güýçli bolupdyr.
1905-1907-nji ýyllaryň rewolýusiýasy Buhara žadidleriniň 
progressiw özgerişleri geçirmek ugrunda çalyşmaklaryny 
güýçlendiripdir. Şoňa görä hem, şol döwürlerde Buhara we 
Hywa žadidleriniň alyp baran işleri progressiw häsiýete eýe 
bolupdyr. Sebäbi olar emirleriň we hanlaryň eden-etdiligini 
hem-de feodal gurluşy ýok edip, ýurtda buržuaz özgerişleri 
geçirmegi maksat edinipdirler. 
Türküstanda rewolýusion pikirli işçileriň köpçülikleýin 
tutulmagy we ýurtdan sürgün edilmegi bilen, olaryň 
rewolýusion çykyşlarynyň öňüni alyp bolmandyr. 1907-nji 
ýylyň sentýabrynda Kaunçy şugundyr-gant zawodynyň işçileri, 
1908-nji ýylyň maýynda bolsa, Daşkendiň demirýolçylarynyň iş 
taşlaýyşlary bolup geçýär. 
1909-njy ýylyň aprel aýynda mis känleriniň işçileri öz hal-
ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagyny talap edip iş taşlaýarlar. 
Oba daýhanlary hem salgyt tölemekden ýüz öwrüp, yzygiderli 
çykyşlary gurap durupdyrlar. 1912-nji ýylyň tomsunda goşunda 
hem rewolýusion hereketler güýçlenipdir. 
Daşkent, Termez, Samarkant harby rewolýusion guramalary 
özleriniň gizlin hereketlerini has güýçlendirip başlapdyrlar. Bu 
guramalar esgerleriň arasynda rewolýusion edebiýatlary 
ýaýradypdyrlar. Olar ýaragly gozgalaňa çagyrýan syýasy 
gürrüňdeşligi geçiripdirler. 


136 
1912-nji ýylyň birinji iýulynda Daşkent şäherinde başlanan 
sapýorlaryň (harby gurluşyk bölümleriniň harby gullukçylary) 
gozgalaňy diňe bir Türküstanda däl-de, eýsem bütin ýurtda uly 
waka bolupdyr. Sapýorlar ýaraga ýapyşypdyrlar. Gozgalaň 
turuzan sapýorlaryň sany 300 adamdan ybarat bolupdyr. Emma 
olar takyk meýilnamasynyň, tejribeli ýolbaşçylarynyň 
bolmandygy sebäpli, guramaçylyksyz hereket edipdirler.
Deň bolmadyk göreş 2-nji iýulyň daňdanyna çenli dowam 
edipdir. Ahyrda gozgalaň basylyp ýatyrylypdyr. Patyşa 
häkimiýeiti gozgalaň turuzan esgerlerden gazaply öç alypdyr. 
14 adama ölüm jezasy berilipdir. 18-si ömürlik sürgüne, 62-si 
bolsa on bäş ýyl sürgüne, galanlary bolsa dürli möhletler bilen 
sürgüne höküm edilipdir. Sapýorlaryň gozgalaňy basylyp 
ýatyrylan hem bolsa, ýerlerde gozgalaňlaryň wagtal-wagtal 
bolup durmagy dowam edipdir. 1914-nji ýylda Türküstanda 
rewolýusion tolgunyşyklar täzeden başlanypdyr. 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   45   46   47   48   49   50   51   52   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling