Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
Medeniýet we ylym
XIX asyryň ahyrlarynda XX asyryň başlarynda Özbegistanda bilim ösüpdir. XIX asyryň ahyrlarynda ýerli ilat başlangyç bilimi mekdeplerde, ýokary we orta bilimi medreselerde alypdyrlar. Olarda dersleri ymamlar ýa-da metjidiň beýleki gullukçylary beripdirler. Mekdeplerde okatmaklyk ýönekeý dini bilim bermeklik bilen çäklendirilipdir. 145 Ýagny Gurhanyň arapça tekstini-ýazgylaryny okamak we musulmanyň esasy borçlaryny bilmek bolupdyr. Şäher mekdeplerinde dini okuwlardan başga-da umumy bilimiň ýönekeý esaslary hem öwredilipdir.Okuwçylar hat ýazmaklygy we hasaplamaklygy öwrenipdirler, belli şahyrlaryň eserlerini okapdyrlar. Bu hili mekdeplerde gurply ene-atalaryň çagalary okapdyrlar.Okuwlaryny gutaryp olar alan bilimlerini söwdada, hünärmentçilik ussahanalarynda ulanypdyrlar. Käbirleri bolsa, ussat hatdatlar bolup ýetişipdirler. Beýleki birleri bolsa, medereselere giripdirler. Medrese ýokary musulman mekdebi bolup, onda talyplar dini filosofiýany, musulman hukuklaryny, arap grammatikasyny we beýlekileri öwrenipdirler.Medresäni gutaranlar ders okatmaga hukuk alypdyrlar. Mekdeplerde we medreselerde diňe oglanlar okadylypdyr. Şäherlerde käbir başlangyç dini bilimleri gyzlara hem öwredipdirler. Mekdeplerde we medreselerde özbek, arap, parsy-täjik dillerinde okadylypdyr.Merkezi Aziýanyň Russiýa birikdirilmegi bilen mekdeplerde we medreselerde käbir özgerişlikler geçirilýär.Musulman mekdepleri üçin ýörite çap edilen okuw kitaplary peýda bolýar. Kazandan Gurhanyň çap edilen görnüşi, Hindistandan we Eýrandan şahyrlaryň litografik (basma) ýygyndylary getirilipdir. Mekdepler üçin litografiki okuw kitaplaryny çykarmak Daşkentde hem guralypdyr.Patyşa hökümeti musulman mekdeplerindäki okuwlaryň alnyp barlyşyna goşulmandyr. XX asyryň başlaryndan başlap, medreselerde rus dili sapaklaryny girizmek barada haýyşlar gelip başlapdyr.Şoňa görä hem 1913- 1917-nji ýyllarda käbir medreselerde rus dili sapaklary girizilipdir.XIX asyryň 90-njy ýyllaryndan başlap täze usullar boýunça okadylýan mekdepler hem peýda bolup başlapdyr. Şeýle mekdepler ilkinji gezek Fergana jülgesinde peýda 146 bolupdyr. Täze usulda okadylýan mekdepler öz öňlerinde şu aşakdaky wezipeleri goýupdyrlar: birinjiden, ýaş nesle iş- durmuş tejribesinde zerur bolýan bilimleri bermekden; ikinjiden, okatmaklygyň häzirkizaman usullaryny peýdalanmakdan ybarat bolupdyr. Bu mekdeplerde orta asyr eýýamyndaky ýaly okuwçylar aýry-aýrylykda okadylman, eýsem okuwçylaryň toplanan görnüşi bolan synplarda (klaslarda) okadylypdyr. Klaslarda geografiýa kartalary, globuslar we beýleki görkezme esbaplary peýdalanylypdyr. Öňki okuwçylar ýerde oturyp okan bolsalar, indiki okuwçylar partalarda oturypdyrlar. Okuwçylara her dersiň arasynda arakesme berlipdir. Okuwçylara ten jezasyny bermek gadagan edilipdir. Emma bulara garamazdan täze mekdeplerde berilýän bilim hem doly öz maksadyna ýetmändir. Okatmaklyk döwri dört ýyldan aňry geçmändir. Mekdepleriň sany az bolupdyr ýa-da ýeterlik bolmandyr. Diňe Daşkent, Kokant we Samarkant şäherleriniň her birinde täze usul boýunça okadylýan mekdepleriň biri bolupdyr. Olarda hem okuwyň möhleti alty ýa-da ýedi ýyl bolupdyr. Bu mekdeplerde ýeke-täk ylmy ders arifmetika bolupdyr. Patyşa hökümeti täze usulda okadylýan mekdeplere rus diliniň girizilmegine garşy bolupdyrlar. Sebäbi, ol mekdepler rus- tuzem mekdepleri bilen bäsleşipdirler. Rus-tuzem mekdeplerinde okuwçylar okuw döwrüniň ýarsynda rus mugallymlary bilen rus dilini, arifmetikany we az mukdarda dünýäni öwreniş derslerini öwrenen bolsalar, beýleki böleginde köne musulman mekdebinde öwrenilýän dersleri öwrenipdirler. Rus-tuzem mekdeplerinde diňe oglanlar okadylypdyr. Gyzlary ene-atalary bu mekdebe bermändirler. 1903-nji ýylda Türküstanyň pedagogika gurnagy Daşkentde rus-tuzem aýallar 147 mekdebini açypdyr. Emma ol bary-ýogy iki ýyldan soň ýapylypdyr. Rus diline bolan isleg gitdigi saýyn artypdyr. Ulular üçin rus dilini öwredýän kurslar gurnalypdyr. 1909- 1911-nji ýyllarda diňe Daşkentde şeýle kurslarda ýylda 150 adam okadylypdyr. Türküstanda ýerli ilata garanyňda rus ilatyna mekdep bilimi has oňat berlipdir. Türküstanda ilkinji rus mekdebi 1866-njy ýylda Daşkentde açylypdyr. Ondan iki-üç ýyl geçenden soňra beýleki şäherlerde hem açylypdyr. Rus mekdeplerinde ýerli milletleriň çagalarynyň uly bolmadyk sany okapdyr.1876-njy ýylda Daşkentde erkekler we aýallar gimnaziýasy, 1894-nji ýylda bolsa, uçilişe açylýar. Bu okuw jaýlary döwlet tarapyndan maliýeleşdirilipdir. 1879-njy ýylda Daşkentde Türküstan mugallymlar seminary açylyp, onda okuwçylaryň ene dilini bilýän başlangyç klaslaryny okatmaklyk üçin ýörite mugallymlar taýýarlanylypdyr. Mekdepleriň ulgamy gitdigiçe giňelipdir. 1905-1916-njy ýylllarda orta mekdepleriň ulgamy iki esseden gowrak köpelipdir. Olar ähli uýezd merkezlerinde diýen ýaly bolupdyr. Merkezi Aziýanyň Russiýa birikdirilmegi netijesinde, XIX asyryň ahyrlarynda XX asyryň başlarynda syýasy, ykdysady, sosial özgertmeler bolup geçýär. Bu bolsa, edebiýatda we jemgyýetçilik aňynda progressiw taglymatlaryň ösmegine amatly şertleri döredipdir. XIX asyryň ahyrlarynda XX asyryň başlarynda Donişiň, Furkatyň, Mukymyň we beýlekileriň işlerinde halk köpçüliginiň bähbidini goraýan taglymatlar peýda bolup başlaýar. XIX asyryň ahyrlarynda Özbegistanda progressiw taglymatyň wekili hökmünde Ahmet Doniş (1827-1897) belli ýazyjy we akyldar hökmünde öňe çykýar. Ol Buharada ýaşapdyr we zähmet çekipdir. Ol öz ýurdunyň yza galmagynyň sebäplerini, ýurtda emiriň alyp barýan adalatsyz, jenaýatçylykly syýasatynda görüpdir. Ol öz eserlerinde zähmetkeş halkyň we ylmyň hem-de medeniýetiň 148 wekilleriniň agyr durmuşyny beýan edipdir. Ol Buhara hanlygynda reforma geçirmegiň taslamasyny düzüpdir. Ilkinji nobatda adalatly döwlet gurluşyny berkarar etmegi, ekerançylygy ösdürmegi, suwaryş desgalaryny giňeltmegi we kämilleşdirmegi, peýdaly ýerasty baýlyklary öwrenmegi hem-de peýdalanmagy öňe sürüpdir. Ahmet Doniş magaryfy progressiw ösüşiň esasy hasaplapdyr. Zakirjan Halmuhammedowyň (Furkat), (1858- 1909) hem Ahmet Doniş ýaly XIX asyryň ahyrlarynda XX asyryň başlarynda Özbegistanda progressiw pikirleriň ösmeginde bitiren hyzmatlary uludyr. Furkatyň goşgularynda feodal yza galaklyk berk tankyt edilip, beýleki halklaryň medeniýeti bilen ýakynlaşmak syýasaty öňe sürülipdir. Ol Nowaýynyň we Puşkiniň taglymatlaryny öz eserlerinde ýarag edinipdir. XX asyryň başlarynda Özbegistanda progressiw pikiriň we edebiýatyň ösmeginde Hamza Hekim- zade Nyýazy uly rol oýnapdyr. Ol 1889-njy ýylda Kokantda tebip maşgalasynda eneden dogulýar. 1910-njy ýylda mugallymçylyk edip başlapdyr. Hamza Kokantda mekdep açyp, onda bilim bermekligi guramak bilen birlikde edebi eserleri çykarmaklygy hem giňden alyp barypdyr. Hamzanyň eserlerinde rewolýusion pikirler giňden öňe sürlüpdir.Sowet häkimetiniň ýeňmegi bilen Hamza Hekim-zade Nyýazy halk köpçüliginiň bähbidi ugrunda yzygiderli göreş alyp barypdyr. Merkezi Aziýanyň Russiýa birikdirilmegi ol ýerde ylmyň ösmegine hem zerur şertleri döredipdir. Merkezi Aziýany öwrenmekde rus alymlarynyň bitiren hyzmatlary uludyr. Merkezi Aziýanyň fizika-geografiýasyny öwrenmekde belli rus zoology, geografiýaçysy hem-de syýahatçysy N.A. Sewersew (1827-1886) Pamir daglaryny öwrenmekde, Týan-Şan daglaryny öwrenmekde bolsa belli rus geografiýaçysy P.P. Semýonow-Týan-Şanskiý (1827-1914), Türküstanyň tebigatyny 149 öwrenmekde rus syýahatçysy A. P. Fedçenko (1844-1873) uly hyzmatlary bitiripdirler. Ylym adamlaryna kömek bermek maksady bilen 1870-nji ýylda Daşkentde Türküstan kitaphanasy açylýar. Kitaphana açylan mahaly onda bary-ýogy 1700 tom bolan bolsa, 1917-nji ýylda 80.000 müň tom kitap bolupdyr. Özbegistanyň taryhyny we arheologiýasyny öwrenmeklik bilen birlikde etnografiýasyny hem giňden öwrenipdirler. Bu ugurda Gündogary öwreniji alymlar W.W.Bartoldyň, N.I. Weselowskiýniň, W.W. Radlowyň, A.N. Samoýlowiçiň işleri uly ähmiýete eýedir. XIX asyryň ahyrlarynda XX asyryň başlarynda Özbegistanda üç sany binagärlik mekdepleri, ýagny Buhara, Horezm we Fergana binagärçilik mekdepleri gutarnykly kemala gelýär. Bu mekdeplerde özbek halk binagärçiliginiň dürli ugurlary we olaryň syrlary öwredilipdir. Bu döwre degişli ýadygärlikleriň içinde Buharada ýerleşýän Sitorai Mohi Hosa atly köşk ýadygärlikler toplumyny bellemek bolar. XIX asyryň ikinji ýarymyndan başlap Özbegistanyň binagärçilik sunagtynda rus sunagtynyň täsiri ýiti duýlup başlanypdyr. Öz gezeginde rus binagärçilik sungaty hem özüne geçiripdir. Özbegistanyň Russiýa birikdirilmegi bilen köne şäherleriň töwereginde täze şäherler peýda bolup başlapdyr. Olar giň we göni köçeleri, özboluşly bezegleri bilen tapawutlanypdyrlar. Adaty ýaşaýyş öýleriden we ybadathanalardan başga-da, söwda merkezleri, demir ýol wokzallary, banklar, dürli döwlet edaralary peýda bolupdyr. Merkezi Aziýanyň Russiýa birikdirilmegi bilen Özbegistanda rus saz sungaty peýda bolýar. Ol öz gezeginde wagtyň geçmegi bilen özbek sazyna öz täsirini ýetiripdir. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling