Türkmenistanyň Bilim ministrligi
-njy ýylyň halk gozgalaňy
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
1916-njy ýylyň halk gozgalaňy
Birinji jahan urşy patyşa Russiýasynyň urşa taýýarlyksyzdygyny we tehniki-ykdysady taýdan yzagalakdygyny ýene-de bir gezek subut etdi. Uruş ýurduň ykdysadyýetini doly çökerdi.Ýurduň milli girdejisi 1914-1915- 142 nji ýyllarda 15,8 mlrd. manat bolanlygyndan 1916-1917-nji ýyllarda 12,2mlrd. manada çenli pese gaçdy. Harby çykdajylar bolsa 4,3 mlrd. manatdan 7,1 mlrd. manada çenli baryp ýetipdir. Bu bolsa, milli girdejiniň ýarysyndan gowragyny öz içine alypdyr. Uruş patyşa Russiýasynyň koloniýalaryny talamagyny güýçlendiripdir. Salynýan salgytlaryň möçberi ýokarlanypdyr. Türküstan ülkesinde 1914-nji ýylda ýere salynýan salgyt 6859021 manat bolan bolsa, 1916-njy ýylda ol iki esse köpelip, 14 mln 311 müň 771 manada baryp ýetipdir. Merkezi Russiýanyň senagatynyň we oba hojalygynyň pese gaçmagy Türküstanda kolonial ezişiň has hem güýçlenmegine getiripdir. Türküstandan ähli azyk, ýangyç, pagta ýagy, sabyn, et, gök önüm, çakyr we şuňa meňzeşler äkidilipdir. Olardan başga-da iş mallary, keçeler, göçme gara öýleri we şuňa meňzeşler hem äkidilipdir. Olar örän arzan bahadan alnypdyr. Russiýadan Türküstana getirilýän bugdaýyň we senagat önümleriniň möçberi yzygiderli azalypdyr. Bu bolsa, azyk önümleriniň we senagat harytlarynyň nyrhlarynyň çalt ösmegine getiripdir. Bularyň hemmesi zähmetkeş halkyň tozdurypdyr we gedaýlaşdyrypdyr. 1916-njy ýylyň 25-nji iýunynda Russiýasynyň patyşasy Nikolaý II-niň 19 ýaşdan 43 ýaşa çenli bolan ýerli erkek adamlary päleçilige (urşa çekmek) almak baradaky çykaran karary zähmetkeş halkda uly nägilelik döredipdir. Netijede, 1916-njy ýylyň 4-nji iýulynda Türküstanda hem halk tolgunşyklary we gozgalaňlary başlanypdyr. Şeýle gozgalaň Samarkant welaýatynyň Hojant şäherinde başlanýar. 5-nji iýulda Samarkant uýezdiniň Urgut obasynda nägile daýhanlaryň iki müňüsi dolandyryjy wolostlygyna ýygnanyp, urşa iberiljek adamlaryň sanawyny bermekligi talap edipdirler. Olar dolandyryjylaryň üstüne çozup, sanawy alyp ýok 143 edipdirler. Şeýle topalaňlar şol günüň özünde Samarkant uýezdiniň Siab, Mahalla, Hoja-Ahrar we Angar wolostlarynda hem bolup geçipdir. 7-nji iýulda Samarkant uýezdiniň Dagbit wolostynyň Dagbit obasynda halk köpçüliginiň uly çykyşy bolup geçýär. Bu gozgalaňa Molla Osman Abdurasulow ýolbaşçylyk edipdir. Gozgalaňçylar wolosty dolandyryjylardan urşa çagyrlanlaryň sanawyny bermeklerini talap edipdirler.Netijede ,urşa çagyrylanlaryň ählisiniň diýen ýaly diňe garyplardan düzülenliginiň üsti açylýar.Gozgalaň basylyp ýatyrylýar we 30 adam tussag edilýär. Şeýle gozgalaňlar 11 iýulda Samarkant , Daşkent şäherlerinde we beýleki ýerlerde bolup geçýär. Daşkent uýezdiniň oba ilaty hem ýerli häkimiýete boýun bolman olaryň garşysyna çykyş edip başlapdyrlar. Ýaňgybazar, Toýtube, Hanabat we Pskent obalarynda daýhanlar bilen patyşa goşunynyň we polsiýasynyň arasynda ganly çaknyşyklar bolup geçýär. 12-13-nji iýulda Samarkant welaýatynyň Jyzak uýezdinde halk köpçüliginiň uly çykyşy başlanýar. Gozgalaňçylar bu ýerde uýezdi dolandyryjylaryň binasyna çozup, ol binany ýumrupdyrlar .Uýezd merkezleri Jyzakda, Sanzarda, Zaaminede we beýleki ýerlerde gozgalaňlaryň gyzan mahaly olara ýerli baý-feodallar goşulyp, Russiýanyň garşysyna gazawat urşuny yglan edipdirler. Emma gozgalaňyň gidişinde Jyzak uýezdiniň gozgalaňçylarynyň ýolbaşçylary halk köpçüliginiň bahbidi barada az alada edipdirler. Olar Russiýa gowşar we häkimiýet başyna özümiz geleris öýdüp pikir edipdirler. Haçanda öz maksatlarynyň başa barmajagyny bilenlerinden soňra, olar gozgalaňçylara dönüklik edýärler. Jyzagyň hany diýlip yglan edilen ýerli baýlaryň baş serdary Abdyrahnam Abdujabbarow öz goşuny bilen söweşsiz boýun 144 egýär.Gazawat urşunyň ruhlandyryjysy işan Nazyr-Hoja Abdusalamow Garaguma gaçýar we ol ýerde tutulýar. Ketdekurganda gazawat urşunyň käbir serdarlary ikirjiňlenip, gozgalaňçylary urşy bes etmeklige yrmaklygy başarypdyrlar. 1916-njy ýylyň 8-18-iýulynda Fergana welaýatynda milli azat edijilik hereketi has giň gerime eýe bolupdyr. Gozgalaňçylar oba we wolost adminstrasiýasynyň 34 wekilini öldüripdirler. Köpüsini bolsa ýaralapdyrlar. 1916-njy ýylyň 17- nji iýulynda Türküstan harby ýagdaýda diýlip yglan edilýär. Ýurtda harby-meýdan düzgüni girizilýär. Ol düzgün tä 1917-nji ýylyň fewral rewolýusiýasyna çenli dowam edipdir. Gozgalaň baslyp ýatyrlypdyr we olardan rehimsizlik bilen öç alypdyrlar. Emma jeza beriji otrýad hem, köpçülikleýin tutha-tutluk hem halk gazabynyň oduny öçürip bilmändir. 1916- njy ýylyň 17-30-njy iýulynda halk çykyşynyň tolkuny başlanyp, ol Daşkent, Samarkant, Hojant uýezdleriniň oba ýerlerini öz içine alypdyr. 1916-njy ýylyň gozgalaňy ýeňilýär. Gozgalaňyň ýeňilmeginiň esasy sebäpleri birinjiden, gozgalaň özakymlaýyn häsiýete eýe bolupdyr, ikinjiden, gozgalaňçylaryň arasynda agzybirlik bolmandyr. Bu gozgalaň özüniň häsiýeti boýunça milli-azat edijilik halk hereketi bolupdyr.Ol patyşa Russiýasyna we imperialistik urşa garşy gönýkdirilipdir. Gozgalaň başlananda baknaçylyga, imperializme garşy gönükdirilen hem bolsa, gozgalaňyň gidişinde ol feodalizme garşy hem gönükdirilipdi. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling