Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Buhara we Hywa hanlyklarynda halk köpçüliginiň ýagdaýy


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet50/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   46   47   48   49   50   51   52   53   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Buhara we Hywa hanlyklarynda halk köpçüliginiň ýagdaýy 
1873-nji ýylyň 18-nji sentýabryndaky Russiýa bilen 
Buharanyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda Buhara öz 
garaşsyzlygyny gutarnykly ýitiripdi. Buhara emiri özüniň 
syýasy özbaşdaklygyny ýitiren hem bolsa, öz raýatlarynyň 
üstünden çäklendirilmedik häkimiýetini saklap galypdyr.
1885-nji ýylda emiriň we onuň hökümetiniň üstünden 
gözegçilik 
etmek 
maksady 
bilen 
Buharada 
"Rus 
imperatorlygynyň" syýasy agentligi döredilýär. Bu agentlik 
patyşa Russiýasynyň resmi wekilýeti bolup, onuň üsti bilen 
goňşy Türküstan we Buhara emirligi bilen gatnaşyklar ýola 
goýulypdyr. 
Mundan başga-da, syýasy agent rus-owgan serhediniň 
ýagdaýyna gözegçilik etmäge hem borçly bolupdyr. 


137 
XIX asyryň ahyrlarynda Buhara emirligi 28 sany 
welaýatdan ybarat bolupdyr. Buhara şäheriniň aýratyn 
adminstratiw-dolandyryş statusy bolup, ol birinji ministriň 
(Kuşbegi) garamagynda bolupdyr. Her bir welaýatyň başynda 
begler durup, olary emir belläpdir. Buhara feodal döwletiniň 
esasy wezipesi emirigiň we onuň çinownikleriniň peýdasyna 
köp mukdarda salgyt ýygnamak bolupdyr. 
Hanlykda salgytlaryň iki esasy görnüşleri bolupdyr: heraç 
(ýaragdan alynýan salgyt) we zekat (mallardan we söwdadan 
alynýan salgytlar). Emma olardan başga-da, hiç kim tarapyndan 
hasaba alynmadyk we çäklendirilmedik salgytlaryň köp 
ýygymlary hem dowam edipdir. Salgyt ýygnamaklyk köplenç 
ýagdaýlarda aç-açan talamak, gödek zorluklar we gorkuzmak 
ýagdaýna geçipdir. 
Buharanyň syýasy we jemgyýetçilik durmuşynda musulman 
ruhanylary uly rol oýnapdyrlar. Ýokary suduň başynda ruhany 
durupdyr. Ruhanylar wakuf ýerlerinden gelýän girdejilerden 
hem-de dindarlaryň haýyr-sahawatyndan peýdalanypdyrlar.
Feodal gatlagyň, we diniň ýokary gatlagynyň wekilleri hem-
de iri ýer eýeleri ilatyň esasy bölegi bolan daýhanlary 
rehimsizlik bilen ezipdirler. Şol döwürde hanlyň ilatynyň 85%-
ni daýhanlar düzüpdirler. Daýhanlaryň uly bölegi oturymly 
ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar. Daýhanlaryň öz ýerleri 
bolmandygy sebäpli döwlet, wakuf we mülk ýerlerini 
kärendesine alypdyrlar. Netijede, olaryň öndüren önümleriniň 
agramly bölegi çinownikleriň we ruhanylaryň peýdasyna 
berlipdir. 
Şäher ilatynyň esasy bölegini hünärmenler we söwdagärler 
tutupdyrlar. Hünärmenler we ownuk söwdagärler hem ýokary 
salgyt tölemäge mejbur edilipdir. Buhara emirliginiň patyşa 
Russiýasynyň protektoratyna öwrülmegi ýurtda agyr kolonial 
ezlişlere getiren hem bolsa, emirligiň sosial-ykdysady we 


138 
syýasy ösüşinde käbir progressiw netijeleri beripdir. Emirlikde 
gulçulyk we gul söwdasy ýatyrylypdyr.
Buharada hayrt-pul gatnaşyklary ilkinji nobatda pagtaçylyk 
pudagynda ösüpdir. Munuň beýle bolmagynda Merkezi Aziýa 
demir ýol gurluşygy hem belli bir derejede täsir edipdir. Şonuň 
netijesinde Buhara bilen Russiýanyň arasynda ykdysady 
gatnaşyklar güýçlenipdir. 
1865-nji ýylda olaryň haryt dolanyşygy 5,2 mln. manat 
bolanlygyndan 1913-nji ýylda 66,6 mln. manada ýetipdir. 
Buhara rus kapitaly giňden aralaşypdyr. Ol ýerde birnäçe rus 
banklarynyň bölümleri ulag we ätiýaçlandyryş edaralary we 
beylekiler peýda bolupdyr. 
1914-nji ýylda ýurtda uly bolmadyk 60 sany senagat 
kärhanalary hasaba alnypdyr. Buharada jemgyýetiň täze 
synplary bolan milli buržuaziýa we ýerli milli işçiler synpy 
kemala gelipdir. Emma bulara garamazdan Buhara öňküsi ýaly 
feodal gurluşly döwlet bolmagynda galypdyr. Buhara 
buržuaziýasy rus buržuaziýasy bilen deňeşdireniňde örän 
gowşak bolupdyr. Şoňa görä-de Buhara işçileri hem gowşak 
bolupdyr. 
XIX asyryň ahyrlarynda XX asyryň başlarynda Buhara 
emirliginde halk köpçüliginiň ýagdaýy erbetleşipdir. Zähmetkeş 
halka salynýan yzygiderli salgytlar, çinownikler tarapyndan 
mejbur edilyän tölegsiz zähmetleri we şuňa meňzeşler olaryň 
tozmagyna getiripdir. Netijede, 1871-nji ýylyň mart aýynda 
Güzaryň eteklerinde, şol ýylyň özünde Garşyda ilatyň 
garyplaşan toparynyň gozgalaňlary bolup geçýär. 
1885-1886-njy ýyllarda Şirabat daýhanlary agyr salgytlaryň 
salynmagyna garşy çykyş edýärler. XX asyryň başlarynda 
Buhara emirliginde daýhanlar hereketi mundan beýläk hem 
dowam edipdir. 1905-1907-nji ýyllarda Russiýa we goňşy 
Türküstanda bolup geçen rewolýusiýanyň täsiri astynda Gissar, 


139 
Kulýap, Baljuwan we beýleki begliklerde daýhanlar 
tolkunşyklary bolup geçýär. Daýhanlar hereketi soňky ýyllarda 
hem dowam edipdir.
1873-nji ýylyň 12-nji awgustyndaky şertnama laýyklykda 
Hywa hanlygy özbaşdak daşary syýasat ýöretmekden mahrum 
edilýär. Hanlyk bilen aragatnaşyklar etmek we onuň işine 
gözegçiligi ýola goýmak üçin ýedi adamdan ybarat maslahat 
(sowet) döredilýär. Olaryň dördüsi patyşa adminstrasiýasynyň, 
üçüsi bolsa, Hywa hanlygynyň (han, diwanbeg we mehter) 
wekilleri bolupdyr. Maslahatyň has wajyp kararlary Türküstan 
general-gubernatorlygy tarapyndan tassyklanmaly bolupdyr. 
Şol bir wagtyň özünde ol maslahatyň agzalaryny hem 
belläp we aýryp bilipdir. Amyderýa bölüminiň Türküstana 
birikdirilmegi bilen maslahat ýatyrylypdyr. Netijede, 
Russiýanyň Hywa hanlygyndaky diplomatik wekili bolsa, şol 
bir wagatayň özünde Amyderýa bölüminiň hem başlygy 
bolupdyr. Ol bir wagtyň özünde ýurduň dolandyrylyşyna we 
hanyň iş hereketlerine hem gözegçiligi ýerine ýetiripdir. 
Hywa hanlygynyň jemgyýetçilik syýasy gurluşy 1873-nji 
ýyldan soň hem kän bir üýtgemändir. Hywa hanlygy feodal 
monarhiýasy görnüşinde dolandyrylyp, onuň başynda han 
durupdyr. Hanyň elinde çäklendirilmedik adminstratiw kazyýet 
we harby häkimiýet jemlenipdir. Hywanyň dolandyryjy topary 
ýurduň döwlet gurluşynda we jemgyýetçilik durmuşynda köne 
tertip-düzgünleriniň saklanylmagynyň tarapdary bolupdyr. 
Emma 
Hywa 
hanlygynyň 
üstünden 
Russiýanyň 
protektorlygynyň berkarar edilmeginiň belli bir derejede 
progressiw ähmiýeti hem bolupdyr. Ýurtda dowam edýän 
feodallaryň tozduryjylykly uruşlarynyň soňuna çykylypdyr we 
gulçulyk ýatyrylypdyr. 
Russiýa bilen ýakyn ykdysady gatnaşyklaryň ýola 
goýulmagy Hywa hanlygynyň ykdysadyýetine hem kapitalistik 


140 
gatnaşyklaryň aralaşmagyna getiripdir. Bu bolsa, öz gezeginde 
oba hojalyk önümleriniň, hususan-da, pagtaçylygyň ösmegine 
we kapitalistik senagat kärhanalarynyň peýda bolmagyna 
getiripdir. Senagat kärhanalarynyň peýda bolmagy bolsa
Hywada işçiler toparynyň kemala gelmegine getiripdir. 
Hywa hanlygy ýigrimi sany begliklere we welaýatlara 
bölünipdir. Olaryň her biriniň başynda han tarapyndan 
bellenilen han ýa-da häkim durupdyr.Olardan başga-da iki sany 
has ownuk welaýat (naib) bolup, olaryň başynda naiblar 
durupdyrlar. Hywa şäheri we onuň etekleri hanyň garamagynda 
bolupdyr. Ähli wezipeli adamlaryň girdeji çeşmeleri bolsa 
ýerler, zähmetkeş halkdan alynýan salgytlar bolupdyr. 
Hywa hanlygy agrar ýurt bolup, onuň ykdysadyýetiniň 
esasyny emeli suwaryşly oba hojalygy düzüpdir. Ilatyň 90%-
den gowragy ekerançylyk bilen meşgullanypdyr. Hywa 
hanlygynda däneli ösümlikler, pagta ösdürilip ýetişdirilipdir. 
Bagbançylyga we üzümdarçylyga hem uly ähmiýet berlipdir. 
XIX asyryň ahyrlarynda we XX asyryň başlarynda hanlygyň 
hojalygynda pagtanyň tutýan orny has ösüpdir. 
Ýeriň ägirt uly bölegi feodal ýokary gatlagyň elinde 
jemlenipdir. Olaryň ýerlerini bolsa ýersiz we az ýerli daýhanlar 
kärendesine işläp bejeripdirler. Daýhanlar salgytlaryň birnäçe 
görnüşlerini tölemäge borçly edilipdir. Hanlykda 25-e golaý 
salgydyň görnüşi bolupdyr. Mysal üçin daýhanlar ýer 
salgydyny, mala salynýan salgyt, döwlet ýerlerinde işleýänler 
üçin, öri meýdanlary peýdalanýandygy üçin we şuňa meňzeş 
salgytlary töläpdirler. 
Bulardan başga-da daýhanlar suwaryş ulgamlarynda, 
ýollarda yzygiderli mugt bejejeriş işlerini geçirmäge borçly 
edilipdir.Salgytlaryň agramly bölegi zähmetkeş halkyň başyna 
düşüpdir. Wezipeli adamlar we ruhanylar salgydyň ähli 
görnüşinden boşadylypdyr. XIX asyryň ahyrlarynda Hywa 


141 
hanlygynda çig maly, esasan hem pagtany işläp bejerýän 
senagat kärhanalary kemala gelipdir we ösüpdir. 
Şeýle kärhanalar Hywada, Kungratda, Täze Ürgençde, 
Hazaraspda gurlupdyr. XX asyryň başlarynda Hywa 
hanlygynda senagat kärhanalarynyň sany köpelipdir. Egerde 
XIX asyryň ahyrynda dokuz sany pagta arassalaýan zawod 
bolan bolsa, 1917-nji ýylda olar otuz alta ýetipdir.
Zawodlarda işleýän işçileriň ýagdaýy örän gözgyny 
bolupdyr.Olar telekeçiler tarapyndan agyr ýagdaýda ezilipdir 
we iň ýönekeý adam hukugyndan mahrum edilipdir. Demir 
ýollaryň çekilmegi, şeýle hem Aral deňzi we Amyderýa 
boýunça deňiz we derýa gämiçiliginiň döremegi rus-hywa 
söwda gatnaşyklarynyň ösmeginde uly rol oýnapdyr.
Eger-de 
Russiýanyň 
Hywany 
basyp 
almazynyň 
öňüsyrasynda Hywadan 20.000 manatlyk pagta äkidilen bolsa, 
1915-1916-njy ýyllarda 15 mln. manatlyk pagta äkidilipdir. 
Hywa hanlygyndan Russiýa garaköli bagana, balyk, tüwi, ýag, 
ýüpek, doňuz eti, ýüň, deri önümleri, kakadylan gök önümler 
we şuňa meňzeşler äkidilipdir. Russiýadan bolsa, dürli senagat 
önümleri, bugdaý, gant getirilipdir. 
Şeýlelik bilen, XIX asyryň ahyrlarynda XX asyryň 
başlarynda Hywa hanlygy rus basypalyjylarynyň çig mal 
çeşmesine we girde jili söwda bazaryna öwrülýär. Hywa 
hanlygyndaky zähmetkeş halkyň iki taraplaýyn, ýagny ýerli 
han-begleriň we patyşa kolonizatorlarynyň ezilişine sezewar 
bolmagy olaryň rewolýusion işeňňirligini artdyrypdyr. 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   46   47   48   49   50   51   52   53   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling